Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 13—sah. 16 abz. 3
  • «Eşidişiňize üns beriň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Eşidişiňize üns beriň»
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýüregiňizi taýýarlaň
  • Ünsüňizi jemlejek boluň
  • Nutuklary diňlemek
  • Söhbetdeşlik wagty diňlemek
  • Kongreslerde diňlemek
  • Çagalaryňyza diňlemegi öwrediň
  • Ýygnak üçin nutuk taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
  • Gulluk duşuşygyna nädip taýýarlanmaly
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Diňle we öwren
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Ýygnaklar «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýär»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sah. 13—sah. 16 abz. 3

«Eşidişiňize üns beriň»

BILIM almak üçin ünsli diňlemeli. Halas bolmak üçin hem ünsli bolmak örän wajyp. Ýehowa halkyny Müsür gulçulygyndan azat etmek üçin, Musa käbir görkezmeleri berdi. Ol hem ysraýyl ýaşulularyna nowbahar ogullaryny halas etmek üçin nämeler etmelidigini aýtdy (Müs. çyk. 12:21—23). Ýaşulular bolsa bu habary her bir maşgala ýetirmelidiler. Halk olary üns bilen diňlemelidi. Olar muňa nähili seslendiler? Töwratda şeýle diýilýär: «Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler» (Müs. çyk. 12:28, 50, 51). Şeýlelikde, ysraýyl halky gudrat bilen halas boldy.

Şu günler Ýehowa bizi has uly azatlyga çykarmaga taýýarlaýar. Şonuň üçin biz onuň berýän öwüt-nesihatlaryna ünsli bolmaly. Şeýle öwüt-nesihatlar ýygnak duşuşyklarynda berilýär. Duşuşyklar size gowy peýda berýärmi? Bu, esasan, siziň diňleýşiňize bagly bolýar.

Ýygnakdan soň käbir esasy pikirleri ýadyňyza salyp bilýärsiňizmi? Siz her hepde eşiden zatlaryňyzy durmuşda ulanmaga ýa-da başgalara gürrüň bermäge çalyşýarsyňyzmy?

Ýüregiňizi taýýarlaň

Ýygnaklarda berilýän maslahatlardan peýdalanmak üçin ýüregimizi taýýarlamaly. Munuň wajypdygyny Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapatyň döwründe bolan waka gowy görkezýär. Ýehoşapat hakyky seždäni batyrgaýlyk bilen goraýar. Ol «Ýahudanyň belentliklerini we mukaddes sütünlerini ýykýar»; hökümdarlara, lewilere we ruhanylara Ýahudanyň ähli şäherlerinde Ýehowanyň kanunyny öwretmegi tabşyrýar. Emma şonda-da ähli «belentlikler aýrylmandyr» (2 Ýyl. 17:6—9; 20:33). Şeýle belentliklerde ýalan taňrylara we Ýehowa sežde etmek giňden ýaýrapdyr, hatda olary ýok etmek hem kyn bolupdyr.

Ýehoşapatyň beren görkezmesi olara näme üçin uzak täsir etmändir? Sebäbi «halk ýüregini ata-babalarynyň Hudaýyny kabul etmäge heniz taýýarlamady». Olar aýdylan zatlary eşitseler-de, ýerine ýetirmediler. Olar Iýerusalimdäki ybadathana baryp, gurban bermegi kyn gören bolmaly. Nähili bolaýanda-da, olar ýürekden iman etmändirler.

Biz Şeýtanyň dünýäsine dolanmaz ýaly, ýüregimizi Ýehowanyň berýän maslahatlaryny kabul etmäge taýýarlamaly. Nädip? Munuň üçin biz doga etmeli. Hudaýyň maslahatlaryny minnetdarlyk bilen kabul eder ýaly, Ýehowadan kömek soramaly (Zeb. 27:4; 95:2). Şonda jogapkär doganlarymyzyň biziň üçin edýän tagallalarynyň gadyryny bileris. Ýehowa doganlaryň bikämildigine garamazdan, olary halkyna tälim bermek üçin ulanýar. Olar muňa höwes bilen razy bolýar. Bu bizi diňe bir täze öwrenen zatlarymyz üçin däl-de, eýsem, öňki bilýän zatlarymyz üçin-de, Ýehowa çuňňur minnetdar bolmaga höweslendirer. Biz Hudaýyň niýetini doly berjaý etmek islegi bilen, şeýle doga edýäris: «Ýa Reb, ýoluňy maňa öwret... adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla» (Zeb. 86:11).

