Sen ruhy toýa taýýarlanýarmyň?
1. Toýa nähili taýýarlyk görülýär?
1 Adatça, toýa köp taýýarlyk görülýär. Azyk önümlerini satyn almaly, süýji tagamlary bişirmeli we soňra olary owadanlap saçaga goýmalydygy barada oýlanmaly. Şeýle-de adamlaryň naharlanýan ýerini-de taýýarlamaly. Myhmanlar, esasanam, uzak ýerden gelen bolsalar, köp zadyň aladasyny etmeli. Munuň üçin köp tagalla etmeli bolsa-da, dost-ýarlaryň we maşgala agzalaryň bilen şatlykly gürrüňdeşlik hem-de süýji tagamlary iýmek hemmeler üçin peýdaly bolar. Tizden Ýehowanyň Güwäçileri ruhy toýdan, ýagny «Oýa boluň!» diýen welaýat kongresinden lezzet almak üçin ýer ýüzüniň ähli ýerinde uly-kiçi topar bolup ýygnanyşarlar. Meýilnamany taýýarlamak we kongresi gurnamak üçin eýýäm köp işler edildi. Biziň hemmämiz oňa çagyrylýarys. Şol sebäpli kongrese gatnaşyp, köp peýda alar ýaly, her birimiz gowy taýýarlanmaly (Sül. tym. 21:5).
2. Ruhy toýa doly gatnaşmak üçin biz näme etmeli?
2 Nädip köp peýda alyp bileris. Sen ruhy toýa doly gatnaşmak üçin, işleriňi öňünden planlaşdyrdyňmy? Kongresiň birinji gününden başlap, ähli bölümlerine gatnaşmak isleýändigiň barada başlygyňa öňünden aýt. Ulag we jaý meselesini çözdüňmi? Ýaşulular garry, saglygy gowşak we başga-da kömege mätäç doganlaryň aladasyny etmeli (Ýerem. 23:4; Gal. 6:10).
3. Näme üçin halkara kongresine diňe çagyrylanlar barmaly?
3 Käbir ýurtlarda halkara kongresleri geçiriler. Muňa diňe käbir ýygnaklaryň we başga ýurtdan delegatlaryň çagyrylýandygyny unutmaň. Şol sebäpli filial şeýle kongresleri gurnanda, ýeri we myhmanhanadaky boş otaglary göz öňünde tutup, näçe adam çagyrmalydygyny planlaşdyrdy. Eger halkara kongresine çagyrylmadyk wagyzçylar barsa, onda ýer ýetmezçilik eder.
4. Her gün kongres başlamanka, nähili ýatlatmalar taýýarlanmaga kömek eder?
4 Kongres başlamanka ýer tapyp, birnäçe minut öňünden meýilnamany gözden geçirmek üçin irräk gel. Bu aýdyljak zatlary ünsli diňläp, ýüregiňi taýýarlamaga kömek eder (Ezra 7:10). Gözegçi sazy yglan edende, ýeriňe geçip, giriş aýdymy aýtmaga we soňra doga goşulmaga taýýarlan.
5. Her bir maşgala meýilnamadan nädip köp peýda alyp biler?
5 Eger maşgala agzalary kon-gresde bile otursalar, ata-eneler çagalarynyň meýilnamany ünsli diňleýändigine göz ýetirip biler (Kanun. 31:12). Mukaddes Ýazgylardan aýatlar okalanda, hemmeler yzarlasa gowy bolar. Gysgaça ýazsaň, ünsli diňlemäge kömek eder. Soňra eden bellikleriň nutgyň esasy pikirlerini ýadyňa salmaga kömek eder. Kongres wagtynda zerur bolmasa gepleşme we ýeriňde otur. El telefonyň bolsa, saňa we başgalara päsgel bermesin. Her gün kongresden soň, göwnümize ýaran pikirler barada başgalar bilen gürrüňdeş bolsak gowy bolar
6. Kongresimiziň nähili aýratynlygy bar we ondan nädip doly peýda alyp bileris?
6 Welaýat kongresinde dogan-uýalar bilen ýakyn we dostlukly gürrüňdeşlikden lezzet alyp bileris. Şeýle mümkinçilik diňe Hudaýyň guramasynda bar (Zeb. 133:1—3; Mar. 10:29, 30). Meselem, ýanyňda oturanlar bilen tanşyp, arakesme wagty gürrüňdeş bolup bilersiň. Bu arakesmede kafe ýa-da restorana gitmän, kongres geçirilýän ýerde galyp, bile naharlanmaga mümkinçilik berýär. Birek-birekden ruhlanyp bolýan mümkinçiligi sypdyrma (Rim. 1:11, 12).
7. Kongrese taýýarlananda, geýim babatda nämäni göz öňünde tutmaly?
7 Egin-eşik. Ýehowa ysraýyllylara geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tikip, gotazjyga-da gök ýüplük goşmaly diýip tabşyryk beripdi (San. 15:37—41). Bu olara Ýehowa aýratyn halk hökmünde gulluk etmelidigini ýatladýardy. Biziň kongrese geýýän asylly we gelşikli egin-eşigimiz başga adamlaryňkydan tapawutlanýar. Biz hatda kongresden soň, restorana ýa-da kafe naharlanmaga barsak hem, adamlara gowy güwälik ederis. Şol sebäpli kongrese geýjek egin-eşigiň barada öňünden oýlan.
