Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2009-njy ýylyň aprel aýynyň 27-inde başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 20 minudyň dowamynda 2009-njy ýylyň mart aýynyň 2-sinden aprel aýynyň 27-si aralygynda geçilenleri gaýtalar.
1. Ýusup her günki duş gelýän synaga nädip döz geldi? (Bar. 39:7—12) (lv sah. 105, abz. 18 — sah. 106, abz. 20).
2. Mukaddes Ýazgylarda doglan gün barada näme diýilýär? (Bar. 40:20—22) (lv sah. 150, abz. 9 — sah. 151, abz. 11).
3. Bize garşy günä eden adamlara geçirimli bolmakda Ýusup nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Bar. 45:4, 5) ( w99-U 1.1. sah. 31, abz. 2—3).
4. Ýusubyň: «Siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň» diýen sözleri nähili täsir etdi? (Bar. 50:25) (w07 1.6. sah. 3, abz. 10).
5. Kyn ýumuş berlende nämä ynamly bolup bileris? (Çyk. 4:10, 13) (w04-U 15.3. sah. 25, abz. 4).
6. Ýehowa faraon bilen arasyndaky dawasyny nähili çözdi we bu bize nähili täsir etmeli? (Çyk. 9:13—16) (w05-U 15.5. sah. 21, abz. 8).
7. Çykyş 14:30, 31-nji aýatlaryň biziň üçin näme ähmiýeti bar? (w04-U 15.3. sah. 26, abz. 5).
8. Çykyş 16:1—3-nji aýatlarda igenmegiň howpludygy nädip görkezilýär? (w93-U 15.3. sah. 21, abz.1—3).
9. Çykyş 19:5, 6-njy aýatlardaky Kanun ähtine görä, Ysraýyl halky haýsy manyda «ruhanylar bolup hyzmat edýän... mukaddes halk bolmalydy»? (w95-U 1.7. sah. 16, abz. 8).
10. Açgözlük baradaky onunjy tabşyryk haýsy manyda adamlaryň kanunyndan ýokarydy? (Çyk. 20:17) (w06 15.6. sah. 2, abz. 16).