Şägirt taýýarlamaga kömek edýän häsiýetleri ösdüriň
«Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» (MATTA 28:19).
1. Geçmişdäki Hudaýyň käbir gullukçylaryna nähili häsiýetler we ussatlyk gerekdi?
ÝEHOWANYŇ gullukçylary Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge kömek edýän häsiýetlerini we ussatlygyny köplenç kämilleşdirmeli bolýarlar. Meselem, Ybraýym bilen Sara Hudaýyň buýrugy boýunça baý Ur şäherini terk ediler. Olar çadyrda ýaşamak üçin käbir häsiýetleri we endikleri ösdürmeli boldular (Ýewreýler 11:8, 9, 15). Ýeşuw Ysraýyl halkyny wada edilen diýara girizmek üçin batyr bolmalydy, Ýehowa bil baglamalydy we onuň kanunlaryny bilmelidi (Ýeşuw 1:7—9). Betsalel bilen Oholiabyň aýratyn ussatlygy bolsa-da, çadyr gurmak we onuň işine ýolbaşçylyk edip biler ýaly, Hudaýyň ruhy olara ussatlygyny ösdürmäge kömek etdi (Çykyş 31:1—11).
2. Biz şägirt taýýarlamakda nähili soraglara serederis?
2 Ýüzlerçe ýyl soňra Isa Mesih şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» (Matta 28:19, 20). Mundan öň adamlara şeýle hormatly uly ýumuş berilmändi. Şägirt taýýarlamakda nähili häsiýetler gerek? Biz nädip gerekli häsiýetleri ösdürip bileris?
Hudaýa bolan çuňňur söýgiňizi görkeziň
3. Biziň şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagymyz nämäni görkezýär?
3 Nätanyş adamlar bilen gepleşmek we olary hak Hudaýa sežde etmelidigine ynandyrmak üçin, biz Ýehowany çuňňur söýmeli. Ysraýyllylar Ýehowa bolan söýgüsini bildirmek üçin, bütin jany bilen onuň tabşyryklaryny berjaý edip, Hudaýa ýaraýan gurbanlary bermelidi we nagma bilen ony wasp etmelidiler (Kanunyň gaýtalanyşy 10:12, 13; 30:19, 20; Zebur 21:13; 96:1, 2; 138:5). Biz şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, Ýehowanyň kanunlaryny berjaý edýäris. Şeýle-de Hudaýa we onuň niýetleri barada adamlara gürrüň berip, oňa bolan söýgimizi görkezýäris. Biz ýüregimiziň Hudaýyň beren umydyndan doludygyny adamlara bildirmek üçin, ynam bilen gürrüň bermeli we ýerlikli sözleri tapmaly (1 Selanikliler 1:5; 1 Petrus 3:15, 16).
4. Isa näme üçin adamlara Ýehowa barada şatlyk bilen öwredýärdi?
4 Isa Ýehowany çuňňur söýändigi sebäpli, Ýehowanyň niýetleri, Patyşalygy we Hudaýa hakykaktda nähili sežde etmelidigi barada şatlyk bilen gürrüň berýärdi (Luka 8:1; Ýahýa 4:23, 24, 31). Isa: «Iýmitim Meni Ýollanyň yradasyny berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir» diýdi (Ýahýa 4:34). Mezmurçy Isa degişli şeýle sözler aýdýar: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir. Men uly ýygnakda dogrulygy wagyz etdim; ine, dodaklarymy baglamaryn; ýa Reb, Sen bilýärsiň» (Zebur 40:8, 9; Ýewreýler 10:7—10).
5, 6. Şägirt taýýarlamakda iň esasy häsiýet näme?
5 Ýaňy-ýakynda Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilen adamlaryň Ýehowa bolan söýgüsi, Hudaý we onuň Patyşalygy barada gürrüň bermäge höweslendirýär. Käwagt olar şeýle ynam bilen wagyz edýär welin, adamlary Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge höweslendirýärler (Ýahýa 1:41). Hudaýa bolan söýgi bizi şägirt taýýarlamak işine gatnaşmaga höweslendirýän esasy häsiýetdir. Şol sebäpli, Hudaýa bolan söýgimizi ýitirmez ýaly, her gün Hudaýyň Sözüni okap, ol hakda oýlanalyň (1 Timoteos 4:6, 15; Ylham 2:4).
6 Isa Mesih Hudaýy söýýändigi üçin yhlasly mugallym boldy. Emma Patyşalygyň ökde wagyzçysy bolmaga bu häsiýet ýeterlikli däldi. Şägirt taýýarlamakda üstünlikli bolmaga Isa ýene-de haýsy häsiýet kömek etdi?
Adamlaryň aladasyny ýürekden ediň
7, 8. Isa adamlara nähili garaýardy?
7 Isa adamlaryň aladasyny edip, olar bilen gaty gyzyklanýardy. Ýere gelmezinden öň, ol Hudaýyň «bir ussasydy» we onuň begenji adam ogullary bilendi (Süleýmanyň tymsallary 8:30, 31). Isa ýer ýüzünde ýaşan wagty adamlara haýpy gelýär we ýanyna gelen ynsanlara dynçlyk berýärdi (Matta 11:28—30). Isa Ýehowanyň söýgüsini, rehimini görkezýär, bu bolsa adamlary ýeke-täk Hudaýa sežde etmäge höweslendirýärdi. Isany her hili adamlar diňleýärdi, sebäbi ol olaryň ýagdaýyna düşünip, mähirli aladasyny edýär (Luka 7:36—50; 18:15—17; 19:1—10).
8 Bir adam ebedi ýaşaýşy alar ýaly näme etmelidigini soranda, «Isa oňa söýgi bilen seretdi» (Markus 10:17—21). Beýtaniýadaky şägirtleri barada şeýle diýilýär: «Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi» (Ýahýa 11:1, 5). Isa adamlara şeýle duýgudaşlyk bildirýärdi welin, dynç almaly wagtyny-da, olara öwretmek üçin sarp edýärdi (Markus 6:30—34). Isa adamlaryň ýürekden aladasyny edip, ökde mugallym boldy we adamlary Hudaýa hakykatda sežde etmäge höweslendirýärdi.
9. Şägirt taýýarlamak işinde Pawlus resul nähili duýgular bildirdi?
9 Pawlus resul hem wagyz edýän adamlarynyň ýürekden aladasyny edýärdi. Mysal üçin, ol Selanik şäherinde mesihçi bolanlara şeýle diýdi: «Sizi şeýle küýseýän biz size diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl-de, öz janymyzy-da bermäge razydyk. Çünki bize gaty eziz bolduňyz». Selaniklileriň käbiri Pawlusyň söýgüsini we eden tagallalaryny görüp, «butlardan Hudaýa tarap öwrüldiler» (1 Selanikliler 1:9, 10; 2:8). Biz hem Isa we Pawlus resul ýaly ýürekden adamlaryň aladasyny etsek, «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň» ýüregine hoş habaryň nähili täsir edendigini görüp, şatlanarys (Resullaryň işleri 13:48).
Janaýamazlyk ruhuny görkeziň
10, 11. Bize näme üçin şägirt taýýarlanda janaýamazlyk ruhy gerek?
10 Şägirtleri üstünlikli taýýarlamak üçin janaýamazlyk ruhy gerek. Biz baýlyk toplamagy birinji orunda däl. Isa şägirtlerine: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi. Şägirtleri Isanyň aýdan sözlerine geň galdylar. Emma Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin! Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr» (Markus 10:23—25). Isa şägirt taýýarlamagy birinji orunda goýar ýaly, şägirtlerine ýönekeý ýaşaýşy maslahat berdi (Matta 6:22—24, 33). Şägirt taýýarlamaga janaýamazlyk ruhy nädip kömek edýär?
11 Isanyň tabşyran ähli zatlaryny adamlara öwretmek üçin köp tagalla etmeli bolýar. Şägirt taýýarlaýan mesihçi gyzyklanýan adam bilen her hepdede Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge çalyşýar. Käbir wagyzçylar gyzyklanýan adamlary tapmak üçin köp wagt sarp eder ýaly, doly wagtly işden ýarym günlük işe geçýärler. Müňlerçe mesihçiler ýaşaýan ýerindäki başga dilde gepleýän adamlara kömek etmek üçin, şol dili öwrenýärler. Käbir mesihçiler bolsa, hasyl ýygymyna doly gatnaşmak üçin, ýurdundan başga ýerlere göçýärler (Matta 9:37, 38). Munuň üçin janaýamazlyk ruhy gerek bolýar. Emma şägirtleri üstünlikli taýýarlmak üçin başga häsiýetler-de gerek.
Sabyrly boluň, ýöne wagty elden bermäň
12, 13. Şägirt taýýarlamakda näme üçin sabyrly bolmak wajyp?
12 Bize şägirt taýýarlamakda sabyrlylyk hem kömek edýär. Biziň wagyz edýän habarymyz gaýragoýulmasyz işdir; ýöne köplenç şägirt taýýarlamak köp wagty we sabyrlylygy talap edýär (1 Korintoslylar 7:29). Isa dogany Ýakuba sabyrly boldy. Ýakup Isanyň näme barada wagyz edýänini gowy bilse-de, bir sebäbe görä şägirt bolmakdan saklanýardy (Ýahýa 7:5). Ýakup b. e. 33-nji ýylynda Isa ölenden soň Pentikost gününe çenli, gysga wagtyň içinde şägirt bolan bolmaly. Sebäbi Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ol ejesi, doganlary we resullar bilen doga etdi (Resullaryň işleri 1:13, 14). Ýakup ruhy taýdan tiz ösýär we oňa ýygnakda jogapkärli borç berilýär (Resullaryň işleri 15:13; 1 Korintoslylar 15:7).
13 Mesihçiler daýhan ýaly haýal ösýän zatlary ösdürmeli bolýarlar: Hudaýyň Sözüne düşünmegi, Ýehowa bolan söýgini we mesihçilere ýaraşýan ruhy. Bulary ösdürmek üçin sabyrly bolmaly. Ýakup şeýle diýdi: «Reb gelýänçä [Rebbiň barlygynda], sabyrly boluň. Ine, daýhan irki we soňky ýagşy alýança, ýeriň gymmatly hasyly üçin sabyrly garaşýar. Siz hem sabyrly boluň, ýüregiňizi berkidiň; çünki Rebbiň geler [Rebbiň barlygynyň] wagty golaýdyr» (Ýakup 5:7, 8). Ýakup imandaşlaryna «Rebbiň barlygynda sabyrly bolmagy» maslahat berdi. Isa şägirtleriniň käbir zada düşünmedik wagty, olara sabyrlylyk bilen düşündirip, mysallar getirýärdi (Matta 13:10—23; Luka 19:11; 21:7; Resullaryň işleri 1:6—8). Bize şu günlerem Isanyň barlygynda şägirt taýýarlamakda sabyrlylyk gerek. Häzirki günlerde-de Isanyň şägirdi bolanlar sabyrly öwretmeli (Ýahýa 14:9).
14. Biz şägirtleri sabyrlylyk bilen taýýarlap, wagtymyzy nädip paýhasly sarp etmeli?
14 Biz sabyrly bolsak-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlaýan adamlaryň köpüsi sözi kabul etse-de, ol hasyl bermeýär (Matta 13:18—23). Biz olara kömek etmek üçin tagalla edenimizden soň, wagtymyzy olara sarp etmän, Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň gadyryny bilýän adamlary gözlemeli (Wagyzçy 3:1, 6). Elbetde, akýürekli adamlar garaýşyny, ynamyny we durmuş gymmatlyklaryny üýtgeder ýaly, birnäçe wagt gerek bolar. Isanyň şägirtlerine dogry garaýyşda bolmak aňsat däldi, şol sebäpli Isa olara sabyrlydy. Biz-de sabyrly bolmaga çalyşmaly (Markus 9:33—37; 10:35—45).
Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
15, 16. Okuw geçirenimizde näme üçin sada dilde düşündirmeli we gowy taýýarlyk görmeli?
15 Şägirtleri üstünlikli taýýarlamakda esasy häsiýetler — Hudaýy söýmek, adamlaryň aladasyny etmek, janaýamazlyk we sabyrlylykdyr. Emma dürli soraglary aýdyň we sada dilde düşündirmek üçin öwretmek ukybyny kämilleşdirmeli. Beýik mugallym Isa Mesihiň aýdan sözleri täsirlidi, çünki onuň sözleri ýönekeýdi. Isanyň: «Özüňize gökde hazyna ýygnaň», «mukaddes zady itlere bermäň», «akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar», «kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýen sözleri ýadyňyza düşendir (Matta 6:20; 7:6; 11:19; 22:21). Isa diňe gysga jümleleri aýtmaýardy. Ol gerekli wagty soraglaryň manysyny aýdyň düşündirýärdi. Bize Isa ýaly öwretmäge näme kömek eder?
16 Aýdyň we sada dilde düşündirmek üçin gowy taýýarlanmak gerek. Taýýarlyksyz wagyzçy çendenaşa köp zady gürrüň berýär. Ol sorag barada ähli bilýän zatlaryny gürrüň berip, esasy pikirleri aýtmazlygy mümkin. Gowy taýýarlykly wagyzçy bolsa, okuw geçýän adam we geçjek temasy barada oýlanyp, diňe gerekli maglumaty berip, aýdyň düşündirýär (Süleýmanyň tymsallary 15:28; 1 Korintoslylar 2:1, 2). Ol adamyň bilýän zadyny göz öňünde tutup, haýsy pikirleri nygtap geçmelidigini bilýär. Wagyzçy tema barada köp jikme-jikleri bilse-de, aýdyň düşündirmek üçin artykmaç maglumaty bermeýär.
17. Biz adamlara nädip Mukaddes Ýazgylaryň esasynda oýlanmaga kömek edip bileris?
17 Isa adamlara ýöne bir maglumat bermän, olaryň oýlanmaga kömek edýärdi. Bir gezek ol Simundan şeýle sorady: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» (Matta 17:25). Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde käwagt hakykaty şeýle höwes bilen düşündirýäris welin, käte özümizi saklamaly bolýarys. Sebäbi öwrenýän adama pikirini aýdar ýaly ýa-da soragy düşündirer ýaly mümkinçilik bermeli. Biz köp sorag bermän, sypaýyçylyk bilen gowy mysallar we oýlandyryjy soraglar arkaly, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyzda ýazylan Hudaýyň Sözüniň pikirlerine düşünmäge kömek edýäris.
18. «Öwretmek ukybyny» kämilleşdirmäge nämeler degişli?
18 Mukaddes Ýazgylarda «öwüt-ündew [öwretmek ukyby, TD]» barada aýdylýar (2 Timoteos 4:2; Titus 1:9). Bu adama ýöne bir maglumaty ýatda saklamaga kömek etmek däl. Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama hakykaty hem ýalany, ýagşyny hem erbedi, paýhaslygy we akmaklygy saýgarmaga kömek etmeli (Matta 6:5, 6). Eger biz şeýle etsek we adamyň ýüreginde Hudaýa bolan söýgini ösdürmäge çalyşsak, ol näme üçin Hudaýa tabyn bolmalydygyna düşüner.
Şägirt taýýarlamakda yhlasly boluň
19. Şägirt taýýarlamak işine ähli mesihçiler nädip gatnaşýarlar?
19 Mesihçiler ýygnagy şägirt taýýarlaýan guramadyr. Bir adam Ýehowanyň Güwäçisi bolanda, diňe oňa wagyz eden we oňa Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge kömek eden mesihçi begenmeýär. Aýdaly, bir çaga ýitse, ony tapmak üçin gözleg topary döredilýär. Emma ýiten çagany topardan bir adam tapsa-da, ony gözlänleriň ählisi begenýär (Luka 15:6—8). Şonuň ýaly, şägirt taýýarlamak işine bütin ýygnak gatnaşýar. Isanyň şägirtleri boljaklary ähli mesihçiler gözleýär. Täze adam Patyşalyk zalyna, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlanda, oňa ýygnagyň her bir agzasy hakyky sežde üçin minnetdarlygyny ösdürmäge kömek edýär (1 Korintoslylar 14:24, 25). Şonuň üçin ähli mesihçiler her ýyl ýüzlerçe müň täze şägirtleriň goşulanyna şatlanyp bilerler
20. Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamlara öwretmek islegiňiz bolsa, näme etmeli?
20 Wepaly mesihçileriň köpüsinde kimdir birine Ýehowa barada we oňa nähili hakykatda sežde etmelidigini öwretmek islegi bardyr. Emma olaryň tagalla edýändigine garamazdan, muny etmäge olarda mümkinçilik bolan däldir. Eger siziň hem ýagdaýyňyz şeýle bolsa, Ýehowa bolan söýgiňizi artdyrmagy dowam ediň, adamlaryň aladasyny ediň, janyňyzy aýamaň, sabyrly boluň we öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň. Esasanam, adamlara hakykaty öwretmek islegiňiz barada Ýehowa doga ediň (Wagyzçy 11:1). Siz ruhdan düşmäň, çünki Hudaýa gulluk edeniňizde, edýän ähli işiňiz şägirt taýýarlamaga kömek edýär, bu bolsa Ýehowany şöhratlandyrýar.
Düşündirip bilersiňizmi?
• Şägirt taýýarlamak işine gatnaşmak näme üçin Hudaýa bolan söýgimizi görkezýär?
• Şägirt taýýarlaýan mesihçilere nähili häsiýetler gerek?
• «Öwretmek ukybyna» nämeler degişli?