Bütin dünýäde geçirilýän iň uly wagyz kampaniýasy!
Ýehowanyň Güwäçileri takmynan ýüz ýyldan bäri hoş habary guramaçylykly wagyz edýärler (1 Kor. 9:23). Bütin dünýäde geçirilýän wagyz kampaniýasy arkaly biz bu habary 230-dan gowrak döwletde ýüzlerçe dilde wagyz edýäris (Mat. 24:14). Bu iş näme üçin şeýle wajyp? Ol bütin dünýäde nädip geçirilýär?
Bu soraglara «Ýehowanyň Güwäçileri hoş habary guramaçylykly wagyz edýärler» diýen wideoda jogap berilýär. Onda biziň halkara işimiziň dürli taraplaryna jikme-jik seredilýär. Ony göreniňde, şu soraglar barada oýlanyp bilersiň: 1) Biziň işimiziň gurluşy we alnyp barşy nähili? 2) Ýazyjylyk bölümi, terjimeçiler toparyna hyzmat edýän bölümi, çeperçilik bölümi hem-de audio-wideo ýazgylar bölümi hoş habary ýaýratmakda nähili goşant goşýarlar? 3) Biziň edebiýatlarymyzy näme üçin köp mukdarda çap edip, ýygnaklara ýetirýärler? (Ýahýa 17:3). 4) Bir ýylyň dowamynda näçe edebiýat çap edilýär? 5) Mukaddes Ýazgylara esaslanan neşirýatlar arkaly nähili üstünlikler gazanylýar? (Ýew. 4:12). 6) Gözi görmeýän maýyplara we kerlere ruhy taýdan kömek etmek üçin näme edilýär? 7) Biziň işimiziň çykdajylary nähili ödelýär? 8) Keselhana maglumaty gullugy we Gulluk bölümi nähili peýda berýär? 9) Şu film arkaly Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde: a) hoş habary wagyz etmekde Ýehowanyň guramasynyň edýän tagallasy, b) bütin dünýäde ýüzden gowrak Beýtel maşgalasynyň alyp barýan işi, ç) gözegçilere we missionerlere geçirilýän okuw, d) Mukaddes Ýazgylar esasynda gündeki aýat barada pikir alyşmaly we her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklaryna taýynlanmaly diýen maslahat, d) ýygnak duşuşyklar, ýe) ýer ýüzündäki Jennetde boljak ýaşaýşy düşündirilýändigi (Iş. 11:9), ž) orak işine gatnaşyp bilýändigimiz üçin seniň minnetdarlygyň artdymy? (Ýahýa 4:35).
Bu filmi dogan-garyndaşlaryň, tanyşlaryň, ikilenç ideg edýän adamlaryň ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlar gören bolsa, olara ýarandyr. Tizden hoş habary ýene-de kimdir birine wagyz edip, şu filmi görkezseň gowy bolmazmy? (Mat. 28:19, 20).