«Gutulyş golaýlady» — Ýehowanyň Güwäçileriniň 2006-njy ýylda geçirjek welaýat kongresi
1. Hudaýyň halky hakyky seždäniň gadyryny bilýändigini nädip görkezýärdi we şu günler bizde-de nähili mümkinçilik bar?
1 Ýahudanyň Hizkiýa patyşasy çapar ýollap, bütin halky Iýerusalime ýygnanmaga çagyrdy (2 Tar. 30:6, 13). Adamlaryň şol çakylyga beren jogaby arassa seždä garaýşyny görkezýärdi (2 Tar. 30:10—12). Tizden Ýehowanyň häzirki gullukçylarynyň hem şeýle mümkinçiligi bolar. Biz Ýehowa bilelikde sežde etmek üçin ýygnanyp, muňa ýürekden minnetdarlyk bildirip bileris. Seniň ýygnagyňa-da «Gutulyş golaýlady» atly welaýat kongresine gatnaşmaga ýörite çakylyk haty geldi. Sen şol çakylyga näme jogap berersiň?
2. Kongresden doly peýda almak üçin häzirden nädip ugruna çykyp bileris?
2 Häzirden ugruna çyk. Söýgi bilen taýýarlanan ruhy nahardan iýip, doly peýda almak üçin kongrese başdan-aýak gatnaşmaly. Sen we maşgalaň kongresiň üç gününe-de gatnaşyp biler ýaly, häzirden ugruna çyksaňyz, paýhasly bolar (Sül. tym. 21:5). Meselem, taýýarlyk işleri şulardan ybarat: başlygyňdan rugsat almaly; kongres barada Güwäçi däl ýan ýoldaşyň bilen gürleşmeli; kongres wagty ýaşajak ýeriňi öňünden anyklamaly hem-de biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bolsaň, onda oňa kongresiň hemme gününe gatnaşmaga kömek etmeli. Şu möhüm meseleleri soňa goýma. Gaýtam, bu barada Ýehowa doga et-de, «dilegiňi ýerine ýetirjekdigine» ynan (Zeb. 37:5).
3. Biz näme üçin jaý bilen baglanyşykly maslahatlara eýermeli?
3 Kongres geçirilýän şäherde jaý ýeterlik bolar ýaly, Ýehowanyň guramasy güýjüni gaýgyrmaýar. Şu zatlaryň aladasyny etmek üçin jan aýaman zähmet çekýän doganlaryň gadyryny bilsek, kongrese gelýän beýleki myhmanlary sylasak, teokratiki düzgüne hormat goýsak, onda şu makalada berilýän maslahatlara birkemsiz eýereris (1 Kor. 13:5; 1 Sel. 5:12, 13; Ýew. 13:17).
4, 5. Aýratyn zerurlygy bolan wagyzçylar hakda nädip alada etmeli?
4 Aýratyn zerurlyklar. Süleýmanyň tymsallary 3:27-de şeýle diýilýär: «Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma». Eýsem, sen kongresde nähili ýagşylyk edip bilersiň? Belki, garry wagyzçylara, saglygy gowşaklara, doly wagtly gulluk edýänlere ýa-da başgalara kongrese gitmäge kömek we ýaşamaga jaý gerekdir. Elbetde, olar barada, ilki bilen, garyndaşlary alada etmeli (1 Tim. 5:4). Ýöne olaryň ýagdaýy ýok bolsa, onda imandaşlary hem kömek edip biler (Gal. 6:10). Ýygnagyň topar gözegçileri şeýle aýratyn zerurlygy bolan wagyzçylara üns berip, olaryň kongrese taýýarlygynyň oňat gidýändigine göz ýetirmeli.
5 Eger-de wagyzçynyň maşgalasy ýa-da ýygnagy jaý bilen üpjün edip bilmese, diňe şol ýagdaýda wagyzçy «Aýratyn zerurlykly adamlar üçin jaý barada haýyşnamany» dolduryp biler. Şeýle-de ýygnagyň gulluk komiteti wagyzçynyň talaba laýyk gelýändigine göz ýetirmeli. Munuň üçin olar blankadaky görkezmelere hem-de ýaşulular maslahatyna 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-ne ýazylan hatda berilýän maslahatlara üns bermeli. Şeýle kömegi diňe edepli çagalary bolan göreldeli wagyzçylar alyp biler.
6. a) Biz näme üçin çagyrylan kongresimize barmaly? b) Başga kongrese gitmeli bolsaň, näme etmeli?
6 Başga kongrese gitmeli bolsaň. Kongrese geljek ähli myhmanlara oturgyç, edebiýat hem-de jaý ýeter ýaly, wagyzçylar ýygnagynyň çagyrylan kongresine barsa gowy bolar. Ýöne käbir ýagdaýlar sebäpli, başga bir kongrese gitmeli bolsaň, onda ýygnagyň mürzesinden barjak kongresiň adresini al. Olaryň adresi «Aýratyn zerurlykly adamlar üçin jaý barada haýyşnamanyň» arka tarapynda çap edilýär. «Maslahat berilýän jaýlaryň sanawyny» ýa-da goşmaça maglumat ibermegi haýyş edip, hat ýazanyňda, içine gerekli markany hem-de öz adresiň ýazylan täze bukjany ibermegi-de ýatdan çykarma. Şol şäherde birden köp kongres geçirilýän bolsa, onda şol kongresleriň haýsysyna barjakdygyňy görkez.
7. Geljekki kongresdäki şatlyga nädip goşant goşup bileris?
7 Meýletinler. Elbetde, kongrese baryp, ruhy naharlardan iýip hem-de dogandyr uýalar bilen söhbetdeş bolup, seniň göwnüň göteriler. Kongresi sag-aman geçirmek üçin zerur kömegi meýletin bersek, onda şatlygymyz has-da artar (Res. iş. 20:35). Tizden ýerli kongresiň komiteti taýýarlyk işlerine meýletin gatnaşmak isleýänleri çagyryp başlar. Sen hem meýletin kömek edip bilermiň? (Zeb. 110:3).
8. Sen her ýyl geçirilýän welaýat kongresiniň nämesini halaýaň hem-de sen ýüregiňe nämäni berk düwmeli?
8 Welaýat kongresine gatnaşyp, bäş ýaşly bir oglanjyk: «Welaýat kongresi meniň iň gowy görýän zadym» diýdi. Şol oglanjygyň aýdan sözleri her ýyl geçýän welaýat kongresini halaýandygymyzy görkezýär. «Seniň howlularyňda geçen bir gün daşarda geçen müň günden gowudyr» diýip, mezmurçynyň aýdyşy ýaly-da! (Zeb. 84:10). Dawut Ýehowanyň ybadathanasynyň gözelligine seretmek üçin ömrüniň ähli günlerinde onuň öýünde mesgen tutmak isleýändigini aýdýar (Zeb. 27:4). Sebäbi Dawut Ýehowanyň sežde edijileriniň arasynda bolmagy halaýardy. Geliň, bizem «Gutulyş golaýlady» atly welaýat kongresine baryp, Dawut ýaly hakyky seždäniň gadyryny bileliň.
[3-nji sahypadaky çarçuwa]
Kongresiň gün tertibi:
Annagün we Ruhgün
9:30-dan 17:05-e çenli
Dynçgün
9:30-dan 16:10-a çenli