Taýýarlyk görüp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Wagyz etmäge oňat taýýarlansak, adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezeris. Nädip? Eger biz oňat taýýarlyk görsek, aýtjak zatlarymyz hakynda köp alada etmeris, gaýtam, öý eýesini has oňat diňläp bileris. Şeýle-de özümizi has ynamly alyp bararys we ýürekden gürläris. Biz nädip oňat hödür taýýarlap bileris?
2 Gabat gelýän hödürleri ulan. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» berlen hödürlerden ýaşaýan ýeriňe gabat gelýänini saýla-da, öz sözüň bilen aýtjak bol. Sen şol hödürleri öz ýaşaýan ýeriňe gabat geler ýaly üýtget. Meselem, sen köplenç belli bir diniň ýa milletiň wekillerine duş gelýän bolsaň, onda şolary gyzyklandyryp biljek zatlar hakda oýlan. Wagyzda duşýan adamlara görä temaňy üýtgedip dursaň, onda sen adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkezersiň (1 Kor. 9:22).
3 Onsoňam, ulanýan hödürleriňi hemişe has-da timarlajak bol. Wagyz edeňde giriş sözleri wajyp. Şonuň üçin adamlaryň seniň diýýän zatlaryňa jogap berşine üns ber. Seniň saýlan temaň olary gyzyklandyrýarmy? Berýän soragyňa olar jogap berýärmi? Eger jogap bermeýän bolsa, hödürleriňi oňat timarla.
4 Ýat tutmak. Köp wagyzçylar öý eýesi gapysyny açan badyna, taýýarlan hödürini ýadyndan çykarýar. Eger-de, sen hem ýadyňdan çykarýan bolsaň, onda, belki, sen başga bir wagyzçy bilen repetisiýa edip görersiň? Şeýtseň, esasy pikir oňat ýadyňda galar hem-de şol hödüri ýönekeý we düşnükli aýdyp bilersiň. Şeýdip sen öý eýesiniň başga-da berjek jogaplaryna oňat taýýarlanarsyň.
5 Ýat tutmak üçin hödüri bir kagyz bölegine ýazyp, gapynyň öňünde şoňa göz aýlamaly. Köp wagyzçylaryň aýtmagyna görä, bu olara özüni arkaýyn duýmaga we adamlar bilen ynamly gürleşmäge kömek edýär. Şeýlelik-de, oňat taýýarlyk görüp, adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezýäris. Şeýdip hoş habary wagyz etmekde ökdeleşýäris.