Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris 8-nji bölüm.
Hudaýyň guramasy bilen tanyşdyrmak
1. Näme üçin her hepde okuw wagty Ýehowanyň guramasy barada biraz gürrüň bermek peýdaly bolar?
1 Mukaddes Ýazgylar okuwy arkaly biz diňe bir taglymatlary öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, şägirde ýygnagyň agzasy bolmaga kömek etmek isleýäris (Zak. 8:23). Şu babatda, bize «Ýehowanyň Güwäçileri kim? Olar näme ynanýarlar?» (rusça) diýen broşýura kömek edip biler. Bu broşýurany Mukaddes Ýazgylary ýaňy öwrenip başlan adama berip, ony okamaga höweslendir. Şeýle-de her hepde okuw wagty Ýehowanyň guramasy barada biraz gürrüň ber.
2. Okuw geçýänleri ýygnak duşuşyklaryna gelmäge nädip höweslendirip bilersiň?
2 Ýygnak duşuşyklary. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, biziň bilen ýakyndan tanşyp başlasalar, Ýehowanyň guramasynyň nähilidigine düşünerler (1 Kor. 14:24, 25). Şoňa görä-de, her sapar bäş duşuşygyň biri hakda gürrüň berip, gurama bilen tanyşdyryp bilersiň. Ýakynda boljak jemagat nutgyň adyny aýdyp bilersiň. Olara «Garawul diňinde» öwreniljek makalany we kitap öwrenilýän duşuşykda geçiljek materialy görkezse bolar. Teokratik gulluk mekdebi we gulluk duşuşygy hakda gürrüň ber. Saňa mekdepde ýumuş berlen bolsa, okuw geçýänleriň bilen taýynlanyp bilersiň. Duşuşykda aýdylan gyzykly pikirleri aýdyp ber. Duşuşyklaryň geçişini gürrüň bereniňde, edebiýatdaky suratlary ulan. Ýerli ýagdaýlara görä, ilkinji sapakdan başlap, ýygnaga çagyryp bilersiň.
3. Gurama babatda nämäni düşündirip bileris?
3 Rebbiň agşam nahary, kongresler we etrap gözegçiniň ideg edýän wagty golaýlaşanda, bu duşuşyklaryň geçişi barada gürrüň bermäge biraz wagt sarp edip, olara gatnaşmaga höweslendir. Gyzyklanýan adamlara kem-kemden şeýle soraglaryň jogabyny düşündir. Näme üçin biz Ýehowanyň Güwäçileri diýen ady göterýäris? Duşuşyk geçirilýän ýerlere näme üçin Patyşalyk zallary diýilýär? Ýaşulularyň we gulluk kömekçileriň nähili jogapkärçiligi bar? Wagyz işi we meýdanlaryň paýlanyşy nähili guramaçylykly alnyp barylýar? Edebiýatlar nädip çap edilýär? Harajatlar nädip ödelýär? Filial we Ýolbaşçylyk maslahaty Patyşalyk işini nädip ýola goýýar?
4, 5. Adamlary gurama bilen tanyşdyryp, oňa minnetdarlygyny artdyrmaga biziň wideofilmlerimiz nädip kömek edýär?
4 Wideofilmler. Ýehowanyň ajaýyp guramasy bilen tanyşdyrmagyň ýene bir usuly — wideofilmler. Biziň žurnallarymyzy we dürli edebiýatlarymyzy alýan bir aýal «Ýehowanyň Güwäçileri — adyna mynasyp gurama» (rusça) diýen filmi görende, ýüregine täsir edip aglaýar. Ol öýüne gelýän Güwäçilere ynanýardy, ýöne indi gurama-da bil baglap bolýandygyna düşünýär. Onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýarlar, indiki hepdeden bolsa, ol ýygnak duşuşyklaryna gelip başlaýar.
5 Her hepdede birnäçe minut edebiýatlardaky käbir pikirleri ara alyp maslahatlaşsak, biz kem-kemden okuw geçýän adamy ýer ýüzündäki Ýehowanyň ýeke-täk guramasy bilen tanyşdyrarys.