Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/11 sah. 26—30
  • Beýik mugallymyň göreldesine eýeriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Beýik mugallymyň göreldesine eýeriň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa adamlary pikirini aýtmaga höweslendirýärdi
  • Isa hormat bilen diňleýärdi
  • Isa näme aýtmalydygyny bilýärdi
  • Isa mynasyplary öwredýärdi
  • Isa soraglary ussatlyk bilen berýärdi
  • Isa çagalary diňleýärdi
  • Beýik Mugallymyň göreldesine hemişe eýeriň
  • Isa näme üçin Beýik Mugallymdy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Ýehowanyň sesine gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Şägirt taýýarlamaga kömek edýän häsiýetleri ösdüriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/11 sah. 26—30

Beýik mugallymyň göreldesine eýeriň

«Eşidişiňize üns beriň» (LUKA 8:18)

1, 2. Biz Isanyň gullukda adamlara nähili garandygyna näme üçin üns bermeli?

BEÝIK Mugallym Isa Mesih şägirt taýýarlamak işi bilen meşgullanyp, şägirtlerine: «Eşidişiňize üns beriň» diýdi (Luka 8:16—18). Bu prinsip biziň wagyz gullugymyza-da degişli. Eger-de biz ruhy görkezmä ünsli bolsak, wagyzda oňa eýereris we Hudaýyň Patyşalygynyň ökde wagyzçysy bolarys. Biz şu günler Isanyň sesini eşitmesek-de, onuň aýdan sözlerini we eden işlerini Mukaddes Ýazgylardan okap bileris. Isa gullukda adamlara nähili garady? Mukaddes Ýazgylarda bu barda näme aýdylýar?

2 Isa hoş habaryň ökde wagyzçysy we Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň beýik mugallymydy (Luka 8:1; Ýahýa 8:28). Şägirt taýýarlamak bu wagyz etmek we öwretmekdir. Emma käbir mesihçiler üstünlikli wagyz etse-de, olara adamlar bilen okuw geçirmek kyn düşýär. Biz wagyz edip, adamlara hoş habary yglan edýäris. Ýöne adamlara Ýehowa we onuň niýetleri barada öwretmek üçin, olar bilen ýakyndan tanyşmaly (Matta 28:19, 20). Biz muny Beýik Mugallym Isa Mesihden görelde alsak, edip bileris (Ýahýa 13:13).

3. Biz Isanyň göreldesine eýersek, şägirt taýýarlamaga nädip kömek eder?

3 Biz Isa ýaly öwretmäge çalyşsak, Pawlus resulyň aýdanlaryna görä hereket ederis. Ol şeýle diýdi: «Pursatdan peýdalanyp, özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň. Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Koloseliler 4:5, 6). Bize şägirt taýýarlamakda Isanyň göreldesine eýermek üçin tagalla etmek gerek. Şonda biz ökde mugallym bolup, adamyň ýagdaýyna görä «her kime nähili jogap bermelidigini» bileris.

Isa adamlary pikirini aýtmaga höweslendirýärdi

4. Näme üçin Isa adamlary ünsli diňleýär diýse bolar?

4 Isada ýaşlykdan adamlary ünsli diňlemek we olary pikirini aýtmaga höweslendirmek endigi bardy. Mysal üçin, ata-enesi Isany on iki ýaşynda ybadathanada mugallymlaryň arasyndan tapdylar. Ol «olara gulak asyp, soraglar berýärdi» (Luka 2:46). Isa bilimini mugallymlara görkezip, olary oňaýsyz ýagdaýa salmak üçin ybadathana barmandy. Isa ol ýere diňlemek we soraglar bermek üçin barypdy. Bilşimiz ýaly, Isa ünsli diňlemek endigi bilen Hudaýyň we adamlaryň mähirini gazandy (Luka 2:52)

5, 6. Isanyň öwrenýän adamlaryň pikirini diňleýändigini nireden bilýäris?

5 Isa suwda çokundyrylyp, Mesih hökmünde mesh edilenden soňam adamlary ünsli diňläp, olar bilen gyzyklaýardy. Ol ýanyna gelen adamlara öwredip, olary diňlemegi-de ýadyndan çykarmaýardy. Isa köplenç admalara öwredende, olaryň pikirini bilmek üçin dyngy berýärdi we olary diňleýärdi (Matta 16:13—15). Meselem, Marfanyň dogany Lazar ölenden soň, Isa Marfa: «Her bir ýaşaýan we maňa iman edýän asla ölmez» diýdi. Soňra oňa şeýle sorag berdi: «Sen muňa ynanýarmysyň?» Ol Marfanyň: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň... Ogly Mesihdigiňe iman etdim» diýen jogabyny ünsli diňledi (Ýahýa 11:26, 27). Marfanyň imany hakynda aýdan sözleri Isany nähili begendirendir!

