Sen resmi däl ýagdaýda wagyz etmegi başararsyň!
1. a) Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek näme? b) Siziň toparyňyzda hoş habary näçe adam ilkinji gezek resmi däl ýagdaýda eşitdi?
1 Seniň ýygnagyňda hakykaty resmi däl ýagdaýda eşidenler köpmi? Bu soragyň jogaby seni haýran galdyrmagy ahmal. Gezelenje gideniňde, garyndaşlar ýa-da goňşular bilen görşeniňde, bazarda, şeýle-de mekdepde, işde we başga ýerlerde günüň dowamynda duş gelýän adamlara hoş habar hakynda gürrüň bereniňde — resmi däl ýagdaýda wagyz edýändigiňi aňladýar. Bir ýygnagyň 200-den gowrak wagyzçylarynyň 40 prosendi hoş habary resmi däl ýagdaýda eşidipdi! Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek gowy netije berýär.
2. Mukaddes Ýazgylarda resmi däl ýagdaýda wagyz etmek babatda nähili mysallar bar?
2 I asyrda hoş habarçylar köplenç resmi däl ýagdaýda wagyz edýärdiler. Meselem, Isa Samariýa barýarka, Ýakubyň guýusyndan suw almaga gelen aýala wagyz edýär (Ýahýa 4:6—26). Filipus Işaýa pygamberiň kitabyny okap oturan hebeşleriň melikesiniň wezirine: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmisiň?» diýip, söz açýar (Res. iş. 8:26—38). Pawlus resul Filipide zyndandaka türmeçä wagyz edýär (Res. iş. 16:23—34). Soňra Pawlus öý tussagyndaka «ýanyna gelenleriň baryny kabul etdi. Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary... öwretdi» (Res. iş. 28:30, 31). Sen utanjaň bolsaň-da, resmi däl ýagdaýda wagyz edip bilersiň. Nädip?
3. Utanmaz ýaly, bize näme kömek eder?
3 Gürrüňe nädip başlamaly? Käbirimize nätanyş adamlar bilen gürrüňe başlamak kyn bolýar. Hat-da tanyş adamlara-da hakykaty gürrüň bermäge az-owlak çekinmegimiz ahmal. Emma Ýehowanyň edýän ýagşylygy, gullukçylaryna berýän gymmatly ruhy hazynalary we adamlaryň gözgyny ýagdaýy barada oýlansak, bize gürrüňe başlamaga ýardam eder (Ýunus 4:11; Zeb. 40:5; Mat. 13:52). Şeýlede Ýehowadan «gaýrat bermegi» dileg edip bileris (1 Sel. 2:2). Gileatda okan bir doganymyz şeýle diýýär: «Adamlar bilen gürüňe başlamak kyn bolanda, men köplenç doga edýärin. Bu maňa kömek edýär». Söz açmaga utanýan bolsaň, içiňden gysgaça doga et (Neh. 2:4).
4. Gürrüňi nämeden başlap bileris we näme üçin?
4 Resmi däl ýagdaýda wagyz edilende taýýarlan teklibimizi ýa-da aýady ulanmak hökman däl. Biri bilen gürleşenimizde hoş habary şol wagtyň özi wagyz etmän, eýsem ýöne gürrüňdeş bolsak gowy bolar. Şeýle edýän wagyzçylaryň köpüsi hakykat barada gürrüňiň ahyrynda söz açýandyklaryny aýdýar. Biziň territoriýamyzda bu usul howpsuzlyk üçin hem peýdaly bolýar (Mat. 10:16). Bu bize adam bilen hoş habar hakynda gürleşseň paýhasly boljagyny ýa bolmajagyny anyklamaga kömek edýär (Mat. 7:6). Eger kimdir biri bu hakda gürleşmek islemese, zor etmek hökman däl. Sypaýylyk bilen gürrüňi tamamla.
5. Utanjaň uýamyza resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge näme kömek edýär?
5 Utanjaň bir uýa dükanda zat alan wagty, ilki bilen, adama mähirli seredip ýylgyrýar. Eger ol adam hem ýylgyrsa, uýa gürleşmek üçin söz açýar. Adam hoşamaý jogap berse, uýamyz gürrüňi dowam edýär. Ünsli diňläp, hoş habaryň haýsy temasy ony has gyzyklandyrjakdygyna düşünmäge jan edýär. Şeýdip, uýamyz ençeme edebiýat paýlady we Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlady.