Ünsüňizi jemlejek boluň

Ünsli bolmaga köp zat päsgel berip biler. Gaýgy-alada sebäpli ünsümizi jemlemek kyndyr. Ýygnakda we daşarda bolýan gymyldy-hereketler ýa sesler ünsümizi sowmagy mümkin. Ýarawsyzlyk zerarly hem pikiriňi jemlemek kyn bolýar. Ata-eneler bolsa çagalaryna-da üns bermeli. Bize ýygnakda ünsli bolmaga näme kömek eder?

Ünsüňi jemlemekde gözüň uly ähmiýeti bar. Eger biz nutuk bilen çykyş edýän dogana seredip diňlesek, ünsli bolup bileris. Ol Mukaddes Ýazgylary açyp okanda, hatda tanyş aýat bolsa-da, sizem açyp yzarlaň. Her hili sese we herekete üns bermejek boluň. Eger dürli zatlara seredip ünsüňiz sowulsa, sahnada aýdylýan köp zatlary sypdyrarsyňyz.

Eger dürli «aladalar» sebäpli dykgatly bolmak kyn bolsa, onda Ýehowa doga edip, pikiriňize we kalbyňyza rahatlyk bermegini diläň (Zeb. 94:19; Flp. 4:6, 7). Zerur bolsa, gaýta-gaýta doga ediň (Mat. 7:7, 8). Ýygnak duşuşyklaryny Ýehowa gurnaýar. Ol siziň ýygnakdan peýda almagyňyzy isleýär (1 Ýahýa 5:14, 15).

Nutuklary diňlemek

Megerem, nutuklarda aýdylan käbir gyzykly pikirler siziň ýadyňyzdadyr. Emma nutugy diňlemek üçin diňe bir gyzykly pikirleri belläp almak ýeterlikli däl. Nutuk syýahat etmek ýalydyr. Biz ýol ugruna köp owadan zatlary görsek-de, esasy maksadymyz — barmaly ýerimiz. Nutuk bilen çykyş edýän dogan hem diňleýjileri belli bir netijä gelmäge ýa-da bir zady etmäge höweslendirjek bolýar.

Geliň, Ýeşuwanyň ysraýyl halkyna aýdan sözlerine seredeliň. Ony Ýeşuwa 24:1—15-nji aýatlardan okap bileris. Ol halky özge milletleriň butparazlygyndan ýüz öwrüp, hakyky seždäniň tarapyny berk tutmaga çagyrýar. Näme üçin? Sebäbi giňden ýaýran ýalan sežde olaryň Ýehowa bilen dostlugyna howp salýardy. Halk Ýeşuwanyň çagyryşyna seslenip, şeýle diýdi: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!» Olar aýdyşy ýaly-da etdiler (Ýeş. 24:16, 18, 31).

Nutugy diňleýän wagtyňyz, onuň maksadyna düşünjek boluň. Çykyş edýän doganyň maksadyna düşünmek üçin aýdýan pikirlerine üns beriň. Soňra olary durmuşda nädip ulanyp boljakdygy barada oýlanyň.

Söhbetdeşlik wagty diňlemek

«Garawul diňi» we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy hem-de Gulluk duşuşygynyň käbir bölümleri sorag-jogap görnüşinde geçirilýär.

Sorag-jogap görnüşinde geçirilýän pikir alyşmany söhbetdeşlik bilen deňeşdirse bolar. Söhbetdeşlik peýdaly bolar ýaly, ünsli diňlemeli. Ara alyp maslahatlaşylýan pikire ünsli boluň. Ýygnagy alyp barýan doganyň temany we esasy pikirleri belläp geçişine üns beriň. Onuň berýän soraglaryna içiňizden jogap beriň. Dogan-uýalaryň jogap berşini we berlen maglumaty düşündirişini diňläň. Bu size hatda bilýän temaňyza-da giňişleýin düşünmäge kömek eder. Siz sorag-jogaba gatnaşsaňyz, öz imanyňyzy hem görkezersiňiz (Rim. 1:12).

Ýygnakda geçiljek tema öňünden taýýarlansaňyz, duşuşyk gyzykly geçer we berilýän jogaplary höwes bilen diňlärsiňiz. Eger ýygnaga gowy taýýarlanmaga mümkinçiligiňiz bolmasa, hiç bolmanda, geçiljek temany gözden geçiriň. Şonda söhbetdeşlik siziň üçin has peýdaly bolar.

Kongreslerde diňlemek

Ýygnaklara garanyňda, kongreslerde ünsüňi sowýan zat has köp bolýar. Şol sebäpli dykgatly diňlemek kynlaşýar. Şeýle ýagdaýda biz näme edip bileris?

Ilki bilen, gowy ukyňy almaly. Her gün kongres başlamanka, meýilnama seredip, şol günüň temasyny berk ýatda saklajak boluň. Her bir nutugyň adyny okap, näme barada aýdyljakdygy hakda oýlanyň. Aýatlary Mukaddes Ýazgylardan yzarlaň. Köp adamlar çykyşlary ünsli diňlemek üçin esasy pikirleri gysgaça ýazyp alýarlar. Durmuşda we wagyzda ulanjak maslahatlaryňyzy belläp alyň. Diňlän gyzykly pikirleriňiz barada kongrese gidişin we gaýdyşyn gürrüň ediň. Şonda eşiden zadyňyz gowy ýadyňyzda galar.

Çagalaryňyza diňlemegi öwrediň

Mesihçi ata-eneler çagalaryny, hatda kiçijik çagalaryny hem ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere getirip, olary «gutulyş üçin... akyldar edip» bilerler (2 Tim. 3:15). Çagalaryň gylyk-häsiýeti we diňleýşi biri-birinden tapawutlanýar, şonuň üçin olara diňlemegi öwretmeli. Mümkin, size aşakda berilýän maslahatlar kömek eder.

Siz wagtal-wagtal öýde çagalaryňyza ýuwaş oturmagy we Mukaddes Ýazgylara esaslanan kitaplary okamagy ýa-da olaryň suratlaryny görmegi öwrediň. Ýygnaklarda çagalaryňyzy oýunjak bilen güýmemeseňiz gowy bolar. Gadymy Ysraýyldaky ýaly, şu günler hem çagalar ýygnaga «eşitmek» we «öwrenmek» üçin gelýärler (Kan. tag. 31:12). Käbir ata-eneler okaljak makalany hatda kiçi çagalaryna-da berýärler. Çagalaryňyz ulaldygyça, olara ýygnaklarda sorag-jogap arkaly geçirilýän bölümlere gatnaşmak üçin taýýarlanmaga kömek ediň.

Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehowany diňlemek bilen Oňa tabyn bolmaklygyň berk baglanyşygy bar. Muny Musanyň ysraýyl halkyna ýüzlenip aýdan şu sözlerinden görse bolýar: «Siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýdum... Ýaşaýşy saýlaň, şonda siz... Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Oňa gulak asarsyňyz we Oňa bil baglarsyňyz» (Kan. tag. 30:19, 20). Şu günler hem Ýehowany razy edip, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin, Onuň öwüt-ündewlerini diňlemeli we olary durmuşda ulanmaly. Şol sebäpli Isanyň: «Eşidişiňize üns beriň» diýen maslahatyna eýermek nähili wajyp! (Luka 8:18).

ÜNSLI DIŇLEMEK ÜÇIN

  • Programma ünsüňizi jemlemek üçin doga ediň.

  • Nutuk bilen çykyş eýdän dogana seredip diňläň.

  • Mukaddes Ýazgylardan aýatlar getirilende, kitabyňyzdan yzarlaň.

  • Nutugyň maksadyny bilmäge çalşyň.

  • Soraglara içiňizden jogap beriň we berilýän jogaplary ünsli diňläň.

  • Gysgaça bellikler ediň.

  • Ulanjak maslahatlaryňyzy ýazyp alyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş