Welaýat kongresi barada ýatlatmalar
Kongresiň gün tertibi. Girelge 8:00-da açylar. Kongresiň üç güni hem 9:20-de başlanar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres jemleýji aýdym we doga bilen anna hem-de şenbe güni 17:00-da ýekşenbe güni bolsa, 16:00-da gutarar.
Aýdym aýdyp, Ýehowany wasp etmek. Gadymy döwürdäki Hudaýyň halkynyň aýdym aýdyp, Ýehowany wasp edişi ýaly, aýdym-saz şu günlerem Ýehowa sežde etmekde wajyp orun tutýar (Zeb. 28:7). Welaýat kongresi her ýyl saz bilen başlanýar. Saz Ýehowa barada öwrenip, oňa sežde etmek üçin ýüregimizi taýýarlar ýaly goýberilýär. Kongresi alyp barýan dogan sazyň goýberiljekdigini aýdanda, hemmeler gürrüň etmegiň deregine ýerlerine geçip, sazy diňleseler gowy bolar. Şeýtmek bilen, biz guramamyzyň sazandalaryna hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Sebäbi olar ýylda iki gezek öz hasabyna Pattersona (Nýu-Ýork) gelip, biziň üçin owadan saz çalyp, ýazga geçirýärler. Taýýarlanan sazy ünsli diňlän soň, ählimiz bilelikde Patyşalyk aýdymyny aýdyp, Ýehowany wasp etmeli.
Ýer tutmak. Her gün irden kongres geçirilýän ýeriň gapysy açylanda ýer tutmak üçin howlukmazlygyňyzy haýyş edýäris. Adamlar bilen sypaýy boluň we dogan-uýalaryň peýdasyny gözläň. Biz mesihçi bolanymyz üçin başgalaryň peýdasyny gözlesek, adamlar muny görüp, Ýehowany şöhratlandyrar (Ýahýa 13:34, 35; 1 Kor. 13:5; 1 Pet. 2:12). Siz diňe özüňiz bilen bir maşynda gelenlere, bile ýaşaýanlara ýa-da siziň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäne ýer tutup bilersiňiz. Gartaşanlar we maýyplar üçin ýer çäkli bolandygy sebäpli, maşgalasy bilen bile oturyp bilmez. Ýeri diňe gartaşanlar, maýyplar we olara seredýänler üçin goýmagyňyzy haýyş edýäris.
Salykatly eşik. Kongrese baranymyzda egin-eşigimiz ýerlikli we salykatly bolmaly. Eginbaşymyz özüne çekiji, açyk we dar bolmaly däl (1 Tim. 2:9). Daş-keşbimiz başga wagt hem, meselem, myhmanhanada registrasiýa bolanymyzda, restoranda naharlananymyzda, dükana baranymyzda ýa-da başga ýerlerde-de, adamlary büdretmeli däl. Şeýle-de biz plaketkany çekinmän daksak, adamlara wagyz etmäge mümkinçilik bolar. Kongrese barýarkak gowy daş-keşbimiz we özümizi edepli alyp barşymyz bilen, diňe bir akýürekli adamlary hakykata çekmän, eýsem Ýehowany hem begendirýäris (Sef. 3:17).
Elektron enjamlaryny ulanmak. El telefonlaryny we beýleki elektron enjamlaryny başgalara päsgel bermez ýaly edip goýmaly. Biz fotoapparaty, wideo kamerany, planşedy we beýleki elektron enjamlary ulananymyzda başgalara päsgel bermeli däl we olaryň öňüni ýapmaly däl. Şeýle-de kongresi diňlänimizde zerur bolmasa SMS ýa-da hat ýazyşmaly däl.
Günortanlyk nahary. Arakesme wagty kongres geçirilýän ýerden başga ýere gidip naharlanmaz ýaly, iýip-içjek zadyňyzy ýanyňyz bilen getirmegiňizi haýyş edýäris. Iýip-içjek zadyňyzy saljak sumkaňyz oturgyjyň aşagyna sygar ýaly uly bolmaly däl. Gezelenje äkidilýän uly sowadyjy sumkany we döwülýän gap-gajy kongrese getirmek bolmaýar.
Meýletin sowgat. Biz kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgat berip, gurnalan kongrese minnetdarlygymyzy bildirip bileris.
Dermanlar. Eger däri-derman içýän bolsaňyz, onda ýanyňyz bilen gerekli dermanlaryňyzy getiriň, sebäbi kongresde olaryň bolmazlygy mümkin. Süýji keselinde ulanylýan şprisler we iňňeler zyýanly bolandygy üçin, olary kongres geçirilýän ýeriň we myhmanhananyň hapa atylýan ýerine däl-de, ýörite guta zyňmaly.
Aýakgap. Aýakgabyň typmagy ýa-da ökjesiniň ilişmegi sebäpli şikez ýetmez ýaly seresap bolmagyňyzy haýyş edýäris. Her ýyl, esasanam, beýik ökjeli aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap ýönekeý we aýagyňa laýyk bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli hem başga ýerlerden ýöremek amatly hem howpsuz bolar.
Çagalar üçin kolýaska we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerde çagalar üçin kolýaska we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma çaga ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, kiçijik oturgyjy getirse bolýar.
Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem almasy kyn we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, ýiti ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).
«Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43) atly blanka. Kongres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43) atly blankany dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol blankadan birki sanysyny getirmeli. Şol blankany kongresde edebiýat bölümine bermeli ýa-da kongresden gelensoň, ýygnagyňyzyň kätibine bermeli.
Restoranda. Restorana baranyňyzda mesihçilere ýaraşýan egin-eşik geýip, özüňizi gowy alyp baryp, Ýehowany şöhratlandyryň. Eger ýerlikli bolsa, çaý puluny beriň.
Ýaşamak üçin jaý. Myhmanhanada ýa-da hususy jaýda ýaşamagyň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri:
Gereginden artyk otag sargyt etmeli däl we bellenilen jaýa öý eýesiniň görkezen sanyndan artyk adam barmaly däl.
Eger garaşylmadyk ýagdaý sebäpli kongrese baryp bilmeseňiz, haýal etmän myhmanhana ýa-da öý eýesine habar beriň (Mat. 5:37).
Nahary diňe rugsat berilýän ýerde taýýarlaň.
Myhmanhanada ýaşaýanlar üçin mugtuna berilýän ertirligi, kofeni we buzy gereginden artyk almaň.
Myhmanhananyň işgärlerine we öý eýesine ruhuň miwesini bildiriň. Olar köp myhmanlaryň aladasyny edýändigi üçin, biz sabyrly, mähirli we paýhasly bolsak, minnetdar bolar.
Ata-eneler myhmanhananyň töweregindäki basseýnde, kabulhanasynda, sport zalynda we başga ýerlerinde hem hemişe çagalaryna seretmeli.
Myhmanhanada ýa-da ýaşaýan ýeriňizde kynçylyk ýüze çyksa, kongresiň jaý bölümine derrew habar berseňiz, olar size kömek eder.
Meýletin kömekçiler. Kömek etmek isleýänler meýletin gulluk bölümine ýüz tutup biler. Şeýle-de 16 ýaşyna ýetmedik çagalar hem ata-enesiniň, hossarynyň ýa-da başga bir uly ýaşly mesihçiniň gözegçiliginde öz goşandyny goşup biler.