Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/07 sah. 6
  • Hakykaty yglan edýän žurnallary hödürläň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakykaty yglan edýän žurnallary hödürläň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz üçin hödür taýýarlamak
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Teklibiňizi taýýarlaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 12/07 sah. 6

Hakykaty yglan edýän žurnallary hödürläň

1. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly žurnallaryň nähili ähmiýeti bar?

1 «Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýän Garawul diňi» we şonuň bilen bile çykýan «Oýanyň!» atly žurnallary Patyşalyk barada wagyz edip, şägirt taýýarlamak işinde ähmiýetli orun tutýar (Mat. 24:14; 28:19, 20). Wagtly-wagtynda çykarylýan we wajyp temalary habar berýän bu iki žurnaly biz wagyz gullugyň dürli pudaklarynda yzygiderli hödürläp lezzet alýarys.

2. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryna nähili üýtgeşikler girizildi we näme üçin?

2 Şu wagta çenli biz bu žurnallaryň möçberiniň, içindäki mazmunynyň we hödürlemek usullarynyň üýtgändigini görýäris. Bu üýtgeşikler žurnaly has hem özüne çekiji we täsirli etmek üçin girizilip, Patyşalyk baradaky hoş habaryň «bütin adamlaryň gutulyp, hakykat bilimine ýetmäge» kömek edýär (1 Tim. 2:4).

3. Žurnallary wagyzda nädip hödürlemeli?

3 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýyndan bäri aýda bir sapar çykýan «Oýanyň!» žurnalyna dürli hödürleri ulanýarys. «Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýän Garawul diňi» žurnal aýda iki sapar çyksa-da, gullukda onuň diňe birini hödürläris. Her žurnal üçin hödüriň nusgasy «Hudaýa gullugymyzyň» soňky sahypasynda ýerleşýär. Bu hödürler köplenç žurnalyň birinji makalasyna esaslanýar, ýöne käwagt adamlaryň köpüsini gyzyklandyrýan başga makalalara hem üns berilýär. Bu hödürler has netijeli bolar ýaly makalalar bilen gowy tanyşmaly hem-de meýdançamyzdaky adamlara hödürlände öz sözümiz bilen aýtmaly.

4. «Hudaýa gullugymyzda» getirilen hödürlerden başgasyny ulanmak näme üçin peýdaly bolar?

4 «Hudaýa gullugymyzda» her žurnal üçin iki hödür bolsa-da, başga hödürleri hem arkaýyn ulanyp bilýäris. Meselem, žurnaldaky makalalaryň haýsy-da bolsa birini meýdançaňdaky adamlary has köp gyzyklandyrar. Ýa-da seniň özüňi has köp gyzyklandyran makalany hödürleseň, gowy kabul ederler.

5. Žurnala hödür taýýarlamazdan öň näme etmeli?

5 Özüň nädip hödür taýýarlamaly? Ilkibaşda, sen adamlara hödürlejek makalaň bilen gowy tanyşmaly. Belki, wagyz gullugynda hödürlejek žurnaldaky makalalaryň hersi bilen hemişe tanşyp bilmeris. Emma saýlan makalamyzy yhlas bilen ýürekden hödür etmeli. Şonuň üçin adamlara hödür etjek makalany gowy bilmeli.

6. Özümiz hödüri nädip taýýarlap bileris?

6 Şeýle-de ilkinji aýtjak sözleriňi başarnyklylyk bilen taýýarla. Makala degişli oýlanyşykly we gyzyklandyryjy sorag berip gürrüňdeşlige başlap bolar. Adamyň ýüregine täsir etmek üçin Hudaýyň Sözüniň güýjüne hemişe bil bagla (Ýew. 4:12). Hödürlejek makalaň bilen baglanyşykly aýady, has gowusy makalada getirilen aýady saýla. Aýadyň makala bilen nähili baglanyşýandygy barada oýlan.

7. Hödürlerimizi nädip gowulandyryp bileris?

7 Her bir mümkinçiligi ulan. Hödürlerimiz, hakykatdan-da, täsirli bolar ýaly biz olary ýygy-ýygydan ulanmaly. Žurnallary ýygnak bilen Ruh güni wagyz edeniňde hödürle. Olary öň başga edebiýatlarymyzy alýan adamlara teklip et. Žurnallary seniň bilen okuw geçýänlere we ikilenç ideg edeniňde hemişe hödürläp bilersiň. Mümkin, dükana gideniňde, gezelenç edeniňde ýa-da lukmanyň otagynda garaşanyňda žurnallar arkaly adamlar bilen gürrüňdeşlik açyp bilersiň. Hödürleriňi bütin aýyň dowamynda gowulandyr.

8. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryň näme üçin deňi-taýy ýok?

8 «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryň deňi-taýy ýok. Olar Ýehowany Älemiň hökümdary hökmünde şöhratlandyrýar (Res. iş. 4:24). Ondaky Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar adamlara teselli berýär we Isa Mesihe iman etmäge kömek edýär (Mat. 24:14; Res. iş. 10:43). Şeýle-de bu žurnallar dünýädäki wakalar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň berjaý bolýandygyny görkezýär (Mat. 25:13). Bu žurnallary hödürlemek üçin taýýarlananyňda, meýdançaňdaky adamlar peýdalanar ýaly her bir mümkinçiligi ulanmaga taýyn bol!

9. Ikilenç ideg etmäge biz nädip esas döredip bileris?

9 Eger sen kimdir birine žurnal beren bolsaň ýa-da ruhy tema barada gürrüňdeşlik eden bolsaň, taýýarlan soragyň ýa-da wajyp pikir arkaly ikilenç idege we gürrüňdeşligi dowam etmäge çalyş. Eger biz ruhy tohumy yhlas bilen eksek, Ýehowanyň hakykaty ak ýürekden tanamak we Hudaýa gulluk etmek isleýän adamlaryň ýüreklerini açjakdygyna şübhelenmän bileris (1 Kor. 3:6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş