Ünsli bol-da, adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesih adamyň näme mätäçdigini we olara nämä kömek etmelidigini gowy bilýär (2 Tar. 16:9; Mar. 6:34). Adamy gyzyklandyrýan we biynjalyk edýän zatlary bilip gürrüň açsak, hoş habary ökdelik bilen wagyz edip bileris.
2 Ünsli bol. Isa Mesih ünslüdi (Mar. 12:41—43; Luka 19:1—6). Şonuň ýaly, bizem öýden-öýe wagyz edenimizde, gapydaky doga-tumarlara, maşyndaky ýazgylara ýa-da howludaky oýunjaklara üns bersek, hoş habary üstünlikli wagyz edip bileris.
3 Adamyň ýüz keşbi we özüni alyp barşy onuň ýagdaýyny görkezip bilýär (Sül. tym. 15:13). Mümkin, adamyň ýakyn garyndaşy aradan çykandyr ýa-da betbagtçylyga uçrandyr, şonuň üçinem ol göwünlige mätäçdir. Mukaddes Ýazgylardan gerekli birnäçe aýady okasak, mümkin, göwünlik berip bileris (Sül. tym. 16:24). Öý eýesiniň howlugýandygyny ýa-da elinde çaga aglap durandygyny görsek näme etmeli? Onda başga wagt geljekdigimizi aýtsak gowy bolardy. Sypaýy we dertdeş bolsak, indiki gelenimizde, adamyň diňlemegi mümkin (1 Pet. 3:8).
4 Adamyň ýagdaýyna görä gürrüň aç. Pawlus resul Afiny şäherinde «Nätanyş Taňry» üçin gurbanlyk edilýän ýere üns berdi. Şony göz öňünde tutup, Pawlus resul: «Men, ine, tanaman, ybadat edýän bu zadyňyzy size wagyz edýärin» diýdi. Onuň sypaýylyk bilen wagyz etmegi käbir adamlara Patyşalyk baradaky habary diňlemäge we iman etmäge kömek etdi (Res. iş. 17:23, 34).
5 Bizem ünsli bolsak, olary gyzyklandyrýan zatlary bilmäge we şoňa görä gürrüň açmaga kömek eder. Öý eýesiniň pikirini biler ýaly, soraglar ber. Ony has gyzyklandyrmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň üstünde oýlan (Sül. tym. 20:5). Ünsli bolup, adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, hoş habary ökdelik bilen wagyz edip bileris.