Gowy teklibi nädip taýýarlamaly?
1. Gowy teklip taýýarlamak näme üçin wajyp?
1 Tagamly işdäaçaryň işdäňi açyşy ýaly, gowy teklip hem Mukaddes Ýazgylaryň esasynda gürrüňe başlamaga kömek edýär. Gowy teklibiň mazmuny we uzynlygy dürli-dürli bolup biler. Emma naharyň öz-özünden tagamly bolmaýşy ýaly, teklibiň gowy bolmagy üçin hem çuňňur oýlanmaly we taýýarlyk görmeli (Sül. tym. 15:28). Gowy teklibi nädip taýýarlamaly?
2. Teklip gyzykly bolar ýaly näme etmeli?
2 Gyzykly tema saýlaň. Teklip gyzykly bolmasa, adamlaryň ony diňlemezligi mümkin. Şonuň üçin teklibe taýýarlyk göreniňizde, adamlary nämäniň gyzyklandyrýandygy barada oýlanyň. Olary näme gyzyklandyrýar: Gowy hökümetmi, bagtly maşgala durmuşymy ýa-da urşuň haçan gutarjakdygy? Adatça adamlar oýlandyryjy sorag berlende öz pikirini aýtmagy gowy görýärler. «Hudaýa gullugymyzdaky» teklipleri ýaşaýan ýeriňize görä ulanyp bilermisiňiz? Maşgala okuwynda käbir teklipleri sahnalaşdyryp görseňiz gowy bolar.
3. Adamlaryň medeniýetini göz öňünde tutup, teklibi nädip taýýarlap bolýar?
3 Adamlaryň medeniýetini göz öňünde tutuň. Käbir ýerlerde derrew gürrüňe başlamak ýerlikli bolýar. Emma başga ýerlerde adam bilen saglyk-amanlyk soraşman, gürrüňe başlamaklyk edepsizlik hasaplanýar. Eger-de adamlar Hudaýa ynanýan bolsa, onda arkaýyn Mukaddes Ýazgylary ulanyp bileris (Res. iş. 2:14—17). Emma olar hristian dinine ýa-da asla dine uýmaýan bolsa, onda Mukaddes Ýazgylar barada ikilenç idegde aýtsak has gowy bolar (Res. iş. 17:22—31).
4. Näme üçin giriş sözlerine üns bermeli?
4 Giriş sözleri. Giriş sözlerini gowy taýýarlaň. Köplenç ýönekeý we sada sözlemler has täsirli bolýar. Giriş sözleriniň nädip aýdylyşy hem wajypdyr. Şähdaçyk boluň we mähirli ýylgyryp, adamlar bilen gyzyklanýandygyňyzy görkeziň. Ýokarda berlen maslahatlara eýerip, gowy teklipleri taýýarlasak, ýaşaýan ýerimizdäki adamlara «Rebbiň saçagyndan» iýmitlenmäge kömek ederis (1 Kor. 10:21).