Şägirt taýýarlamakda şatlanyň
«Gidiň-de... şägirt ediň» (MAT. 28:19).
1—3. a) Wagyzçylaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek mümkinçiligine nähili garaýarlar? b) Biz haýsy soraglara serederis?
ABŞ-nyň hindi toparynda gulluk edýän bir uýa şeýle ýazýar: «Men üç aýdan bäri Pakistandan gelen maşgala bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin. Biz has ýakyn dostlaşdyk. Olaryň tizden Pakistana gitmelidigi barada pikirlenenimde, meniň gözüm ýaşdan dolýar. Men gynanyp aglaýaryn, sebäbi olara Ýehowa barada bilim bermekden köp şatlyk tapýaryn, indi bolsa olar bilen hoşlaşmaly».
2 Siz şol uýa ýaly kimdir biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekden şatlyk tapyp gördüňizmi? I asyrda Isa we onuň şägirtleri şägirt taýýarlamak işinden uly şatlyk tapdylar. Isadan tälim alan ýetmiş şägirdi öwrülip gelip, üstünlikli gullugy barada gürrüň berenlerinde, olaryň Mugallymy «Mukaddes Ruh arkaly şatlandy» (Luka 10:17—21). Şu günlerem köp mesihçiler şägirt taýýarlamak işinden örän ruhlanýarlar. 2007-nji ýylda, yhlasly wagyzçylar her aý, ortaça alty ýarym million Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler!
3 Emma käbir wagyzçylarda entek Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek mümkinçiligi bolmady. Käbirleri bolsa birnäçe ýyldan bäri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeýärler. Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýän adamy tapmak üçin nähili kynçylyklara duşarys? Olary nädip ýeňmeli? Biz Isanyň: «Gidiň-de, şägirt ediň» diýen tabşyrygyny ak ýürekden ýerine ýetirsek, nähili sylag alarys? (Mat. 28:19).
Bize şatlanmaga päsgel berýän kynçylyklar
4, 5. a) Käbir ýurtlarda hoş habara nähili seslenýärler? b) Ýurtlaryň käbirinde wagyzçylar nähili kynçylyklara duşýar?
4 Käbir ýurtlarda adamlar biziň edebiýatymyzy höwes bilen alýar we biziň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärler. Zambiýada birnäçe wagt gulluk eden awstraliýaly är-aýal şeýle diýýär: «Bu hakykatdan-da şeýle. Zambiýa — wagyz etmek üçin jennet. Köçede wagyz etmek örän gowy! Adamlaryň özi biziň ýanymyza gelýär, birnäçeleri bolsa žurnalyň käbir sanlaryny soraýarlar». Bir ýylyň dowamynda Zambiýadaky dogan-uýalar iki ýüz müňden gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler, ýagny ortaça hasap bilen alanyňda, her bir wagyzçy birden gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär.
5 Emma başga ýerlerde wagyzçylara edebiýaty ýaýratmak we yzygiderli Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek aňsat däl. Näme üçin? Köplenç wagyzçylar adamlaryň öýüne baranda, olar öýünde bolmaýar, öýünde bolanlar hem din bilen gyzyklanmaýar. Belki, adamlaryň köpüsi dine uýmaýan maşgalada terbiýe alandyr ýa-da ýalan diniň aýan bolan ikiýüzligi olara erbet täsir edendir. Adamlaryň köpüsi ruhy taýdan ýalan dini mugallymlaryň günäsi sebäpli alaçsyz we pytraňňy ýagdaýda (Mat. 9:36). Şeýle adamlaryň Mukaddes Ýazgylar barada söhbetdeş bolmak islemeýändigi geň galdyrmaýar.
6. Käbir wagyzçylara Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge näme päsgel berýär?
6 Käbir wepaly wagyzçylar başga kynçylyga görä şatlygyny ýitirýär. Bir wagt olar şägirt taýýarlamakda yhlaslydy, indi bolsa saglygynyň ýarawsyzlygy ýa-da ýaşynyň gartaşanlygy olara päsgel berýär. Şeýle-de ýagdaýy biziň özümiz kynlaşdyrýarys. Meselem, sen özüňi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip bilmeýän ýaly hasaplaýarmyň? Belki, sende-de Musanyňky ýaly duýgular bardyr. Ýehowa Musany faraon bilen gepleşmäge ibermekçi bolanda, Musa: «Eý, Taňrym... öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadym» diýdi (Müs. çyk. 4:10). Öz güýjüňe bolan şeýle ynamsyzlyk şowsuzlyga uçraryn diýen gorky sebäpli bolýar. Bikämil mugallym bolanymyz üçin bizde şägirt taýýarlap bilmerin diýen gorky bolmagy mümkin. Synanyşyp görmegiň deregine biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekden boýun gaçyrýarys. Bu kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge bize näme kömek eder?
Ýüregiňizi taýýarlaň
7. Isa näme üçin gulluk edýärdi?
7 Ilki bilen, ýüregiňizi taýýarlaň. Isa: «Agyz ýüreginden joşanyny sözleýändir» diýdi (Luka 6:45). Isa adamlar bilen ýürekden gyzyklanandygy üçin gulluk edýärdi. Ol ruhy garyplary görende «olara haýpy geldi». Ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol... hasyly ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» (Matta 9:36-38).
8. a) Näme barada pikirlensek, bize peýdaly bolar? b) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän aýalyň hatyndan biz nämäni bildik?
8 Ýehowanyň Güwäçileriniň okuw geçirmek üçin bize sarp eden wagtynyň uly kömek berenini unutmalyň. Şägirt taýýarlanymyzda bu barada pikirlensek, bize-de kömek eder. Şeýle-de wagyz eden adamlaryňyz barada pikirleniň. Biziň hoş habarymyz olara nähili bereketler getirip biler? Bir aýal Ýehowanyň Güwäçileriniň filialyna şeýle hat ýazýar: «Meniň bilen öýde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän Ýehowanyň Güwäçilerine minnetdarlyk bildirýärin. Sebäbi meniň bilen okuw geçmek ýeňil däl, men köp sorag berip olaryň wagtyny alýaryn. Ýöne olar sabyrlylyk we höwes bilen öwredýärler. Meni şolar bilen duşuran Ýehowa hem Isa minnetdar».
9. Isa nämä üns berdi we biz oňa nädip eýerip bileris?
9 Isa adamlara kömek etmek islýär, emma käbirleri kabul etmedi (Mat. 23:37). Şägirtleriň käbiri ilki Isanyň yzyna eýerdiler, soňra taglymatlary bilen razylaşman «Onuň bilen tirkeşmegi goýdular» (Ýahýa 6:66). Emma käbirleri Isanyň aýdanlaryna garşy bolsa-da, hoş habary peýdasyz hasaplamady. Onuň eken tohumynyň köpüsi hasyl bermese-de, ol ýagşy işlerini dowam etdi. Ol ekin meýdanynyň oruma taýýardygyny gördi we oňa gatnaşyp, şatlandy (Ýahýa 4:35, 36-njy aýatlary okaň). Biz wagyz edýän ýerimizde bugdaý baldagynyň arasyndaky diňe bir boş ýeri däl, eýsem onuň berip biljek hasylyny hem görýärismi? Geliň, şeýle dogry garaýyşda bolmaga nämäniň kömek etjekdigine seredeliň.
Hasyl almak üçin ekiň
10, 11. Size şatlykly bolmaga näme kömek eder?
10 Kärendeçi hasyl almak üçin ekin ekýär. Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak maksady bilen wagyz etmeli. Eger sen yzygiderli wagyz etseň, ýöne köp adamlary öýünde tapmasaň ýa-da ikilenç ideg edende gyzyklanýan adamlar öýünde bolmasa, näme etmeli? Bu sizi gynandyryp biler. Şeýle ýagdaýda öýden-öýe wagyz etmegi bes etmelimi? Ýok! Çünki wagt bilen synalan bu usul arkaly şu günlere çenli köp adamlar hakykaty bilýär.
11 Şatlygyňy ýitirmez ýaly, öýden-öýe wagyz etmekden başga-da usullary ulanyp görseňiz nähili bolar?! Mysal üçin, siz adamlara köçede ýa-da iş ýerinde wagyz edip gördüňizmi? Siz telefon arkaly wagyz etdiňizmi ýa-da wagyz eden adamlaryňyz bilen habarlaşmak üçin telefon nomerini soradyňyzmy? Wagyzda erjel we başarnykly bolsaňyz, hoş habara seslenýän adamlary taparsyňyz hem-de ruhlanarsyňyz.
Parhsyzlyga döz geliň
12. Wagyz edýän ýerimizde adamlaryň köpüsi hoş habara parhsyz garasa, biz näme etmeli?
12 Wagyz edýän meýdançaňyzda adamlaryň köpüsi din bilen gyzyklanmasa, näme etmeli? Siz olary gyzyklandyrýan zat barada gürrüň açyp bilersiňizmi? Pawlus resul Korintosdaky imandaşlaryna şeýle diýdi: «Men ýehudylary gazanjak bolup, ýehudylara ýehudy boldum... Hudaýyň garşysynda kanunsyz bolman... kanuny ýoklary gazanjak bolup, kanuny ýoklara kanuny ýok kimin boldum». Pawlusy şeýle etmäge näme höweslendirýär? Ol: «Her niçik-de bolsa, käbirlerini gutarjak bolup, her kese her zat boldum» diýdi (1 Kor. 9:20—22). Biz wagyz edýän ýerimizde adamlaryň dilini tapmak üçin näme edip bileris? Dine uýmaýan adamlaryň köpüsi maşgalasynyň bagtly bolmagyny isleýär. Belki, olar durmuşyň manysyny gözleýändir. Biz şeýle adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly hoş habary wagyz edip bilerismi?
13, 14. Şägirt taýýarlamak işinde şatlygymyzy nädip artdyryp bileris?
13 Köp adamlaryň hoş habara parhsyz garaýan ýerlerinde şägirt taýýarlamak işinden şatlyk tapýan wagyzçylaryň sany barha artýar. Nädip? Olar daşary ýurt dilini öwrenýärler. 60 ýaşy arka atan bir är-aýal ýygnagyň territoriýasynda Hytaýdan gelen müňlerçe talyplaryň maşgalasy bilen ýaşaýandygyny bildi. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz hytaý dilini öwrenmegi ýüregimize düwdük . Biz bu dili öwrenmek üçin her gün köp wagt sarp etdik, netijede, hytaýlar bilen ençeme Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladyk».
14 Siz daşary ýurt dilini öwrenip bilmeseňiz, onda «Bütin halklaryň adamlary üçin hoş habar» atly broşýura arkaly başga dilde gepleýän adamlara wagyz edip bilersiňiz. Adatça, olaryň ene dilinde edebiýat sargasa bolýar. Dogrusyny aýdanyňda, başga dilde gepleýän we medeniýeti tapawutlanýan adamlar bilen gepleşmek üçin köp wagt hem güýç sarp etmeli bolýar. Ýöne Hudaýyň Sözündäki: «Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar» diýen prinsipi ýadyňyzdan çykarmaň (2 Kor. 9:6).
Ähli ýygnagyň işi
15, 16. a) Näme üçin şägirt taýýarlamak bütin ýygnagyň işi? b) Bu işe gartaşan dogan-uýalar nädip kömek berýär?
15 Şägirt taýýarlamak — ýeke bir adamyň işi däl. Muňa bütin ýygnak gatnaşýar. Näme üçin? Isa şeýle diýdi: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35). Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlan adam ýygnaga gelende, köplenç, oňa ýygnakdaky söýgi täsir edýär. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bir aýal şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnaga barmagy gowy görýärin! Ol ýerdäki adamlar örän mähirli!» Isa onuň şägirdi bolanlara dogan-garyndaşlary tarapyndan garşylygyň boljagyny aýtdy (Matta 10:35—37-nji aýatlary okaň). Emma Isa olara ýygnakda ruhy «doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar» tapjagyny ynandyrdy (Mar. 10:30).
16 Gartaşan dogan-uýalar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäne üstünlikler etmäge uly kömek berýärler. Nädip? Gartaşan dogan-uýalaryň käbiri Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirip bilmese-de, ýygnakda ruhlandyryjy jogap bermek bilen, ýygnakdakylaryň imanyny berkidýär. Olar köp wagtdan bäri «dogrulyk ýolunda» ýöreýärler. Olar ýygnagyň bezegi bolup, ak ýürekli adamlary Hudaýyň guramasyna gelmäge höweslendirýär (Sül. tym. 16:31).
Gorkyny ýeňeliň
17. Özümize bolan ynamsyzlygy ýeňmäge näme kömek edýär?
17 Belki, siz özüňize bolan ynamsyzlyk bilen göreşýänsiňiz? Ýehowanyň Musa mukaddes ruhy we dogany Harun arkaly beren kömegini ýada salyň (Müs. çyk. 4:10—17). Isa hoş habary wagyz etmekde Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömek etjegini wada berdi (Res. iş. 1:8). Isa wagyz etmäge şägirtlerini iki-ikiden ýollady (Luka 10:1). Eger-de Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip bilmerin öýdüp gorksaňyz, akyldarlyk berýän Hudaýyň mukaddes ruhuny diläň. Şeýle-de size ynamly bolmaga kömek etjek we tejribesi peýdaly boljak wagyzçy bilen gulluk ediň. Ýehowa bu uly işi ýerine ýetirmek üçin «dünýäniň ejiz saýýanlaryny», sada adamlary bilgeşleýin saýlandygyny ututmaň. Bu biziň imanymyzy has-da berkidýär (1 Kor. 1:26—29).
18. Şowsuzlykdan gorkyny ýeňmäge näme kömek edýär?
18 Şowsuzlykdan gorkyny nädip ýeňmeli? Şägirt taýýarlamak — nahar taýýarlamakda ähli zdyň bir adama, ýagny aşpeze bagly bolşy ýaly däldigini ýatda saklasak, peýdaly bolar. Şägirt taýýarlamakda azyndan üç şahsyýet gatnaşýar. Ony hakykata getirmekde, Ýehowa esasy orny eýeleýär (Ýahýa 6:44). Biz we ýygnagyň beýleki agzalary okuw geçýäne ruhy taýdan ösmek üçin öwretmekde ussat bolmaga jan edýäris (2 Timoteos 2:15-i okaň). Okuw geçýän adam bolsa öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaly (Mat. 7:24—27). Eger Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam okuw geçmegini bes etse, käte biz gynanýarys. Elbetde, biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam dogry karara geler diýip umyt edýäris, ýöne her bir adam «özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rim. 14:12).
Bize nähili sylag garaşýar?
19—21. a) Bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek bize nähili kömek berýär? b) Wagyz gullugyna gatnaşýanlaryň ählisine Ýehowa nähili garaýar?
19 Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaly. Şeýle-de Hudaýyň Sözündäki hakykat biziň aňymyza we ýüregimize täsir edýär. Näme üçin? Pioner bolup gulluk edýän Barak atly doganymyz şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňde Hudaýyň Sözüne has gowy düşünýärsiň. Birine öwretmezden öň, öz imanyň berk bolmalydygyny bilýärin».
20 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeýän bolsak, biziň gullugymyz Hudaýyň öňünde gymmatly dälmi? Elbetde ýok! Ony şöhratlandyrmakda edýän tagallamyzy Ýehowa gymmat saýýar. Wagyz gullugyna gatnaşýanlaryň ählisi «Hudaýyň işdeşleridir». Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde şatlygymyz artýar, çünki eken tohumymyzy Hudaýyň ösdürýändigini görýäris (1 Kor. 3:6, 9). Emi atly pioner uýamyz şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamyň edýän üstünligini göreniňde, Ýehowa bolan minnetdarlygyň artýar. Sebäbi seniň kömegiň bilen Ýehowa ol adama Hudaýy tanamak we ebedi ýaşaýşa eýe bolmak sowgadyny berýär».
21 Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak we geçirmek üçin tagalla etsek, şu günler ünsümizi Hudaýa gulluk etmäge gönükdirer we täze dünýäde ýaşamak umydymyzy berkider. Biz Ýehowanyň goldawy bilen hoş habary diňleýänlere kömek edip bileris (1 Timoteos 4:16-ny okaň). Bu örän köp şatlyk berer!
Ýadyňyzdamy?
• Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge näme päsgel berip biler?
• Wagyz edýän ýerimizde adamlaryň köpüsi parhsyz garaýan ýaly görünse, biz näme etmeli?
• Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek bilen nähili bereketler alýarys?