Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris 9-njy bölüm.
Okuw geçýänlere hoş habary wagyz etmegi öwredýäris
1 Filipus bilen Andreas Isanyň wada edilen Mesihdigine düşünende, olar dessine bu tolgundyryjy habary gürrüň bermäge höweslendiler (Ýahýa 1:40—45). Şu günlerem hakykat okuw geçýänleriň ýüregine täsir edende, olar hem alan bilimlerini gürrüň bermäge howlugýarlar (2 Kor. 4:13). Biz olary wagyz etmäge we oňa taýýarlanmaga nädip höweslendirip bileris?
2 Okuw geçýänden Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryny başgalara gürrüň berişini sorap bileris. Ol dostlaryndan ýa-da maşgala agzalaryndan birini sapaga çagyryp biler. Onuň işdeşlerinden, synpdaşlaryndan ýa-da tanyşlaryndan ruhy taýdan gyzyklanýanlaryň bardygyny bil. Şeýle adamlar bar bolsa, ol olara Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň berse gowy bolardy. Ýehowa we onuň niýetleri barada gürrüň berende, hemişe sypaýy we mylakatly bolmalydygyny düşündir (Kol. 4:6; 2 Tim. 2:24, 25).
3 Ynanýan zatlaryň barada gürrüň bermek. Öwrenýän adama ynanýan zatlary barada gürrüň bermek üçin Mukaddes Ýazgylary ulanmalydygyny görkezmek örän wajyp. Okuw geçeniňde, ýerlikli pikiri saýlap, şeýle sorag berip bilersiň: «Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen siz muny maşgalaňyza nädip düşündirersiňiz?» ýa-da «Muny dostuňyza subut etmek üçin haýsy aýady okap bilersiňiz?» Ony üns bilen diňläp, Ýazgylaryň kömegi bilen nädip subut edip bolýandygyny görkez (2 Tim. 2:15). Şeýdip, sen oňa dogan-garyndaşlaryna we dostlaryna wagyz etmegi öwredersiň, talaplara laýyk gelende bolsa, ýygnak bilen resmi ýagdaýda wagyz etmegi öwredersiň.
4 Okuw geçeni boljak synaglara taýýarlamaly (Mat. 10:36; Luka 8:13; 2 Tim. 3:12). Öwrenýäne sorag berseler ýa-da Ýehowanyň Güwäçileri barada bir zat aýtsalar, ol näme jogap bermelidigini biler. «Ýehowanyň Güwäçileri kim? Olar nämä ynanýarlar?» (rusça) diýen broşýura imany barada «her wagt jogap bermäge» kömek eder (1 Pet. 3:15). Bu broşýuradaky anyk maglumatlar arkaly ol dostlaryna, maşgala agzalaryna ynanýan zatlarymyzyň we edýän işlerimiziň Mukaddes Ýazgylara doly esaslanýandygyny görkezip biler.