8. Kongres geçirilýän şäherde nädip wagyz edip bileris?
8 Wagyz et. Öňünden taýýarlansak, kongres geçirilýän şäherde hem wagyz edip bileris. Bir dogan kongresden soň, aýaly bilen restorana barýar we ofisianta plaketkasyny görkezip: «Köp adamlaryň şeýle plaketka dakandygyna üns berdiňizmi?» diýip sorady. Ol üns berendigini aýdýar we näme sebäpdendigini bilmek isleýär. Şeýdip, olar gürrüňdeş bolýarlar we dogan ofisianty kongrese çagyrýar.
9. Biz Ýehowanyň myhmansöýerligine nädip minnetdar bolup bileris?
9 Ähli nutklary, interwýulary we sahnalary doganlar taýýarlasa-da, her ýyl geçirilýän ruhy toý gökdäki Atamyz Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasydyr (Iş. 65:13, 14). Kongresiň her gününe gatnaşyp, tagamly ruhy iýmitden lezzet alyp, toýa çagyran Ýehowanyň myhmansöýerligine minnetdarlygymyzy görkezeris. Siz ruha toýa gitmek üçin eliňizden gelenini etdiňizmi?
[6-njy sahypadaky çarçuwa]
Welaýat kongresi bilen bagly ýatlatma
◼ Kongresiň gün tertibi. Kongres üç gün hem 9:20-de başlanar. Girelge 8:00-da açylar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres anna we şenbe güni 16:55-de, ýekşenbe güni 16:00-da gutarar. Halkara kongreslerinde bolsa meýilnama penşenbe güni 13:20-de başlap, 16:45-de gutarar.
◼ Maşyn goýulýan ýer. Kongres geçirilýän ýerlerde mümkinçilik bolsa, maşynlary mugt goýar ýaly ýer taýýarlarlar. Maşynyňy gelen badyňa boş ýere goýup bilersiň. Eger maýyplaryň maşynynda degişli belligi bolsa, olar maşynyny ýörite bellenen ýerde goýup biler. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýar, şonuň üçin her maşynda köpräk delegat gelse gowy bolar.
◼ Ýer. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara ýer tutup bilersiň.
◼ Günortan nahary. Günortan wagty kongresden gidip, başga ýerde iýmez ýaly, iýmiti ýanyň bilen getirmegiňi haýyş edýäris. Isleseň oturgyjyň aşagyna sygar ýaly, nahar salynýan sowadyjy sumka alyp bilersiň. Gezelenje gidende nahar salmak üçin ulanylýan uly sowadyjy sumkany, çüýşeden edilen gap-gajy we spirtli içgileri kongrese getirmek gadagan.
◼ Meýletin sowgat. Biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, gurnalan kongrese minnetdarlygymyzy bildirip bileris.
◼ Betbagtçylykly ýagdaý. Eger kongres geçirilýän ýerde betbagtçylyk bolsa, hyzmatçy dogana ýüz tutuň, ol dessine tiz kömek gullugyna habar berer. Şol bölümde meýletin gulluk edýän doganlar tejribeli medisina kömegini berer. Eger gerek bolsa, olar tiz kömek gullugyny-da çagyrarlar.
◼ Aýakgap. Her ýyl aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap asylly we ölçegiňe görä bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli we başga görnüşli ýerlerden ýöremek amatly hem-de howpsuz bolar.
◼ Meýilnamany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri çatmaly däl. Şeýle-de ýazga alýan serişdeleri başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.
◼ Çaga arabasy we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerlerde çaga arabasyny we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, çaga oturgyjyny getirse bolýar.
◼ Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem alyş ýoly we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, güýçli ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).
◼ «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» diýen resmikagyz. Kon-gres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43 U) diýen resmikagyzy dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol resmikagyzdan birki sanysyny getirmeli. Şeýle resmikagyzy kon-gresde edebiýat bölümine bermeli ýa-da kongresden gelenden soň, ýygnagyňyzyň kätibine bermeli (Seret km 2/05 s. 6).
◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýerleşmek üçin haýyşnama ýazanymyzda şu aşakdakylary göz öňünde tutmaly: 1) ähli ýagdaýda «Aýratyn zerurlykly adamlary ýerleşdirmek barada haýyşnama» (SO-5-U) resmikagyzyny ulanmagy haýyş edýäris; 2) ýaşaýyş ýer baradaky maglumatly «Ýerleşdirme» (SO-4-U) resmikagyzyny başga birine bermeli däl; 3) ýadyňda bolsun, ýaşaýyş jaýy diňe kongres wagty berilýär; 4) çagalaryňyzy ýeke galdyrman, olara göz-gulak bolmaly; 5) imandaşlaryň edýän hyzmatyna minnetdar bolup, Resullaryň işleri 20:35-däki prinsipi unutmaň; 6) jaý barada haýyşnamaňyzy yzyna almak isleseňiz, onda hökman jaý bölümine habar beriň.