Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/07 sah. 3
  • Adamy diňlemäge nädip höweslendirmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamy diňlemäge nädip höweslendirmeli?
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Geçmişden sapak. Lidiýa
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Beýik mugallymyň göreldesine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Eşidişiňize üns beriň»
    Wagyz mekdebi
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 4/07 sah. 3

Adamy diňlemäge nädip höweslendirmeli?

1 Filipi şäherinde «gyrmyzy geýim söwdagäri bolan... Lidiýa atly bir aýal bizi diňledi; Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy» (Res. iş. 16:14). Bu waka bize nämäni öwredýär? Eger adam diňlese, bu onuň hakykat bilen tanyşmagynyň ilkinji ädimidir. Patyşalyk baradaky hoş habary ýetirmek üçin, ilki bilen, öý eýesini diňlemäge höweslendirmeli. Ol diňlese, hoş habary gürrüň bermek aňsat bolar. Adamy diňlemäge höweslendirmek örän kyn bolmagy mümkin. Onda näme etmeli?

2 Wagyz gullugyna gitmezimizden öň, daşky görnüşimize we gullukda ulanjak enjamlarymyza üns bermeli. Näme üçin? Adatça, adamyň daşky görnüşi edep düzgüne gabat gelse, ony diňleýärler. Biz ýaraşykly, ýöne şol bir sanda salykatly geýinýärismi? Häzirki dünýäde sölite geýinmeklik giňden ýaýrasa-da, biz Hudaýyň Patyşalygynyň wekilleri hökmünde şeýle adamlara eýermeli däl. Arassa we päkize geýinsek, Patyşalyk baradaky hoş habara adamlar gowy seslener.

3 Mähirli bolup, hormat goýuň. Şu günler adamlaryň garaýşy üýtgäp dursa-da, olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara gowy garaýar, güler ýüz bilen we hormat goýup wagyz etsek, hoş habara seslenýärler. Eger biz ýürekden we mähirli ýylgyrsak, öý eýesi tolgunmaz, bize bolsa ýakymly gürrüňdeşlige ýol açylar. Şeýle-de gürrüň edenimizde, özümizi mylakatly alyp baryp, adam bilen ýürekden gyzyklanmaly, öý eýesiniň sözlerini hormat goýup diňlemeli.

4 Biziň maksadymyz — adamlara Mukaddes Ýazgylardaky umyt barada gürrüň bermek. Şuny göz öňünde tutup, söhbetdeşligimiz gödek we dawaly bolman, ýakymly äheňde bolmalydygyna üns bermeli. Garşylyk bildirip, diňlemejek adam bilen jedelleşip, wagt sarp etmeli däl (2 Tim. 2:23—25). «Hudaýa gullugymyzdan» we «Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» diýen broşýuradan ruhlandyryjy, gerekli hödürleri saýlap bolar. Elbetde, olary mähirli we ynamly aýtmak üçin gowy taýýarlanmaly (1 Pet. 3:15).

5 Birinji sapar hoş habary eşidende, näme barada gürrüň edileni hemme adamyň ýadynda galmasa-da, nähili äheňde gepleşilenini olaryň hemmesi diýen ýaly ýadyna salyp biler. Mylakatly we mähirli bolmaklygyň ähmiýetine hiç haçan kembaha garamaly däl. Birinji asyrdaky Lidiýa ýaly hoş habary diňlejek goýun kimin adamlar biziň ýaşaýan ýerimizde entek köp. Eger daşky görnüşimize we gepleýiş äheňimize ünsli bolsak, akýürekli adamlar Hudaýyň Sözüni diňläp, kabul etmäge höweslener (Mar. 4:20).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş