Wagyz üçin hödür taýýarlamak
1, 2. «Hudaýa gullugymyzda» berlen teklipleri ýat tutmagyň deregine, hödüri özümiz taýýarlasak näme üçin gowy bolar?
1 Biz, Ýehowanyň Güwäçileri, Hudaýyň Patyşalygy hakda yhlasly wagyz edýändigimiz bilen tanalýarys. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» diýen žurnallar millionlarça adamlara Hudaýyň niýetleri barada bilmäge uly kömek edýär. Emma käbir ýurtlarda biziň işimiz çäklendirilen. Şeýle ýurtlarda adamlara žurnal hödürlemek köplenç mümkin däl ýa-da ýerliksiz bolýar. Ýöne biz özümizi paýhasly alyp barmaly (Mat. 10:16). Dogan-uýalar hoş habary wagyz edenlerinde köplenç diňe Mukaddes Ýazgylary we birnäçe kitapçalary ulanýarlar. «Hudaýa gullugymyzda» berilýän wagyz üçin teklipleri žurnalsyz, ýöne Mukaddes Ýazgylardaky aýata esaslanyp, adamlar bilen gürrüňe başlap bileris.
2 Wagyz üçin teklipler «Hudaýa gullugymyzyň» her sanynda berilýär. «Başga hödür taýýarlamak nämä gerek?» diýip, soramagyň mümkin. Şol teklipler köp wagyzçylara kömek edýär, ýöne her kim özbaşdak hem taýýarlanmaly. Bir ýerde netijeli bolýan hödür, başga bir ýerde onçakly netijeli bolmazlygy-da mümkin. Şol sebäpli berilýän teklipleri wagyzda sözme-söz aýtmak hökman däl. Hatda şol teklibe görä hödür etsek-de, öz sözlerimiz bilen aýtsak gowy bolar.
3. Hödür etjek makalaňy saýlamak üçin nämeleri göz öňünde tutmaly?
3 Makala saýla. Žurnaly başdan-aýak okap çykandan soňra, ýaşaýan ýeriňe laýyk gelýän hem-de özüňi gyzyklandyrýan makalany saýla. Wagyzda žurnaly hödürlemek ýerlikli bolmasa, sen şol makalanyň esasynda gürrüň edip bilersiň. Makalany ynamly hem joşgunly hödürleseň, öý eýesiniň hem okasy gelmegi mümkin ýa-da seniň bilen şol tema boýunça gürrüňdeş bolmak islär. Žurnaldan ýaşaýan ýeriňde köp adamlaryň gyzyklandyrjak makalany hödür üçin saýlanyňda, beýleki makalalary hem oka. Şonda saňa başga bir tema bilen gyzyklanýan adam wagyzda duşanda, hödüriňi derrew üýtgetmek aňsat bolar.
4. Hödüriň netijeli bolmagy üçin nähili giriş sözleri ulanmaly?
4 Sowal ber. Ikinjiden, giriş sözleriňi mazaly taýýarla. Sebäbi seniň aýtjak giriş sözleriň örän wajyp. Belki, saýlan makalaň ýa-da temaň bilen öý eýesini gyzyklandyrmak üçin oýlandyryjy sowal berersiň. Netijeli bolar ýaly, onuň garaýşyny bilmek üçin sowal bermeli. Öý eýesini oňaýsyz ýagdaýa salýan ýa-da öz garaýşyny goramaga mejbur edýän sowallary bermejek bol.
5. Ýagdaýa görä öý eýesine bir aýaty okap bermegiň nähili peýdasy bar?
5 Mukaddes Ýazgylardan aýat oka. Onsoňam, öý eýesiniň diňlemäge ýagdaýy bolsa, onda hödürlejek makalaňdan bir aýaty okap ber. Şonda öý eýesi biziň wagyz edýän hoş habarymyzyň Mukaddes Ýazgylardandygyna göz ýetirer (1 Sel. 2:13). Ol žurnaly almasa-da (ýa-da žurnaly hödürlemek asla ýerliksiz bolsa), okan aýatymyz oňa güwälik bolar. Käbir wagyzçylar öý eýesini gyzyklandyrmak üçin, ilki aýaty okap, soňra sowal berýär. Aýaty okamak üçin öňünden şeýle sözleri aýdyp bilersiň: «Mukaddes Ýazgylaryň şu aýaty hakda siziň pikiriňizi bilesim gelýär». Aýaty okanyňdan soňra žurnaldan şol aýat bilen baglanyşykly pikiri biraz gürrüň berip, onda gyzyklanma döränden soň žurnaly berip bilersiň.
6. Žurnaly hödür etmek üçin taýýarlananyňda, haýsy esasy maslahatlary ýatda saklamaly?
6 Žurnaly hödür etmek babatda belli bir düzgün berilmeýär. Emma hödüriň ýönekeý hem gysga bolmaly. Netijeli bolar ýaly, hödüri öz sözleriň bilen aýt. Žurnalyň peýdasy barada joşgunly gürrüň ber. Eger-de gowy taýýarlansaň, onda «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» üstünlikli hödürläp bilersiň (Res. iş. 13:48).