Ýehowanyň Güwäçileriniň 2008-nji ýylda geçirjek welaýat kongresi
1. a) Pawlusyň ýewreý mesihçilerine beren maslahatyna näme üçin şu günler gulak asmak örän wajyp? (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary oka). b) Biz-de Pawlusyň maslahatyna eýermäge nähili mümkinçilik bar?
1 Pawlus resul ýewreý mesihçilerine bile ýygnanyşmaga we «ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseler, şonça-da biri-birini ruhlandyrmaga» höweslendirdi (Ýew. 10:24, 25). Şu günler Pawlusyň aýdan «ol gününiň» golaýlandygy has-da aýdyň! Şol sebäpli barha howsalaly bolýan «soňky günlerde» biz ruhy taýdan öwüt-nesihat almak üçin dogan-uýalarymyz bilen ýygnanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (2 Tim. 3:1). Şeýle mümkinçilik 2008-nji ýylda geçiriljek welaýat kongreslerinde bolar.
2. a) Kongresiň üç gününe-de barmak näme üçin wajyp? b) Kongrese haçan taýýarlyk görüp başlamaly?
2 Üç gününe-de bar. Biz seni kongresiň üç gününe-de barmaga höweslendirmek isleýäris. «Ýygnanyşmagy goýmasak», biz konresde boljak möhüm ruhy öwüt-nesihatlary diňlemegi sypdyrmarys (Ýew. 10:25). Mümkin boldugyndan oňa irräk taýynlanyp başla. Gerekli özgerişleri eder ýaly iş ýolbaşçyň bilen öňünden gepleş. Eger kongres wagty çagalaryňyzyň okuwy bolsa, bu barada mugallymlary bilen gepleşiň. Olara Hudaýa gulluk etmek üçin welaýat kongresine gatnaşmagyň möhümdigini düşündir. Eger Patyşalygy birinji orunda goýsaň, Ýehowa hökman seniň eden tagallalaryňa ak pata berer (Mat. 6:33).
3. Nädip başgalara kömek edip bileris?
3 Kongrese barmak üçin başgalara-da kömek et. Pawlus doganlaryny «birek-biregi... gaýrata galdyrmaga» hem höweslendirdi (Ýew. 10:24). Kitap öwrenilýän duşuşygyňdaky dogan-uýalara kongrese gatnaşar ýaly kömek gerekmi? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänler kongresiň bir gününe baryp bilseler-de, sen olara şol günden lezzet almaga kömek edip biljekmi? Iman etmeýän maşgala agzalaryňa kongrese gitjekdigiňi aýdanyňda, olary hem çagyr. Seniň söýgi bilen edýän tagallaň garaşylmadyk bereketleri getirer.
4. Welaýat kongresleriň haçan we nirede geçiriljegi barada maglumaty kimden alyp bolar?
4 Maglumat gerek bolsa. Kongresiň nirede we haçan geçiriljegi barada, filiala ýylda ýüzlerçe sapar jaň edip soraýarlar. Bu barada filial ýygnaklaryň kätibine maglumat berýär. Filiala jaň etmeziňizden öň, başga şäherlerde geçiriljek kongresiň ýerini we wagtyny kätipden soramagyňyzy haýyş edýäris.
5. Ýygnagymyzyň çagyrylan kongresine däl-de, başga kongrese gitmekçi bolsak näme etmeli?
5 Eger sen ýygnagyň çagyrylan kongresine däl-de, başga ýerde geçirilýän kongrese gitmekçi bolsaň, onda ýaşaýyş üçin jaý barada maglumat alar ýaly, kongresiň müdirligine «Aýratyn zerurlykly adamlar üçin talaplyk» diýen blankany ibermeli. Bu blankalar tizden ýygnagyň kätibine iberiler. Ýygnagyň kätibi saňa barjak şäheriňdäki kongresiň müdirliginiň adresini almaga kömek eder. Kongresiň müdirliginden jogap almak üçin iberjek hatyňyzyň içine marka ýelmenen, doly adresiňiz ýazylan täze konwerti salyp iber.
6. «Aýratyn zerurlykly adamlar üçin talaplyk» blankany dolduranda nämäni göz öňünde tutmaly?
6 Aýratyn zerurlyklar. Eger wagyzçy ýaşar ýaly ýeri kongresiň jaý bölüminden almakçy bolsa, onda «Aýratyn zerurlykly adamlar üçin talaplyk» blankasyny doldurmaly. Şeýle blankany kime bermelidigini ýygnagyň gulluk komiteti çözýär. Kätip kongresiň jaý bölümine talaplygy ibermezinden öňürti, talaplyk blankasynyň mazmunyndaky we 2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-inde ähli ýaşulular maslahatyna berlen hatdaky görkezmä seretmeli.
7. a) Welaýat kongresine gatnaşyp, Ýehowany nädip şöhratlandyryp bolýar? b) Myhmanhananyň işgärleri doganlarymyzyň özüni gowy alyp barşyna nähili seslendiler?
7 Ýagşy işler. Eger biz Ýehowanyň sežde etmek üçin ýygnanyşmaly diýen tabşyrygyna eýersek, onda biz «peýdaly» zat öwreneris. Emma iň esasy zat, biz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrarys (Iş. 48:17). Welaýat kongresinde köp adamlar biziň ýagşy işlerimizi görüp, olaryň käbiri öz duýgularyny bildirdiler (1 Tim. 5:25). Birnäçe ýyl yzly-yzyna welaýat kongresi geçirilýän bir şäherde myhmanhananyň ýolbaşçysy şeýle diýdi: «Şäherde Ýehowanyň Güwäçileri we olaryň kongresiniň bize edýän täsiri barada köp gürrüň edilýär. Biz şäheriň merkezini siziň arassalandygyňyzy we maşyn goýulýan ýerleri tertipleşdirendigiňizi bilýäris. Bize tomus möwsüminde elmydama şeýle adamlaryň gelýändigi ýaraýar. Indiki ýyl hem görşeris diýip umyt edýäris». Myhmanhananyň ýolbaşçysy başga toparlar we artistler bilen işleşende döreýän kynçylyklary gürrüň berenden soňra, ol myhmanhanada ýaşan doganlarymyzyň işleşmäge taýynlygy hem-de sabyrlyly üçin öwdi. Ol şeýle diýdi: «Myhmanlarymyzyň ählisi Ýehowanyň Güwäçileri ýaly bolsa gowy bolardy!» Doganlarymyzyň özüni gowy alyp barşyny görüp, başga-da köp adamlar öwgüli sözleri aýtdylar. Bu elbetde, Hudaýymyz Ýehowany begendirýär!
8. Matta 4:4-de meýilnamanyň ähli bölümlerini ünsli diňlemegiň wajypdygy nädip nygtalýar?
8 Isa biziň ýaşaýşymyzyň «Hudaýyň agzyndan çykan her bir sözi» diňleýşimize baglydygyny aýtdy (Mat. 4:4). Her ýyl geçirilýän kongreslerde Ýehowa bize «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlan ruhy iýmitini «wagtly-wagtynda» berýär (Mat. 24:45). Bu ruhy baýramçylygy taýýarlamak üçin ägirt uly iş edilýär. Kongrese gatnaşyp, meýilnamanyň ähli bölümini ünsli diňläp, Ýehowanyň biziň üçin edýän aladasyna minnetdarlyk bildireliň.
[3-nji sahypadaky surat]
Kongresiň geçiriljek wagty
Annagün we Ruhgün
9:20-den 16:55-e çenli
Dynçgün
9:20-den 16:00-a çenli