Gulluk duşuşygynyň tertibi
Baýdak aýynyň 13-den başlanýan hepde
5-nji aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Sahnalaryň birinde jemgyýetçilik ýerinde wagyz edilişini görkez.
10 min: Sen Ýehowanyň guramasy bilen ýöreýäňmi? «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» atly kitabyň 7—10-njy sahypalaryna esaslanan doklad.
25 min: «Adamlara «dünýäniň nury» barada gürrüň beriň»a. Gulluk gözegçisi geçirmeli. Kömekçi pioner gullugyna başlan wagyzçylaryň adyny yglan et. Wagyz gullugy üçin geçirilýän goşmaça duşuşyklary agzap geç. 2005-nji ýylyň Baýdak (fewral) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 5-nji sahypasyna salgylanyp, kömekçi pioneriň gün tertibiniň nusgasy barada gürrüň ber.
28-nji aýdym we jemleýji doga.
Baýdak aýynyň 20-den başlanýan hepde
13-nji aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» käbir bildirişler.
15 min: «Wagyz etmäge amatly ýagdaý döret»b. Agyr ýagdaýlarda ýaşaýan wagyzçydan wagyz etmäge nädip amatly ýagdaý döredendigini gürrüň bermegi haýyş et.
20 min: «Tiz tapylýan kömek»c. Ýaşuly çykyş etmeli. 1998-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynda we 2000-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynda çykan «Patyşalyk gullugymyzdaky» sowally bukjalardan birki agyz söz aýt.
11-nji aýdym we jemleýji doga.
Baýdak aýynyň 27-den başlanýan hepde
18-nji aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Baýdak (fewral) aýy boýunça hasabat tabşyrmagy ýatlat. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga iki sany hödüri sahnalaşdyryň.
10 min: Ýerli zerurlyklar.
25 min: «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyny hödürleýäris. Nowruz aýynda biz wagyzda täze çykan kitaby ulanýarys. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 3—5-nji sahypalaryna esaslanyp, ýaşaýan ýeriňize gabat gelýän birnäçe hödürleri gaýtalaň hem-de sahnalaşdyryň.
16-njy aýdym we jemleýji doga.
Nowruz aýynyň 6-dan başlanýan hepde
7-nji aýdym.
10 min: Ýerli bildirişler. Kitapçalar ýeňil we özüne çekiji, şonuň üçin öýden-öýe, jemgyýetçilik ýerlerinde hem-de resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge başlamak üçin örän amatly. «Tizden hiç kim horluk çekmez!» diýen (ýa-da başga) kitapça boýunça gürrüňdeşlige başlamagy öwredýän sahna taýýarla. Kitapçanyň 2-nji sahypasynda getirilýän aýatlardan birini agzap geç.
15 min: «Taýýarlyk görüp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»d. Iki wagyzçynyň «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap bilen wagyz etmäge taýýarlanyşyny sahnalaşdyr. Olar 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynda çykan «Patyşalyk gullugymyzyň» goşmaça sahypasyndan bir hödüri saýlap, şony öz sözleri bilen aýtmak hem-de ýaşaýan ýerine gabat getirmek hakda maslahatlaşýarlar. Sahnanyň soňunda olar taýýarlan hödürini repetisiýa edýärler.
20 min: «Hakykaty öwretmek üçin wideofilmleri ulan»e. Makalada agzalýan wideofilmleriň hersiniň gezegi gelende, onuň daşyny görkez-de, mazmunyny gysgaça düşündir. Wagyzçylardan wideofilmler bilen baglanyşykly wagyzda bolan wakalary gürrüň bermegi haýyş et (1997-nji ýylda çykan «Ýyllyk kitabynyň» (rusça) 54-nji sahypasyna hem-de 1995-nji ýylda çykan «Ýyllyk kitabynyň» (iňl.) 50—51-nji sahypalaryna seret).
25-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.