Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/08 sah. 1
  • «Her bir oňat işe taýýar» bolmak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Her bir oňat işe taýýar» bolmak
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Taýýarlyk görüp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Wagyz üçin hödür taýýarlamak
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Giriş sözlerini taýýarlap, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Täze wagyzçylara wagyz etmegi öwrediň
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 5/08 sah. 1

«Her bir oňat işe taýýar» bolmak

1 Isa Mesih şägirtlerini hoş habary wagyz etmäge ibermezinden öň, olary taýýarlamak üçin wagt sarp etdi (Mat. 10:5—14). Biz işli bolsak-da, öýden-öýe wagyz edenimizde, öňünden biraz taýýarlansak, gowy netije gazanarys (2 Kor. 9:6).

2 Nädip taýýarlanmaly. Meýdanymyzdaky adamlar hakynda oýlanmak wajypdyr. Olary näme aladalandyrýar? Olar nämä ynanýar? Wagyz üçin teklipleri «Hudaýa gullugymyzdan» we «Ýazgylary ulanyp, ynandyrmak» atly kitapdan tapyp bolýar.

3 Gulluk duşuşygynda görkezilýän sahnalary ünsli diňläň. Wagyz üçin teklipleri gowy ulansaňyz, taýýarlanmaga az wagt sarp edersiňiz. Aýtjak sözleriňizi we teklipleriňizi gowulandyrmak barada oýlansaňyz, wagyz gullugynda üstünlikler gazanarsyňyz.

4 Wagyz üçin teklipleri ýatda saklamaga näme kömek eder? Meselem, olara sesli taýýarlanyp bolar. Käbir mesihçiler tekliplere maşgala okuwynda taýýarlanýarlar, Käbiri bolsa, ony bir kagyza gysgaça ýazyp, gapa golaýlaşanda oňa bir hatar göz aýlaýar.

5 Taýýarlyk görmegiň peýdasy. Gowy taýýarlyk wagyz gullugyny netijeli we şatlykly edýär. Biz gapynyň öňüne baranymyzda aýtjak zadymyz barada oýlanman adamy ünsli diňläp, tolgunmarys. Biz edebiýatlary öňünden okasak, ondaky pikirleri yhlasly gürrüň bereris.

6 Mukaddes Ýazgylarda «her bir oňat işe taýýar» bolmak ündelýär (Titus 3:1). Hoş habary wagyz etmekden gowy iş barmy? Biz wagza gowy taýýarlanyp, diňleýän adamlary sylaýandygymyzy hem-de gulluk edýän Ýehowa Hudaýymyza hormat goýýandygymyzy görkezýäris (Iş. 43:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş