Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/14 sah. 2—3
  • «Halky... üýşür»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Halky... üýşür»
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Diňle we öwren
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 4/14 sah. 2—3

«Halky... üýşür»

1. Ysraýyllaryň Müsürden çykandan soň ýygnanyşmagy bilen welaýat we halkara kongresiniň näme meňzeşligi bar?

1 Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna biraz wagt geçenden soň, Ýehowa Musa pygambere Sinaý dagynyň golaýynda olara Öz sözlerini eşitdirmek we Özünden gorkmagy öwrenmekleri hem-de kanunlaryny çagalaryna-da öwretmekleri üçin «halky üýşürmegi» tabşyrdy (Kan. tag. 4:10—13). Bu nähili ajaýyp hem-de imanyňy berkidýän waka bolandyr! Hudaýyň halky hem ýakynda geçiriljek welaýat we halkara kongresinde Ýehowadan tälim almak üçin ýygnanyşar. Kongres peýdaly bolar ýaly, biz näme etmeli?

2. Kongrese nädip «taýýarlanyp» bileris?

2 Taýýarlyk görüň. Ýehowa Sinaý dagynyň golaýynda ysraýyllylara wajyp ýygnanyşyga «taýýar bolmagy» tabşyrdy (Müs. çyk. 19:10, 11). Şonuň ýaly-da, kongreslere diňe bir çykyş edýänler däl-de, eýsem, oňa gatnaşýanlaryň ählisi gowy taýýarlanmaly. Meselem, köpler işinden rugsat almak üçin başlygy bilen gürleşmeli bolýarlar. Belki-de, seniň ýagdaýyň Nehemýanyňka meňzeýändir. Ol Artakserks patyşanyň şerap guýýançysy işini goýup, Iýerusalime gitmek we onuň diwarlaryny dikeltmek isleýärdi. Emma ol patyşanyň muňa razy bolmazlygy mümkin diýip pikir edýärdi. Nehemýa doga edenden soň, mertlik we sypaýyçylyk bilen haýyşyny aýtdy. Patyşa oňa diňe bir gitmäge rugsat bermän, eýsem, gurluşyk işine-de kömek etdi (Neh. 2:1—9). Sen hem başlygyňdan rugsat almagyň, ýola taýýarlyk görmegiň we ýaşajak jaýyň aladasyny etdiňmi? Bu babatda ýaşulular her birimize höwes bilen kömek ederler. Kongrese doly gatnaşmak üçin irräk baryp, eşiden zatlaryňyza «has köp üns bermäge» taýýar boluň (Ýew. 2:1).

3. Kongrese ýüregimizi taýýarlamaga näme kömek eder?

3 Ünsli diňlemek we öwrenmek üçin ýüregimizi-de taýýarlamaly (Ezra 7:10). Kongresiň meýilnamasy, ýagny nutuklar we olara degişli bir-iki sany esasy aýatlar jw.org saýtymyzda öňünden ýerleşdiriler. Bu maglumatlara kongres geçiriljek hepdede maşgala okuwynda seretse bolar. Käbir wagyzçylar kongresiň meýilnamasyny çap edip, kongresde oňa gysgaça bellik edýärler.

4. Ata-eneler kongresde çagalaryna nädip tälim berip bilerler?

4 Çagalaryňyza hem öwrediň. Sinaý dagynyň golaýynda ýygnanyşyp, ysraýylly ata-eneler «çagalaryny hem öwredýärdiler» (Kan. tag. 4:10). Kongres hem ata-enelere şeýle mümkinçilik berýär. Kongresde ata-eneler çagalarynyň ýanynda otursalar, olara ünsli diňlemäge kömek ederler. Olar her gün kongres gutarandan soň we maşgala okuwynda kongresdäki pikirleri ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

5. Ýakynda geçiriljek kongrese gatnaşyp nähili peýda alarys?

5 Sinaý dagynyň golaýynda bolan ajaýyp waka ysraýyllylara Hudaýyň halky bolmagyň uly hormatdygyna düşünmäge kömek etdi (Kan. tag. 4:7, 8). Şonuň ýaly-da ýakynda geçiriljek kongres bize peýdaly bolar. Biz kongresiň üç gününe-de gatnaşyp, Şeýtanyň dünýäsiniň jöwzaly çölünden çykarys we abatlaýjy gürrüňdeşlikden hem-de ruhy jennetden lezzet alarys (Iş. 35:7—9). Geliň, Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygy sebäpli, biri-birimizi ruhlandyrmaga mümkinçilik berýän kongrese gatnaşalyň! (Ýew. 10:24, 25).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş