«Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar. Bölüm 2. Nur parlasyn»
1919-njy ýylda Ruterford we beýleki doganlar türmeden boşadylandan soň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler gelejekde uly işler etmelidiler. «Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar. Bölüm 2. Nur parlasyn» atly wideofilmden görnüşi ýaly, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler ýowuz yzarlamalara duş gelmelidiler, ýöne olaryň Mukaddes Ýazgylara düşünjesi artmalydy we imany berkemelidi (Sül. tym. 4:18; Mal. 3:1—3; Ýahýa 15:20). Wideofilmi görensoň, şu soraglara jogap berip bilersiňmi?
1. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hoş habary ýaýratmak üçin nähili usullary ulandylar? 2. 1931-nji we 1935-nji ýyllarda geçirilen ýörite kongresler näme üçin ähmiýetli boldy? 3. «Garawul diňi» žurnalynyň 1939-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykan sanynda nähili wajyp soraga seredildi? 4. «Medison-Skwer-Gardende» Rassell dogan «Hökümdarlyk we parahatlyk» diýen doklad bilen çykyş edende, näme boldy? 5. Norr dogan «Parahatçylyk uzaga çekermi?» diýen dokladynda, aýratynam, nämä üns berdi? 6. 1942-nji ýylda Ýehowanyň Güwäçileri köpräk wagyz eder ýaly näme etdiler? 7. ABŞ-da, Kanadada we Gresiýada suduň sereden käbir işleri barada gürrüň beriň. 8. Gilead mekdebiniň açylmagy wagyz işiniň ýaýramagyna nähili täsir etdi? 9. 1946-njy ýylda nähili wajyp iş başlandy we näme üçin? 10. Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna laýyk geler ýaly, Ýehowanyň Güwäçileri nähili ädimler ätdiler? 11. 1970-nji ýyllarda guramada Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna has-da laýyk geler ýaly, edilen käbir özgerişikler hakda gürrüň beriň. 12. Şu wideofilm Ýehowanyň hemme zada gözegçilik edýändigine we bu Onuň guramasydygyna saňa has gowy düşünmäge nädip ýardam etdi? 13. Bu wideofilmi görensoň, sen kynçylyklara garamazdan, yhlasly gulluk etmegi berk ýüregiňe düwdüňmi? 14. Biz bu wideofilmi görkezip, dogan-garyndaşlarymyza, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara we başgalara nädip kömek edip bileris?
Ýehowanyň Güwäçileriniň taryhynda gün-günden täze sahypalar açylýar. Olarda wagyz üçin biziň eden tagallalarymyz barada nämeler ýazylar? Geliň, biz hem geçmişdäki dogan-uýalarymyz ýaly, «nur parlasyn» diýen sözlere laýyklykda yhlasly gulluk edeliň! (2 Kor. 4:6).