Adamlar bilen gyzyklanyp, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Isa her bir adama hormat goýup, söýgi bilen aladasyny edýärdi. Meselem, Isa bir gezek ker adamyň duýgusyny göz öňünde tutup, ony märekäniň içinden bir çete çykaryp sagaltdy (Mar. 7:31—35). Şeýle-de ol şägirtleriniň ýagdaýyny göz öňünde tutup, köp zatlary aýtman, olaryň aladasyny edýändigini görkezdi (Ýahýa 16:12). Isa hatda gökde patyşa bolsa-da, adamlar bilen gyzyklanýandygyny görkezýär (2 Tim. 4:17). Biz hem Isanyň şägirtleri hökmünde onuň göreldesine eýermek isleýäris (1 Pet. 2:21; 1 Ýahýa 3:16, 18). Biz adamyň ýagdaýyny, duýgusyny we gyzyklanýan zadyny göz öňünde tutup, onuň aladasyny edýändigimizi görkezsek, wagzymyz netijeli bolar. Eger adam biziň maksadymyzyň ýöne bir habar aýtmak ýa-da edebiýat paýlamak däldigini bilse we onuň bilen gyzyklanýandygymyzy duýsa, bizi has gowy diňlär.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Maşgala okuwynda ýa-da wagyzda bir öýden beýleki öýe barýarkaňyz, adama etjek teklibiňizi ýanyňyzdaky wagyzçy bilen gaýtalap görüň.
Wagyz gullugy üçin duşuşyk geçirilende, ony alyp barýan dogan adamlar bilen nädip gyzyklanyp bolýandygy hakda gürrüň edip ýa-da sahnalaşdyryp biler.