6 Isany şägirtleriň köpüsi terk edip gidenlerinde, ol resullarynyň pikirini-de bilmek isledi. Isa: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz? diýip sorady. Simun oňa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris» (Ýahýa 6:66—69). Bu sözler Isanyň göwnünden turandyr! Biz-de Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam Simun ýaly imany hakynda aýtsa, nähili begeneris!

Isa hormat bilen diňleýärdi

7. Näme üçin samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler?

7 Isanyň ökde mugallym bolandygynyň ýene-de bir sebäbi, ol adamlaryň aladasyny edip, olary hormat bilen diňleýärdi. Bir sapar Isa Sihar şäheriniň golaýyndaky Ýakubyň guýusynyň başynda bir samariýaly aýala wagyz etdi. Isanyň diňe özi gürrüň bermän, aýalyň-da pikirini bilmek isleýärdi. Isa aýalyň sežde bilen gyzyklanýandygyny bilip, Hudaýyň ruhda we hakykatda sežde etjek adamlary gözleýändigini aýtdy. Isa aýala hormat goýup, mylakatlylyk bildirdi. Netijede, samariýaly aýal Isa barada başgalara gürrüň berdi we «ol şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler» (Ýahýa 4:5—29, 39—42).

8. Adamyň öz pikirini aýtmagy gowy görýändigini bilip, wagyzda gürrüňe nädip başlap bolýar?

8 Adatça, adamlar öz pikirini aýtmagy göwy görýärler. Meselem, gadymy Afiny şäheriniň ýaşaýjylary gürrüň bermegi we täze zat diňlemegi gowy görýärdiler. Şol sebäpli Pawlus resul ol şäheriň Ares depesinde üstünlikli çykyş etdi (Resullaryň işleri 17:18—34). Biz wagyzda adam bilen gürrüňi şeýle başlap bileris: «Men şu barada siziň pikiriňizi bilmek isleýärin...». Soňra temanyň adyny aýdyň. Adamyň berýän jogabyny diňläp, sorag beriň, şeýdip, gürrüňi dowam edip bilersiňiz. Soňra bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini mähir bilen görkeziň.

Isa näme aýtmalydygyny bilýärdi

9. Isa Kleopas bilen onuň ýoldaşyna Mukaddes Ýazgylary jikme-jik düşündirmezinden öň näme etdi?

9 Isa hiç haçan söz tapman durmaýardy. Ol adamlary ünsli diňläp, olaryň pikirlerine düşünýärdi we olara näme aýtmalydygyny bilýärdi (Matta 9:4; 12:22—30; Luka 9:46, 47). Mysal üçin, Isa direlenden soň, onuň iki şägirdi Iýerusalimden Emmaus obasyna barýardylar. Bu barada Injilde şeýle diýilýär: «Gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi. Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. Olaryň Kleopas atlysy jogap berip diýdi: «Iýerusalimde bolup-da, şu günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmisiň?» Isa olardan sorady: «Haýsy wakalary?» Olar nasyraly Isanyň adamlara öwredendigi, gudratlar görkezendigi, öldürlendigi we käbirleriniň aýdyşyna görä ölümden direlendigi hakynda gürrüň berdiler. Beýik Mugallym Isa olary diňledi. Isa Kleopas bilen onuň ýoldaşyna pikirini aýtmaga mümkinçilik berdi. Soňra olaryň bilmeli ähli zatlaryny Mukaddes Ýazgylar boýunça jikme-jik düşündirdi (Luka 24:13—27, 32).

10. Wagyzda adamyň dini garýşyny nädip bilse bolýar?

10 Mümkin, siz wagyzda duşan adamyňyzyň dini garaýşy barada hiç zat bilýän dälsiňiz. Şeýle ýagdaýda, adamlaryň doga barada pikiri bilen gyzyklanýandygyňyzy aýdyň. Soňra: «Kimdir biri biziň dogalarymyzy eşidýärmikä?» diýen soragy berip bilersiňiz. Adamyň beren jogabyndan onuň garaýşyny we haýsy dine uýýandygyny bilse bolýar. Eger-de adam dindar bolsa, oňa: «Hudaý ähli dogalary eşidýärmi ýa-da ol käbirini ýigrenýär?» diýen soragy berip, onuň ynanýan zatlary barada giňişleýin bilse bolýar. Şeýle soraglar açyk gürrüňdeşlik etmäge kömek edýär. Ýeri gelende, sypaýylyk bilen adamyň garaýşyny tankytlaman, Mukaddes Ýazgylardaky pikiri aýtmaly. Ol sizi höwes bilen diňlese, belki, siziň bilen ýene-de görüşmek islär. Eger-de siz onuň beren soragyna jogap berip bilmeseňiz näme? Onda siz soragyň jogabyny bilip, ikilenç ideg edeniňizde «umydyňyz hakynda... ýumşaklyk, saýhallyk bilen» düşündiriň (1 Petrus 3:15, 16).

Isa mynasyplary öwredýärdi

11. Öwretmäge mynasyp adamlary tapmak üçin bize näme kömek eder?

11 Isa kämildigi sebäpli öwretmäge mynasyp bolan adamlary saýgaryp bilýärdi. Bize bolsa «ebedi ýaşaýyş üçin bellenen» adamlary tapmak kyn bolýar (Resullaryň işleri 13:48). Şonuň üçin Isa şägirtlerine: «Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, ol ýerde kimiň mynasypdygyny sorap-idäň» diýdi (Matta 10:11). Biz hem Isanyň şägirtleri ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty diňlemäge we öwrenmäge islegi bolan adamlary gözlemeli. Mynasyp adamlary tapmak üçin, olaryň her birini gowy diňläp, hoş habara nähili garaýandygyna üns bermeli.

12. Biz nädip gyzyklanýan adama kömek edip bileris?

12 Biz Hudaýyň Patyşalygy bilen gyzyklanan adam bilen gepleşenden soň, oňa ruhy taýdan nädip kömek etmelidigi barada oýlanmaly. Eger siz adama hoş habary gürrüň berensoň, ol adam barada bilen zadyňyzy ýazyp alsaňyz, bu oňa ruhy taýdan kömek etmäge ýardam berer. Ikilenç ideg edeniňizde adamyň garaýşyny, dinini we ýagdaýyny has gowy bilmek üçin ony ünsli diňläň.

13. Adamyň Mukaddes Ýazgylara nähili garaýandygyny bilmäge bize näme kömek eder?

13 Adamyň Mukaddes Ýazgylara nähili garaýandygyny bilmäge bize näme kömek eder? Käbir ýagdaýlarda şeýle soragy berse bolýar: «Siziň pikiriňizçe, Mukaddes Ýazgylara düşünmek kynmy?» Köplenç adamyň berýän jogaby onuň Mukaddes Ýazgylara bolan garaýşyny görkezýär. Ýa-da Mukaddes Ýazgylardan bir aýady okap: «Siz şu barda nähili pikir edýärsiňiz?» diýen soragy beriň. Isa ýaly şeýle gowy soraglary berip, wagyzda ökdeleşip bilersiňiz. Indi bolsa, nämeden gaça durmalydygyna seredeliň.

Isa soraglary ussatlyk bilen berýärdi

14. Soraga tutman, nädip adamyň garaýşyny bilip bolar?

14 Isa adamlaryň garaýşy bilen gyzyklanýar, emma olary oňaýsyz ýagdaýa salmaýardy. Siz-de Isanyň göreldesine eýeriň. Ol oýlandyryjy soraglar berýärdi, emma soraga tutmaýardy. Isa akýürekli adamlary mähir bilen diňläp, olara dynçlyk berýärdi. Adamlar özlerini onuň ýanynda arkaýyn duýýardylar (Matta 11:28). Ähli adamlar oňa aladalaryny çekinmän aýdýardylar (Markus 1:40; 5:35, 36; 10:13, 17, 46, 47). Eger adam özüni sorag edilýän ýaly duýmasa, oňa Mukaddes Ýazgylar baradaky pikirini aýtmak aňsat bolar.

15, 16. Adamlar bilen din barada gürrüňdeşlige başlamaga bize näme kömek eder?

15 Adamyň pikirini bilmäge diňe oýlandyryjy soraglar kömek etmeýär. Siz bir gyzykly pikiri aýdyp, soňra adamyň berjek jogabyny diňläň. Meselem, Isa Nikodimosa: «Gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýdi (Ýahýa 3:3). Bu sözler Nikodimosy şeýle gyzyklandyrdy welin, ol sorag berip, Isany ünsli diňledi (Ýahýa 3:4—20). Şonuň ýaly siz hem adamlar bilen gürrüňe başlap bilersiňiz.

16 Şu günler Afika, Gündogar Ýewropa we Günorta Amerika ýaly ýeriň dürli künjeginde täze dinleriň döreýşi barada höwes bilen gürrüň edýärler. Eger biziň ýaşaýan ýerimizdäki adamlary-da bu sorag biynjalyk edýän bolsa, olar bilen gürrüňi şeýle başlasa bolýar: «Meni dinleriň köpelýändigi biynjalyklandyrýar. Emma tizden ähli milletleri bir hakyky diniň birleşdirjekdigine umyt edýärin. Siziň pikiriňizçe, bu gowy bolarmy?» Siz Mukaddes Ýazgylardaky umydyňyz barada aýdandan soň, adamyň bu barada nähili pikir edýändigini soraň. Soraga jogap bermek aňsat bolar ýaly, onuň jogabynyň iki görnüşini aýtmaly (Matta 17:25). Söhbetdeşiňiz pikirini aýdandan soň, siz Mukaddes Ýazgylardan birki aýat okap, soragyň jogabyny berip bilersiňiz (Işaýa 11:9; Sefanýa 3:9). Adamyň beren jogabyny ünsli diňleseňiz, indiki sapar haýsy pikirleri ara alyp maslahatlaşmalydygyny bilersiňiz.

Isa çagalary diňleýärdi

17. Isa çagalar bilen gyzyklanýandygyny nädip görkezdi?

17 Isa diňe bir ulular bilen däl-de, eýsem çagalar bilenem gyzyklanýardy. Isa olaryň nähili oýunlar oýnaýandygyny we näme hakynda gürrüň edýändiklerini bilýärdi. Käwagt Isa olary ýanyna çagyrýardy (Luka 7:31, 32; 18:15—17). Isany diňleýän märekäniň arasynda çagalar hem bardy. Oglanjyklar Isany Mesih hökmünde şöhratlanyran-da, Isa olara üns berip, Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň berjaý bolandygyny belläp geçdi (Matta 14:21; 15:38; 21:15, 16). Şu günlerem çagalaryň köpüsi Isanyň şägirdi bolýarlar. Biz olara nädip kömek edip bileris?

18, 19. Biz çagamyza nädip ruhy taýdan kömek edip bileris?

18 Biz çagalara ruhy taýdan kömek etmek üçin olary diňlemeli. Çagalaryň pikiri Ýehowanyň pikiri bilen nämede gabat gelmeýändigine düşünjek boluň. Çaga näme diýse-de, onuň sözlerine mähirli boluň. Soňra Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň esasynda Ýehowanyň garaýşyny oňa düşünmäge kömek ediň.

19 Sorag bermek çaganyň garaýşyny bilmäge kömek edýär. Emma soraga tutmaklygy çagalar hem ulular ýaly halamaýar. Çaga ençeme kyn soraglar bermegiň deregine, özüňiz barada gysgaça gürrüň berseňiz gowy bolar. Ýüze çykan meselä görä, sizde-de şeýle duýgularyň bolandygyny aýdyp, sebäbini düşündirip bilersiňiz. Soňra çagadan: «Sen maňa düşünýärmisiň?» diýip soraň. Onuň beren jogabyny diňläp, Mukaddes Ýazgylardaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.

Beýik Mugallymyň göreldesine hemişe eýeriň

20, 21. Şägirt taýýarlanymyzda näme üçin adamlary ünsli diňlemeli?

20 Çagaňyz ýa-da kimdir biri bilen bir soragy ara alyp maslahatlaşanyňyzda, ony ünsli diňlemek gerek. Şeýdip, biz söýgimizi görkezýäris. Siz gürrüň berýän adamy diňläp, özüňiziň kiçigöwünligiňizi we ol adama hormat goýýandygyňyzy hem-de onuň aladasyny edýändigiňizi görkezýärsiňiz. Bilşimiz ýaly, adamy diňlänimizde, onuň aýdýan zatlaryna ünsli bolmaly.

21 Geliň, wagyz edenimizde adamy ünsli diňläliň. Olaryň näme aýdanyna üns bersek, ony Mukaddes Ýazgylardaky haýsy hakykatyň has gyzyklandyrjakdygyny bileris. Siz-de Isa ýaly öwretmekde dürli usullary ulanyp, adamlara kömek etmäge jan ediň. Eger biz Beýik Mugallymyň göreldesine eýersek, şatlyk tapyp, özümizi bagtly duýarys.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Adamlar pikirini aýdar ýaly, Isa olary nädip höweslendirýärdi?

• Isa näme üçin öwredýän adamlaryny diňleýärdi?

• Soraglary wagyzda nädip ulanmaly?

• Çagalara ruhy taýdan ösmäge nädip kömek etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş