Ugurtapyjy bol-da, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Pawlus resul diňleýjileriniň terbiýesini we düşünjesini göz öňünde tutup, ugurtapyjylyk bilen wagyz etmekde gowy görelde galdyrdy (1 Kor. 9:19—23). Bizem şeýle wagyz etmäge çalyşmaly. Wagyz etmek üçin «Hudaýa gullugymyzda» berilýän teklipleri ýaşaýan ýerimizdäki adamlara görä üýtgedip bileris. Gapa golaýlaşanymyzda, biz öý eýesini gyzyklandyrýan zatlara üns berip, şoňa görä-de wagyz edip başlarys. Emma wagyzda ugur tapmagyň ýene bir usuly bar.
2 Öý eýesiniň aýdýan sözlerine görä wagyz et. Biz hoş habary wagyz edenimizde, köplenç öý eýesine sorag berip, jogabyna garaşýarys. Berilýän jogaplara sen nähili garaýaň? Ýüzleý minnetdarlyk bildirip, taýýarlan wagzyňy dowam edýäňmi? Ýa-da öý eýesiniň jogabyny göz öňünde tutýaňmy? Eger-de sen adamyň aýdýan sözleri bilen ýürekden gyzyklansaň, onda sypaýy soraglary berip, ony alada goýýan zatlar barada köpräk bilersiň (Sül. tym. 20:5). Şeýdip, sen diňleýjileriň aladalaryny Patyşalyk baradaky habar bilen baglaşdyryp bilersiň.
3 Munuň üçin öňünden taýýarlan temany däl-de, başga temany wagyz etmeli bolar. Aýdaly, biz täzeliklerde agzalan kynçylyk barada gürrüň açdyk, öý eýesi bolsa ýaşaýan ýerinde bolan wakany ýa-da öz aladasyny gürrüň berip başlaýar. Eger adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, onda Mukaddes Ýazgylar esasynda olary biynjalyk edýän tema barada gürrüň ederis (Fil. 2:4).
4 Ugurtapyjylyk bilen wagyz et. Öý eýesi başga bir sorag berse, onda gürrüňi indiki sapar dowam etsek gowy bolardy. Şoňa çenli biz ony gyzyklandyrýan tema barada goşmaça maglumat gözläp bileris. Şeýle-de bu temany giňişleýin düşündirýän edebiýaty hem berip bileris. Bularyň barysy adamlar barada ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezer we Ýehowa barada bilim almaga kömek eder (2 Kor. 2:17).