Gulluk duşuşygynyň tertibi
Bellik. Tomus aýlary «Hudaýa gullugymyzda» gulluk duşuşygynyň her hepdedäki meýilnamasy çap ediler. Ýygnaklar «Isa Mesihe eýeriň!» atly kongres bilen baglanyşykly düzedişleri girizip biler. Ýerlikli bolsa kongresiň öň ýanyndaky iň soňky gulluk duşuşygynda, «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanynda berlen içki sahypasyndaky gerekli maslahatlary we ýatlatmalary gaýtalamaga 15 minut sarp ediň. Kongresden bir ýa-da iki aý geçenden soň, gulluk duşuşyklaryň birinde wagyz üçin gerekli bolan kongresiň meýilnamasyndan peýdaly pikirleri gaýtalamaga 15—20 minut (meselem, «Ýerli zerurlyklaryň» deregine) sarp ediň. Gaýtalamagy wagyz gözegçisi geçirmeli. Diňleýjilerden şol pikirleri wagyz gullugynda nädip ulanýandygyny ýa-da ulanmak isleýändigini gürrüň bermegi haýyş et.
Gurbansoltan aýynyň 9-ynda başlanýan hepde
23-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da başga usullary ulanyp, ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Şol sahnalaryň birinde wagyzçy indiki sapar jogap bermek üçin açyk sorag galdyrýar.
15 min. «Şägirt taýýarlamak işine hemmeler gatnaşyp biler»a. 4-nji abzasy ara alyp maslahatlaşanyňyzda, diňleýjilerden suwda çokundyrylmanka, dogan-uýalaryň nädip ruhlandyrandygyny gürrüň bermegi haýyş et. Bir-iki jogaby öňünden taýýarlap bolar.
20 min. «Adamlary diňlemäge nädip höweslendirmeli?»b. Iki wagyzçy «Mekdep gullugy» diýen kitapdaky maslahatlary ulanyp, öýden-öýe wagyz edende, nädip has mähirli bolup biljekdiklerini ara alyp maslahatlaşsyn, s. 118—120.
43-nji aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 16-synda başlanýan hepde
6-njy aýdym.
10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler.
15 min. «Hudaýyň sözüni gorkusyz sözläň»c. Wagt bolsa Mukaddes Ýazgylardan getirilýän aýatlary diňleýjilerden düşündirmegi haýyş et.
20 min. «Adamlar öýünde ýok bolsa...»d. Wagyz gözegçisi çykyş edýär.
25-nji aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 23-inde başlanýan hepde
16-njy aýdym.
10 min. Ýerli bildirişler. Indiki gulluk duşuşygynda ara alyp maslahatlaşmak üçin öňünden taýýarlyk görer ýaly, hemmeleri «Ýaşlaryň sowallary. Durmuşymy nämä bagyş etmeli?» diýen filmi görmäge höweslendir. «Esasy menýu» diýen çarçuwa üns berip, gerek bölümi nädip saýlamalydygyny düşündirmeli. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki hödüri sahnalaşdyryň.
10 min. Nur saçýan yşyk nähili ajaýyp! 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 15-inde çykan «Gözegçilik diňi» žurnalynyň 12—14-nji sahypalaryna esaslanan nutk.
25 min. «Özüňizi mynasyp alyp baryp, Isa Mesihe eýeriň»e. Ýygnagyň kätibi çykyş edýär. Siziň ýygnagyňyzyň haýsy kongrese çagyrylandygyny aýt. «Welaýat kongresi barada ýatlatmalar» diýen çarçuwany we «Isa Mesihe eýeriň!» kongresine çagyrmagyň bütindünýä kampaniýasy» atly makalany ara alyp maslahatlaş.
7-nji aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 30-ynda başlanýan hepde
13-nji aýdym.
10 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Gurbansoltan aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmalydygyny ýatlat.
15 min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Durmuşyňy nämä bagyş etjek?» (1-nji bölüm)f. 1, 2-nji abzaslara gysgaça seredip, derrew ara alyp maslahatlaşmaga geç. 3, 4-nji abzaslardaky soraglaryň ählisini ber. 3-nji abzasdaky 4-nji soraga seredeniňde, Mukaddes Ýazgylardan getirilen iki aýady hem okamaly. Soňunda «Esasy menýu» diýen çarçuwany ara alyp maslahatlaş. Indiki gulluk duşuşygynda ara alyp maslahatlaşmak üçin öňünden taýýarlyk görer ýaly, hemmeleri «Interwýu» we «Goşmaça maglumat» diýen bölümi seretmäge höweslendir.
11-nji aýdym we jemleýji doga.
Magtymguly aýynyň 7-sinde başlanýan hepde
27-nji aýdym.
5 min. Ýerli bildirişler.
15 min. Dini duşuşyklar üçin ýerler. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 11-nji babyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik.
25 min. «Durmuşyňy nämä bagyş etjek?» (2-nji bölüm)g. Derrew ara alyp maslahatlaşmaga geç. 5—7-nji abzaslardaky ähli soraglary ber. Soňunda 8-nji abzasdaky mähirli höweslendirmäni oka.
23-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
f Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
g Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.