ÖWRENILÝÄN MAKALA 29
«Gidiň-de,.. şägirt taýýarlaň»
«Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» (Mat. 28:19).
144-NJI AÝDYM Goý, olar halas bolsun!
MAKALANYŇ MAZMUNYa
1, 2. a) Matta 28:18—20-nji aýatlara görä, mesihçiler ýygnagynyň esasy maksady näme? b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?
DAGYŇ eteginde ýygnanan resullar gaty alada eden bolmaly. Şol ýere barmagy olara ölümden direlen Isa tabşyrypdy (Mat. 28:16). Şonda Isa «bir wagtyň özünde 500-den gowrak doganlara görnen» bolmaly (1 Kor. 15:6). Isa şägirtlerini ol ýere näme üçin ýygnadyka? Isa olara wajyp tabşyryk berýär. Ol: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýdi (Matta 28:18—20-nji aýatlary okaň).
2 Isanyň bu sözlerini eşiden şägirtler I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň agzasy boldular. Mesihçiler ýygnagynyň esasy maksatlarynyň biri adamlara Isanyň şägirdib bolmaga kömek etmekdi. Şu günler bütin ýer ýüzünde on müňlerçe mesihçiler ýygnagy bar we olaryň maksady hem üýtgemedi. Şu makalada biz dört soraga serederis: Şägirt taýýarlamak näme üçin örän wajyp? Şägirt taýýarlamak üçin näme etmeli? Şägirt taýýarlamak işine mesihçileriň ählisi gatnaşýarmy? Şägirt taýýarlanymyzda näme üçin sabyrly bolmaly?
ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK NÄME ÜÇIN ÖRÄN WAJYP?
3. Ýahýa 14:6 we 17:3-nji aýatlara görä, şägirt taýýarlamak işi näme üçin wajyp?
3 Şägirt taýýarlamak näme üçin örän wajyp? Sebäbi diňe Isanyň şägirtleri Hudaý bilen dostlaşyp bilýär. Şeýle-de Isadan görelde alýan adamlar häzirden durmuşyny gowulandyrýar we olaryň gelejekde ebedi ýaşamaga umydy bolýar (Ýahýa 14:6; 17:3-nji aýatlary okaň). Elbetde, Isa bize örän jogapkärli işi tabşyrdy, ýöne biz ony ýeke özümiz ýerine ýetirmeýäris. Pawlus resul özi we başga mesihçiler barada şeýle diýdi: «Biz Hudaýyň işdeşleridiris» (1 Kor. 3:9). Bikämil bolsak-da, Ýehowa bilen Isa bize, gör, nähili hormatly işi ynandy!
4. Iwan we Matilda bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?
4 Şägirt taýýarlamak işi köp şatlyk getirýär. Geliň, Kolumbiýada ýaşaýan Iwan we onuň aýaly Matilda bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek olar Dawýer atly ýaş oglana wagyz edýärler. Şonda ol şeýle diýýär: «Meniň durmuşymy üýtgedesim gelýär, ýöne muny başaramok». Dawýer ökde boksçydy, neşe çekýärdi, spirtli içgileri gaty köp içýärdi we Erika atly bir gyz bilen nikasyz ýaşaşýardy. Iwan dogan şeýle diýýär: «Dawýer çet obalaryň birinde ýaşaýardy. Şol oba barmak üçin biz tigirli palçykly ýoldan birnäçe sagat ýöremeli bolýardyk. Dawýeriň gowy tarapa üýtgeýändigini görende, Erika hem okuw geçip başlady». Wagtyň geçmegi bilen, Dawýer içmesini, neşe çekmegini we boks bilen meşgullanmagyny goýdy. Şeýle-de ol Erika bilen nikasyny kanun taýdan resmileşdirdi. Matilda şeýle diýýär: «2016-njy ýylda Dawýer bilen Erika suwa çümdürilende, Dawýeriň „Meniň durmuşymy üýtgedesim gelýär, ýöne muny başaramok“ diýen sözleri ýadymyza düşdi. Begenjimizden ýaňa gözýaşymyzy saklap bilmedik». Dogrudanam, kimdir birine Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek köp şatlyk berýär.
ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?
5. Şägirt taýýarlamak üçin, ilki bilen, näme etmeli?
