Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/07 sah. 1
  • «Hudaýyň sözüni gorkusyz sözläň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hudaýyň sözüni gorkusyz sözläň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözle
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz etmegi dowam ediň
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 4/07 sah. 1

«Hudaýyň sözüni gorkusyz sözläň»

1 Mekdepde ýa-da işde imanyňyz barada gürrüň bermäge mümkinçilik dörän ýagdaýynda ýaýdanýarmysyňyz? Garyndaşlaryňyza, goňşularyňyza ýa-da tanamaýan adamlaryňyza resmi däl ýagdaýda wagyz etmek kynmy? Biziň her birimize pursady elden bermän «Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemäge» näme kömek eder? (Flp. 1:14).

2 Ýaýdanmaň. Aýdaly, siziň ýakyn dostuňyza ýa-da garyndaşyňyza haýsy-da bolsa bir zatda töhmet atdylar. Siz ýaýdanyp durarmysyňyz? Asyrlar boýy dostumyz Ýehowa töhmet atylýar. Bize beýik Hudaýymyzy aklap güwälik etmäge ajaýyp mümkinçilik berildi (Iş. 43:10—12). Hudaýa bolan çuňňur söýgimiz ýaýdanman, gorkman hakykat barada batyrlyk bilen wagyz etmäge kömek eder (Res. iş. 4:26, 29, 31).

3 Biziň habarymyzyň hoş habardygyny unutmaň. Ol adamlara ebedi peýda getirýär. Batyrlyk bilen wagyz etmek üçin, özümize we hoş habara garşy çykýanlara däl-de, wagyz işiniň gymmatlygyna üns bermeli.

4 Başgalaryň göreldesi. Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlän wepaly gullukçylaryň göreldesi bizi berkidip biler. Mysal üçin, Hanok hudaýsyz günäkärlere Ýehowanyň hökümlerini mertlik bilen yglan etdi (Ýahuda 14, 15). Nuh pygamber biperwaý adamlara gaýduwsyz wagyz etdi (Mat. 24:37—39). I asyryň «okuwsyz, garamaýak» mesihçileri zalym yzarlamalara sezewar bolsalar-da, wagyz etmegini bes etmediler (Res. iş. 4:13, 18—20). «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynda Ýehowa bil baglap, adamdan gorkyny ýeňip, yhlasly wagyzçy bolanlaryň terjimehaly çap edilýär.

5 Biz agyr kynçylyklara döz gelen geçmişdäki we şu günki wepaly gullukçylaryň durmuşy barada oýlansak, batyr bolup bileris (3 Pat. 19:2, 3; Mar. 14:66—71). «Hudaý... gaýrat berendigi» üçin, olar Hudaýyň sözüni gorkman sözlediler. Bu bize-de başardar! (1 Sel. 2:2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş