«Isa Mesihe eýeriň!» kongresine çagyrmagyň bütindünýä kampaniýasy
1 Geçen ýyly «Gutulyş golaýlady!» atly kongrese çagyrmak üçin alnyp barlan bütindünýä kampaniýasy ýürekdeş adamlara güýçli täsir etdi. Çakylygy kabul edip, kongrese gelenler Ýehowanyň Güwäçileriniň ruhy baýramçylygynyň bar ajaýyplygyny öz gözi bilen gördüler (Iş. 65:13). Mesihçileriň agzybirligini we dostlukly gatnaşygyny görmek, olara nähili gowy täsir edendir! (Zeb. 133:1). «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongrese köpräk adam geler ýaly, ýörite çakylyk haty bütin dünýäde ýene-de ýaýradylar.
2 Geçen ýylyň netijesi. Bütin dünýä hasabatyna görä, «Gutulyş golaýlady!» atly welaýat kongresine çagyrmak üçin alnyp barlan kampaniýa gowy netije berdi. Köp şäherlerde jemgyýetçilik guramalary kampaniýa barada gowy seslendiler. Meselem, bir şäherde gazetde alty sütünli makala çap edildi. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Biziň şäherimizdäki Güwäçiler hemmeleri çagyrmak üçin işeňňir boldular. Olar köp wagyz edip, daş ýerlere çenli baryp ýetdiler we örän gysga sözleýärler». Başga bir şäherde-de guramaçylykly geçen kampaniýa göze ilmän galmady we ýerli metbugatda ol barada giňden beýan edildi. Kongresiň öňüsyrasynda geçirilen kampaniýa barada, azyndan, üç gazetde gowy seslenme çap edildi. Bir žurnalistiň ýazan birnäçe uly makalalary dynç güni çap edilýän gazetiň iki sahypasyny eýeledi. Makalada biziň imanymyz, dostlugymyz, ýaýradan çakylyk hatlarymyz we kongres barada jikme-jik gürrüň berilýär. Uýamyz gapyny kakyp, bir aýala çakylyk haty hödürlände, ol dessine şeýle diýdi: «Ýogsa-da, men ýap-ýaňyja bu barada gazetde okadym». Başga bir aýal: «Men edil şu wagt siz barada okaýaryn, wagtynda geldiňiz! Siz maňa çakylyk hatyny getirdiňizmi?» diýdi. Soňra dowam edip: «Siz, Ýehowanyň Güwäçileri, haýyrly iş edýärsiňiz» diýdi.
3 Gyzyklanýan adamlaryň köpüsi kongrese çakylyk haty bilen geldiler. Olaryň käbiri uzak şäherlerdendi. Şeýle tagalla edileni üçin, kongrese hemişekiden köp adam gatnaşdy. Meselem, bir döwletde geçen ýylkydan 27 göterim köp adam geldi.
4 Mesihiň yzyny eýermekden başga möhüm zat bolup bilermi?! (Ýahýa 3:36). Şu ýylyň welaýat kongresine gatnaşan adamlar Mesihiň yzyny alyp götermegi öwrenerler. Galyberse-de, «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongresine çagyrmak üçin bilelikde eden tagallamyz arkaly ýene-de ajaýyp güwälik ediljegine umyt edip bileris.