Wagyz etmäge amatly ýagdaý döret
1 Ýygnaga gelýän dogan-uýalaryň ýagdaýlary dürli-dürli bolýar. Ýöne biziň hemmämiz Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris (Zeb. 79:13). Eger-de saglygymyz ýaramaz bolsa ýa-da başga bir agyr ýagdaý ýüze çyksa, onda biz wagyz etmäge nädip amatly ýagdaý döredip bileris?
2 Her gün. Isa her gün adamlara wagyz edýärdi. Ol salgythananyň deňinden geçip barýarka, Matta, ýoluň ugrunda Zakkaýa hem-de dynç alyp otyrka, samariýaly aýala wagyz etdi (Mat. 9:9; Luka 19:1—5; Ýahýa 4:6—10). Biz hem her gün adaty gürrüňdeşligi wagyz etmek üçin ulanyp bileris. Mukaddes Ýazgylar, kitapçalar hem-de broşýuralar ýanyňda bolsa, onda umydymyz barada gürrüň açmaga hemişe taýyn bolarys (1 Pet. 3:15).
3 Saglygymyzyň ýaramazlygy sebäpli, öýden-öýe wagyz edip bilmesek näme? Keselhana işgärlerine we beýleki duşýan adamlaryňa wagyz etmäge hemişe taýyn bol (Res. iş. 28:30, 31). Käbir ýagdaýlar sebäpli öýde galmaly bolsaň, hat üsti bilen ýa-da telefon arkaly wagyz edip bilersiň. Bir uýa Ýehowanyň Güwäçisi däl garyndaşlaryna yzygiderli hat ýazýar. Ol Mukaddes Ýazgylardan ruhlandyryjy pikirleri we wagyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň berýär.
4 Işde ýa-da mekdepde. Biz işde ýa-da mekdepde hakykat tohumyny ekmek üçin amatly ýagdaý döredip, Ýehowany ýürekden şöhratlandyrmak isleýäris. Sekiz ýaşly wagyzçy klasdaşlaryna «Oýanyň!» žurnalyndan Aý barada okan makalasyny gürrüň berdi. Şol maglumaty nireden alandygyny bilip, onuň mugallymy «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny yzygiderli okap başlady. Ýerlikli bolsa, iş ýeriňde «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby görnüp duran ýerde goýsaň, onda beýleki işgärlerde sorag ýüze çykmagy mümkin. Şeýdip wagyz etmäge amatly ýagdaý dörär.
5 Her gün wagyz etmäge başga-da amatly ýagdaý döredip bilersiňmi? Ýagdaýymyza görä, geliň, her gün «Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny hödürläliň» (Ýew. 13:15).