Giriş sözlerini taýýarlap, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz wagyzda giriş sözlerimiz bilen adamy gyzyklandyryp bilmesek, onda ol gürrüňdeşligi bes eder. Şol sebäpli köp wagyzçylar giriş sözlerini ünsli saýlamagy wajyp hasaplaýarlar. «Hudaýa gullugymyzda» teklipler berilse-de, olarda köplenç giriş sözleri jikme-jik aýdylmaýar. Şol sebäpli biz bu babatda paýhasly bolmaly. Hatda teklip doly berlen bolsa-da, wagyzçylar ony üýtgedip ýa-da öz teklibini taýýarlap biler. Eger biz giriş sözlerini ünsli saýlap, gürrüňdeşlige gowy taýýarlansak, adam gapyny açanda oýlanyşyksyz gürlemeris we wagzymyz netijeli bolar (Sül. tym. 15:28).
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Maşgala okuwyny geçireniňizde, giriş sözlerini taýýarlamaga we olary gaýtalamaga wagt sarp ediň.
Wagyzda aýtjak giriş sözleriňizi ýanyňyzdaky wagyzçylar bilen paýlaşyň (Sül. tym. 27:17). Eger giriş sözleriňiz hiç hili netije bermese, onda ony üýtgediň.