5 Şägirt taýýarlamak üçin, ilki bilen, Ýehowa barada öwrenmek isleýän adamlary gözlemeli (Mat. 10:11). Adamlara Ýehowa hakda gürrüň berip, biz, hakykatdanam, onuň Şaýadydygymyzy subut edýäris. Isanyň tabşyrygyny berjaý etmek bilen bolsa, onuň şägirdidigimizi görkezýäris.
6. Wagzymyz netijeli bolar ýaly näme etmeli?
6 Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary öwrenmäge höwes bilen razylaşsa, başgalar birbada ruhy zatlar bilen onçakly gyzyklanmaýar. Şeýle ýagdaýda olaryň islegini artdyrmak üçin tagalla etmeli bolýar. Wagzymyz netijeli bolar ýaly, biz öňünden gowy taýýarlyk görmeli. Munuň üçin adamlary gyzyklandyrýan temalary saýlaň. Soňra olar bilen nädip gürrüňe başlap biljekdigiňiz hakda oýlanyň.
7. Nädip gürrüňe başlap bileris we näme üçin adamy ünsli diňlemeli hem-de garaýşyna hormat goýmaly?
7 Mysal üçin, siz adama şeýle diýip bilersiňiz: «Bütin dünýäde adamlar şol bir kynçylyklara uçraýarlar. Siziň pikiriňizçe, ýer ýüzündäki hökümetler adamlaryň kynçylyklaryny çözüp bilermikä?» Soňra Danyýel 2-nji babyň 44-nji aýadyna esaslanyp, gürrüňdeş bolup bilersiňiz. Ýa-da şeýle diýip bilersiňiz: «Çagalarymyza gowy terbiýe bermäge näme kömek ederkä?» Soňra Kanun taglymaty 6-njy babyň 6, 7-nji aýatlary esasynda gürrüňi dowam edip bilersiňiz. Nähili temany saýlasaňyz-da, wagyz etjek adamlaryňyz hakda oýlanyň. Mukaddes Ýazgylardan öwrenjek zatlarynyň olara nähili peýda berjekdigi hakda pikirleniň. Adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, olary ünsli diňläň we garaýşyna hormat goýuň. Şonda olaryň ýagdaýyna düşünmek aňsat bolar. Olar hem aýdýan zatlaryňyzy höwes bilen diňlär.
8. Näme üçin adamy gaýta-gaýta idemeli bolýar?
8 Adam okuw geçmäge razylaşýança, käwagt köpräk wagt gerek bolýar we ony gaýta-gaýta idemeli bolýar. Näme üçin? Sebäbi adamlary köplenç öýünde tapmak kyn bolýar. Şeýle-de adam size öwrenişýänçä we okuw geçmäge razylaşýança, ony birnäçe gezek idemeli bolýar. Ösümligiň ösmegi üçin, ony wagtly-wagtynda suwaryp durmaly. Edil şonuň ýaly adamyň Ýehowa we Isa bolan söýgüsini ösdürmek üçin, onuň bilen Mukaddes Ýazgylar esasynda yzygider gürrüňdeş bolmaly.
ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK IŞINE MESIHÇILERIŇ ÄHLISI GATNAŞÝARMY?
Şaýatlar bütin dünýäde akýürekli adamlary gözlemek işine gatnaşýar (9, 10-njy abzaslara serediň)c
9, 10. Näme üçin akýürekli adamlary tapmak işine her bir mesihçi gatnaşýar diýse bolar?
9 Aslynda, her bir mesihçi akýürekli adamlary tapmak işine gatnaşýar. Muny ýiten çagany gözlemek bilen deňeşdirse bolýar. Geliň, bir bolan waka seredeliň. Bir gezek üç ýaşly oglanjyk ýitende, 500 töweregi adam onuň gözlegine çykýar. 20 sagatlap gözlänlerinden soň, olaryň biri çagany mekgejöwenli meýdandan tapýar. Emma ol çagany ýeke özüm tapdym diýip pikir etmeýär. Şol sebäpli ol: «Ony biziň hemmämiz bile tapdyk» diýýär.
10 Şu günler köp adamlar şol ýiten çaga meňzeýär. Olar özüni umytsyz duýýar, ýöne kömek edilmegini hem isleýär (Efes. 2:12). Akýürekli adamlary gözlemek işine şu günler 8 milliondan gowrak adamlar gatnaşýar. Mümkin, siz heniz Mukaddes Ýazgylary öwrenmek isleýän adamy tapan dälsiňiz. Ýöne ýaşaýan ýeriňizdäki başga wagyzçylar tapandyr. Haçan-da bir dogan ýa-da uýa Isanyň şägirdi bolmak isleýän adamy tapanda, ählimiz bilelikde şatlanýarys. Sebäbi muňa her birimiz öz goşandymyzy goşýarys.
11. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeseňiz-de, şägirt taýýarlamak işine nädip öz goşandyňyzy goşup bilersiňiz?
11 Hatda siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeseňiz-de, şägirt taýýarlamak işine öz goşandyňyzy goşup bilýärsiňiz. Meselem, siz ýygnaga täze gelýänleri mähirli garşylap, olary goldap bilersiňiz. Şonda olar araňyzdaky doganlyk söýgini görüp, siziň Isanyň hakyky şägirtleridigiňize göz ýetirer (Ýah. 13:34, 35). Şeýle-de ýygnakda gysgajyk jogaplary berip, olara ynanýan zatlary hakda ýürekden we hormat bilen aýtmagy öwredip bilersiňiz. Mundan başga-da, täze wagyzçy bilen wagza çykyp bilersiňiz, adamlar bilen gürrüňdeş bolanda, aýatlary nädip ulanmalydygyny öwredip bilersiňiz. Şeýdip, siz olara Isanyň göreldesine eýermäge kömek edersiňiz (Luka 10:25—28).
12. Şägirt taýýarlamak üçin üýtgeşik ukybyň bolmagy hökmanmy? Düşündiriň.
12 Adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek üçin üýtgeşik ukybyň bolmagy hökman däl. Geliň, Boliwiýada ýaşaýan Faustina bilen bolan waka seredeliň. Ol ilkinji sapar Ýehowanyň Şaýatlaryna duşanda sowatsyzdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, ol biraz okamagy öwrendi. Faustina häzir suwa çümdürilen uýamyz; ol adamlara hakykaty höwes bilen öwredýär. Ol her hepde bäş adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Faustina okuw geçýänleri ýaly gowy okap bilmese-de, alty adama suwa çümdürilmäge kömek etdi (Luka 10:21).
13. Näçe işli bolsak-da, şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagyň nähili peýdasy bar?
13 Mesihçileriň köpüsi dürli borçlary ýerine ýetirýär. Emma olar şonda-da adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin wagtyny sarp edýär we mundan köp şatlyk tapýar. Melani uýa Alýaskanyň çet ýerinde ýaşaýardy. Ol 8 ýaşly gyzyny ýeke özi terbiýeleýärdi, uzakly gün işleýärdi we rak keselinden ejir çekýän kakasynyň aladasyny edýärdi. Üstesine-de, ýaşaýan şäherinde ondan başga Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Melani iň bolmanda bir adam bilen okuw geçmegi arzuw edýärdi. Şonuň üçin howanyň sowukdygyna garamazdan, wagza gidip biler ýaly, Ýehowadan hemişe güýç diläp doga edýärdi. Bir gezek ol Sara atly bir aýal bilen tanyşýar. Ol Hudaýyň adynyň bardygyny bilende, begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýar. Biraz wagtdan Sara Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar. Melani şeýle ýatlaýar: «Her hepdäniň bäşinji güni öýe lütüm çykyp gelýärdim. Ýöne gyzym bilen şonda-da okuw geçmäge gidýärdik. Bu biziň ikimize-de peýda getirdi. Sebäbi Sara köp soraglary berýärdi. Bizem olaryň jogabyny tapmak üçin gözleg geçirýärdik. Saranyň Ýehowanyň dosty bolýandygyny görüp, gaty begenýärdik». Sara köp garşylyklara duçar bolýar, ýöne synaglara batyrgaýlyk bilen döz gelýär, buthana gatnamagyny goýýar we suwa çümdürilýär.
ŞÄGIRT TAÝÝARLANYMYZDA NÄME ÜÇIN SABYRLY BOLMALY?
14. a) Şägirt taýýarlamaklygy näme üçin balyk tutmak bilen deňeşdirse bolýar? b) Pawlusyň 2 Timoteos 4:1, 2-nji aýatlardaky sözleri näme etmäge höweslendirýär?
14 Eger wagzyňyz hiç hili netije bermeýän ýaly bolup görünse, ruhdan düşmäň we Isanyň şägirdi bolmak isleýän adamlary gözlemegiňizi dowam ediň. Ýadyňyzda bolsa, Isa şägirt taýýarlamaklygy balyk tutmak bilen deňeşdirdi. Käwagt balykçylar toruna balyk düşýänçä, sagatlap garaşmaly bolýar. Olar köplenç ýarygijä çenli işlemeli ýa-da daň bilen turmaly bolýar. Käte bolsa, kenardan has uzaga ýüzmeli bolýarlar (Luka 5:5). Şonuň ýaly şägirt taýýarlamak işine gatnaşýan käbir wagyzçylar dürli wagtda we dürli ýerlerde wagyz edip, ençeme sagatlap sabyrlylyk bilen «balyk tutýarlar». Olar näme üçin şeýle edýärkäler? Sebäbi şeýdip köpräk adama wagyz etse bolýar. Köpräk tagalla edýän dogan-uýalar köplenç hakykat bilen gyzyklanýan adamlary tapýarlar. Şol sebäpli adamlaryň öýünde bolaýjak wagty barsak ýa-da adamlaryň köpräk ýerinde wagyz etsek gowy bolar (2 Timoteos 4:1, 2-nji aýatlary okaň).
Okuw geçýänleriňize ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin sabyrly boluň (15, 16-njy abzaslara serediň)d
15. Näme üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde sabyrly bolmaly?
15 Näme üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde hem sabyrly bolmaly? Munuň bir sebäbi, biz okuw geçýän adama diňe bir Ýazgylardaky hakykatlary bilmäge we olary gymmat saýmaga däl-de, Ýazgylaryň awtory Ýehowany söýmäge kömek etmek isleýäris. Şeýle-de olara Isanyň öz şägirtlerinden diňe bir nämä garaşýandygyny däl-de, onuň taglymatlaryna nädip eýermelidigini düşündirmeli. Okuw geçýän adama Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere nädip eýermelidigini öwretmek üçin sabyrly bolmaly. Käbirlerine endiklerini, garaýşyny üýtgetmek üçin birnäçe aý ýeterlik bolsa, başgalara has köpräk wagt gerek bolýar.
16. Raul bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
16 Peruda missioner bolup gulluk eden bir dogan bilen bolan waka sabyrly bolmagyň sylaglanýandygyny görkezýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men Raul atly bir adam bilen okuw geçýärdim. Ol iki kitaby hem öň geçip gutarypdyr. Ýöne henizem durmuşynda üýtgetmeli zatlary bardy. Ol hapa sögünýärdi, maşgalasynda-da kynçylyklar bardy, çagalary hem ony asla äsgermeýärdi. Raul ýygnak duşuşyklaryna galman gatnaýandygy üçin, men wagtal-wagtal ony we maşgalasyny idäp, olara kömek etmäge çalyşýardym. Raul bilen ilkinji sapar tanşan günümden, ol suwa çümdürilýänçä, üç ýyldan gowrak wagt gerek boldy».
17. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
17 Isa bize: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýip tabşyrdy. Käwagt wagyzda dünýägaraýşy biziňkiden düýpgöter tapawutlanýan adamlara duşýarys. Olaryň arasynda Hudaýyň bardygyna ynanmaýan we hiç bir dine goşulmak islemeýän adamlar hem bar. Indiki makalada şeýle adamlara nädip wagyz etmelidigi hakda gürrüň ederis.
44-NJI AÝDYM Şatlyk bilen hasyl ýygýarys
a Mesihçiler ýygnagynyň esasy maksatlarynyň biri adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek. Şu makalada biz şägirt taýýarlamaga kömek etjek käbir peýdaly maslahatlara serederis.
b DÜŞÜNDIRIŞ: Isanyň şägirtleri ýöne bir onuň öwreden taglymatlaryny bilmek bilen çäklenmän, olara eýerip ýaşaýarlar. Olar Isanyň galdyran göreldesine birkemsiz eýermäge, ýagny ähli zatda ondan görelde almaga çalyşýarlar (1 Pet. 2:21).
c SURAT: Dynç alşa barýan bir adam aeroportda Ýehowanyň Şaýatlaryndan kitapça alýar. Soňra şäherde aýlanyp ýörkä, stendli wagyz edýän başga dogan-uýalary görýär. Öz şäherine gelende bolsa, iki dogan öýüne gelýär.
d SURAT: Soňra ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär we suwa çümdürilýär.