Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/13 sah. 3—4
  • Diňle we öwren

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Diňle we öwren
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Sen ruhy toýa taýýarlanýarmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • «Halky... üýşür»
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 4/13 sah. 3—4

Diňle we öwren

1. Welaýat kongresinde diňläp, öwrener ýaly näme üçin köp tagalla etmeli?

1 Tizden 2013-nji ýylyň welaýat kongresleri başlanar. Bütindünýä wagyz işini göz öňünde tutup, programma taýýarlamak üçin köp iş edilýär. Siz kongresiň üç gününe-de gatnaşmak üçin nämeler edýärsiňiz? Uly kongreslerde ünsüňi sowýan zatlar kän bolýandygy sebäpli, programmany ünsli diňlär ýaly köp tagalla etmeli bolýar. Kongres ýygnak duşuşygyndan uzaga çekýändigi üçin köp wagtlap ünsli bolmaly. Şeýle-de ýol we başga zatlar hem ýadadýar. Diňlände we öwrenende ünsli bolmaga näme kömek eder? (Kan. tag. 31:12).

2. Biz kongresiň programmasyna ýüregimizi nädip taýýarlap bileris?

2 Kongres başlamazdan öň. Biziň www.jw.org ýörite web saýtymyzda welaýat kongresiniň programmasyndan dokladlaryň ady we olaryň her birinden birki esasy aýatlar berilýär. Eger siz Internede girip bilýän bolsaňyz, şol maglumat kongrese ýüregiňizi taýýarlamaga kömek eder (Ezra 7:10). Maşgala okuwynda kongresiň programmasyna öňünden seretseňiz, gowy bolar.

3. Ünsli diňlemäge bize näme kömek eder?

3 Kongres başlansoň. Mümkin boldugyndan, kongres başlamanka hajathana baryp gelseň gowy bolardy. Kongres wagty jaň gelip, ýa-da hat alyp, ýa-da birine hat iberjek bolup başgalaryň ünsüni sowmaz ýaly, el telefonyňy öçürmeli. Eger telefonyňy açyk goýmaly bolsaň, biri jaň edende, başgalaryň ünsüni sowmaz ýaly edip goý. Kongres wagty elektron enjamlaryny ulansaň, başgalara päsgel bermejek bol. Şeýle-de kongres başlansoň, iýip-içmeli däl (Wag. 3:1). Bar ünsüňi dokladça gönükdir. Aýatlar okalanda, Mukaddes Ýazgylaryňdan yzarla. Gysgaça bellikler et.

4. Ata-eneler çagalary diňläp, öwrener ýaly nädip kömek edip biler?

4 Şeýle-de biz çagalaryň hem diňlemegini we öwrenmegini isleýäris. Süleýmanyň tymsallary 29:15-de şeýle diýilýär: «Başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr». Şol sebäpli, ata-eneler çagalarynyň gürleşmän, hat ýazman we eýläk-beýläk aýlanyp ýöremän, programmany ünsli diňlär ýaly, olar bilen bile otursa gowy bolar. Hatda çagalar aýdylýan zatlara düşünerden has ýaş bolsa-da, olary uklaman, ýuwaş oturar ýaly öwredip bolýar.

5. Näme üçin programmany gözden geçirmek peýdaly we muny nädip edip bileris?

5 Her gün kongres gutaransoň. Öýüňize giç barmaň. Gowy dynç alar ýaly irräk ýatyň. Kongresde eşiden zatlaryňy gözden geçirseň, ýadyňda gowy galar. Şol sebäpli, her agşam maşgalaň bilen programmany birnäçe minut pikir alyşsaň peýdaly bolar. Dostlaryň bilen restorana gitseň, eden ýazgylaryňy ýanyň bilen alyp, saňa has ýaran bir-iki pikiri paýlaşsaň gowy bolar. Kongresden gaýdyp gelensoň, maşgala okuwynda öwrenen zadyňyzy maşgalada nädip ulanyp bolýandygyna birnäçe wagt sarp ediň. Şeýle-de berlen täze edebiýata we filme her hepde-de birnäçe wagt sarp edip bilersiňiz.

6. Diňe bir kongrese gatnaşmak ýeterlikmi? Düşündiriň.

6 Banketiň maksady naharlanmak we ony siňdirmek. Ruhy taýdan banket, ýagny welaýat kongresi hem şeýle maksat bilen gurnalýar. Biz kongrese doly gatnaşyp, ünsli diňläp we öwrenen zatlarymyza eýerip, köp bereketler alarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş