Şägirt taýýarlamak işine hemmeler gatnaşyp biler
1 Şägirt taýýarlamak üçin bir adamyň edýän tagallasy ýeterlikli däl. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin, Ýehowa ähli «işdeşlerini» ulanýar (1 Kor. 3:6—9). Biziň her birimiz ýygnak duşuşyklarynda ýürekden jogap bermek we Hudaýyň ruhy arkaly özümizi göreldeli alyp barmak bilen täze şägirtlere kömek edýäris (Ýahýa 13:35; Gal. 5:22, 23; Efes. 4:22, 23). Täze şägirtlere kömek etmek üçin ýene näme edip bileris?
2 Ýygnakda. Ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlanlary mähirli garşylap, olar bilen ýygnakdan öň we soň gepleşsek, gyzyklanýandygymyzy görkezeris. Ýygnaga birinji sapar baran bir adam şeýle diýýär: «Bir günüň içinde duşan güler ýüzli adamlara, ýaşlykdan bäri gatnan buthanamda bütin ömrüme duşmadym. Bu meniň hakykaty tapandygymy subut edýär». Ýedi aý geçenden soň, ol adam suwda çokundyryldy.
3 Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ruhy taýdan ösýän adamy ýürekden öwüň. Ol garşylyklara duş gelýärmi? Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaýarmy? Jogap bermegi ýüregine düwdümi? Teokratik gulluk mekdebine ýazyldymy ýa-da wagyz edip başladymy? Gazanan üstünlikleri üçin ony öwüň. Şeýdip, siz ony ruhlandyryp berkidersiňiz (Sül. tym. 25:11).
4 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende. Käbir wagyzçylar gyzyklanýan adamy ýygnagyň beýleki agzalary bilen tanyşdyrmaga çalyşýarlar. Munuň üçin olar Mukaddes Ýazgylar okuwyna wagyzçylary çagyrýarlar. Ýaşulularyň görkezmesine eýerip, mümkin boldugyndan, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy ýygnak duşuşyklaryna tizräk çagyrjak boluň. Ol ýygnak duşuşygyna gatnap başlasa, başgalar bilen tanyşdyrmagy maksat ediniň. Ol çilim çekmek ýaly erbet endigi bilen göreşýärmi? Mümkin, onuň Mukaddes Ýazgylary öwrenýändigine öýündäkilerden biri garşydyr? Onda oňa şeýle kynçylyga döz gelen wagyzçy bilen gürrüňdeş bolmak peýdaly bolar (1 Pet. 5:9).
5 Täze adamlara ýygnagyň ähli agzalary tarapyndan ruhy taýdan goldaw gerek. Her birimiz ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezip, olara ruhy taýdan ösmäge kömek ederis.