Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, hoş habary wagyz ediň!
1. Biz Dawutdan näme öwrenip bileris?
1 Dawut patyşa kynçylyk dörände, ruhdan düşmedi. Ol Ýehowa üçin ybadathana gurmak isleýärdi. Dawut ony gurup bilmejekdigini bilende, maksadyny üýtgetdi we gurluşyk üçin gerekli zatlary taýýarlap, ogly Süleýmana ybadathanany gurmaga kömek etdi (1 Pat. 8:17—19; 1 Ýyl. 29:3—9). Dawut edip bilmeýän zatlary hakda däl-de, edip bilýän zatlary barada oýlandy. Biz Dawutdan görelde alyp, hoş habary dürli ýollar bilen nädip wagyz edip bileris?
2. Biz nädip ýagdaýymyzy barlap bileris?
2 Sen näme edip bilersiň? Köp wagyzçylar kömekçi we umumy pioner bolmak üçin durmuşyny sadalaşdyrdylar (Mat. 6:22). Sen hem pioner gullugyna başlap bilermiň? Sen Ýehowa doga edip, ýagdaýyň barada oýlansaň, «uly, iş bitiriji bir gapy açylandygyna» göz ýetirersiň. Şeýtseň, köpräk gulluk etmäge mümkinçiligiň bolar! (1 Kor. 16:8, 9).
3 Biz pioner bolup bilmesek-de, mümkinçilikden peýdalanyp nädip wagyz edip bileris?
3 Seniň pioner bolmaga mümkinçiligiň bolmasa näme? Sen başga-da mümkinçilikleriň bardygyny unutma. Meselem, sen işleýän ýeriňdäki adamlar bilen gürrüňdeş bolýan bolsaň, onda olara mümkinçilikden peýdalanyp, wagyz etseň gowy bolmazmy? Ýa-da sen keselläp lukmanyň ýanyna baranyňda, wagyz edip bilermiň? Hatda agyr kesel ýa-da garrylyk sebäpli mümkinçiligiň bolmasa-da, sen her aý 15 minut wagyz edip, hasabat tabşyryp bilersiň. Sen resmi däl ýagdaýda wagyz eden wagtyňy hasabata ýazmagy unutma. Şonda sen göräýmäge, az wagtyň hem ähmiýetlidigine geň galarsyň!
4. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
4 Geliň, ýagdaýymyzyň nähilidigine garamazdan, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, hoş habary wagyz edeliň. Şeýtsek, biz Patyşalygyň bähbitleri üçin zähmet çekýändigimize örän begeneris (Mar. 14:8; Luka 21:2—4).