6. Resmi däl ýagdaýda nädip gürrüňe başlasa bolar?
6 Gürrüňe başla. Adamlar bilen gürrüňe başlanymyzda näme diýse bolar? Isa guýynyň başynda aýal bilen gepleşeninde, ondan içere suw diläp, gürrüňi ýönekeý haýyşdan başlaýar (Ýahýa 4:7). Biz hem gürrüňi mähirli salamdan ýa-da sorag bilen başlap bileris. Gürrüňdeşligiň dowamynda Ýazgylardaky pikirleri aýtjak bol. Şeýtseň, belkide hakykat tohumyny ekersiň (Wag. 11:6). Käbirleri adamda bilesigelijiligi oýaryp, soragyň jogabyny bilmäge isleg döreder ýaly gyzykly sorag berýärler. Meselem, eger sen lukmana görünmek üçin nobatda duran bolsaň, ýanyňda durana: «Men sabyrsyzlyk bilen keselsiz durmuşa garaşýaryn» diýip gürrüňe başlap bilersiň.
7. Ünsli bolmak resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge nädip kömek edýär?
7 Şeýle-de, adamlara ünsli bolsak, olar bilen gürrüňe başlamak aňsat bolar. Eger-de çagalaryň tertipliligi gözümize ilse, olaryň ata-enesinden: «Çagalaryňyza gowy terbiýe bermäge size näme kömek edýär?» diýip sorap bileris. Bir uýa işdeşleriniň edýän gürrüňlerini nazara tutup, olary gyzyklandyrýan zatlar esasynda gürleşýär. Haçan-da işdeşleriniň biri durmuşa çykjak bolýandygy hakynda agzanda, ol oňa durmuş gurmak barada aýdylýan «Oýanyň!» žurnalyny berýär. Netijede, onuň bilen Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüňdeşlik dowam edildi.
8, 9. a) Resmi däl ýagdaýda wagyz eder ýaly näme edip bileris? b) Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek üçin sen näme edýärsiň?
8 Mümkinçilik gözle. Biz wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyny bilýäris. Şonuň üçin resmi däl ýagdaýda wagyz etmek mümkinçiligi diňe tötänden ýüze çykýandyr öýtmän, eýsem, şol mümkinçiligi özümiz gözlemeli. Saňa duş geljek adamlar hakynda öňünden pikir edip, olar bilen nädip ýakymly gürrüňdeşlige başlap boljakdygy barada oýlan. Mukaddes Ýazgylar elmydama ýanyňda bolsa, gürrüňdeşligiň dowamynda ruhlandyryjy pikir bilen paýlaşyp bilersiň (1 Pet. 3:15).
9 Köp wagyzçylar resmi däl ýagdaýda wagyz etmek üçin ugurtapyjylyk bilen mümkinçilik gözleýärler. Goralýan jaýda ýaşaýan bir uýa jaýyň dynç alyş meýdançasynda düzme bölejiklerinden ajaýyp tebigatyň suratyny düzýär. Geçip barýan adamlar bu surat hakda söz açanda, uýa olar bilen Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan «täze gök bilen... täze ýer» baradaky wadalar hakynda gürrüňe başlaýar (Ylh. 21:1—4). Sen hem resmi däl ýagdaýda wagyz etmegiň ugruny tapyp bilermiň?
10. Resmi däl ýagdaýda wagyz edenimizde kimdir biri gyzyklansa, näme etse bolar?
10 Gyzyklanany ideg et. Eger kimdir biri seni höwes bilen diňlese, indiki gezek duşuşjak bolup jan et. Ýerlikli bolsa, oňa: «Men siz bilen gürrüňdeş bolanyma örän şat. Siz bilen ýene-de nädip duşuşyp bolarka?» diýip sorasa bolar. Howply bolmadyk ýagdaýda käbir wagyzçylar: «Bu hakynda köpräk bilesiňiz gelse, meni şu salgy boýunça tapyp bilersiňiz» diýip, öz adresini we telefon belgisini berýär. Eger sen gyzyklanan adamy ideg etmäge mümkinçiligiň bolmasa, onuň adyny, adresini, telefon belgisini, haýsy dilde gepleýänini we başgada wajyp maglumatlary haýal etmän ýygnagyň kätibine ber.
11. a) Resmi däl ýagdaýda wagyz edýän wagtymyzy näme üçin bellemeli? b) Resmi däl ýagdaýda wagyz edilmegi nähili netijeler berdi? («Resmi däl ýagdaýda wagyz etmegiň netijeleri!» diýen çarçuwa serediň)
11 Tabşyrýan sagat sanymyza resmi däl ýagdaýda wagyz eden wagtymyzy hem goşmaly. Hatda, birnäçe minut wagyz eden bolsaň-da, ony çekinmän belle. Pikir edip gör: eger bütin dünýä boýunça ähli wagyzçylar resmi däl ýagdaýda her gün 5 minut wagyz etse, onda her aý 17 million sagatdan gowrak wagyz edildigi bolar!
12. Resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge bizi näme höweslendirmeli?
12 Biz Hudaýy we goňşymyzy söýýändigimiz üçin resmi däl ýagdaýda wagyz edýäris (Mat. 22:37—39). Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri we amala aşyrjak niýetleri bizde onuň «patyşalygynyň şöhratyny aýdyp, gudratyndan» gürrüň bermäge isleg döredýär (Zeb. 145:7, 10—12). Ýakynlarymyzyň ýürekden aladasyny etsek, heniz wagt barka, hoş habary wagyz etmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga bizde höwes bolar (Rim. 10:13, 14). Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek üçin öňünden az-kem taýýarlansak, ähtimal biz akýürekli adamy Hudaý bilen tanyşdyrýanymyza begeneris.
[4-nji sahypadaky sitata]
Adamlar bilen gürrüňi ýönekeý zatlardan başlasaň gowy bolar
[5-nji sahypadaky sitata]
Köp wagyzçylar resmi däl ýagdaýda wagyz etmek üçin ugurtapyjylyk bilen mümkinçilik gözleýärler
[5-nji sahypadaky çarçuwa]
Gürrüňdeşlik üçin maslahatlar
◼ Doga gürrüňdeşlige başlamaga kömek edýär
◼ Hiç ýerik howlukmaýan we mylakatly görünýänler bilen söz aç
◼ Adama mähirli seredip ýylgyr-da, gürrüňi ikiňizi-de gyzyklandyrýan zatdan başla
◼ Adamy ünsli diňle
[6-njy sahypadaky çarçuwa]
Resmi däl ýagdaýda wagyz etmegiň netijeleri!
• Bir dogan wulkanizasiýada maşynynyň bejerilmegine garaşyp durka, töweregindäki adamlara wagyz edip, olary çykyş ediljek nutga çagyryş kagyzyny paýlaýar. Bir ýyldan soň, kongresde şol dogan bilen nätanyş biri gadyrlap salamlaşýar. Ol adam bir ýyl öň wulkanizasiýada çagyryş kagyzyny alanlaryň birisi eken! Ol nutgy diňlemäge baryp, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga haýyş edipdir. Netijede onuň özi we aýaly suwda çokundyryldylar.
• Hoş habary resmi däl ýagdaýda eşiden bir uýa özüne üýtgeşik wagyz meýdança saýlaýar, ýagny adamlara çagalarynyň üsti bilen wagyz edýär. Ol mekdepde hem-de ene-atalar ýygnagynda duşýan goňşularyny we ata-eneleri özüniň wagyz meýdançasy hasaplaýar. Uýa özüni tanyşdyryp, çagalaryny terbiýelemekde Mukaddes Ýazgylaryň kömek edýänidgini höwes bilen gürrüň berýär we soňra gürrüňini gerekli soraga geçirýär. Olar bilen az-kem tanşansoň, oňa indiki duşuşyklarda Mukaddes Ýazgylar ulanmak aňsat düşýär. Şeýdip ol 12 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlady we olara suwda çokundyrylmaga kömek etdi.
• Ätiýaçlandyryş edarasynyň wekili uýamyzyň öýüne gelende, uýa oňa wagyz edýär. Uýamyz oňa bagtly durmuşy, jan saglygy we ebedi ýaşaýşy ätiýaçlandyrmak barada gürrüň berende, ol adam haýsy ätiýaçlandyryş hakynda aýdýandygyny soraýar. Uýa Mukaddes Ýazgylarda berilýän wadalar hakynda aýdyp, okamaga edebiýat berýär. Ol adam ony bir gijäniň içinde okap çykýar. Şeýle-de ol Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap, duşuşyklara gatnaşyp başlaýar we soňra suwda çokundyrylýar.
• Uçarda bir uýa ýanynda oturan aýal bilen gürrüňdeş bolup, wagyz edýär. Gürrüňiň ahyrynda uýa oňa öz adresini we telefon belgisini berip, indiki gezek Ýehowanyň Güwäçilerne duşanda, olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge maslahat berýär. Ertesi günüň özi, iki sany Güwäçi şol aýalyň öýüne gelip wagyz edýär. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, ruhy taýdan çalt ösýär, suwda çokundyrylýar we tiz wagtdan üç adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başlaýar.
• Gartaşanlar öýünde ýaşaýan 100 ýaşly gözi görmeýän dogan köplenç: «Bize Hudaýyň Patyşalygy gerek» diýýärdi. Haçanda şepagatçylar we näsaglar oňa bu barada sorag berende, ol Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini düşündirýär. Şol ýerde işleýän bir aýal, doganymyzdan Jennetde onuň näme etjekdigini soraýar. Dogan oňa: «Meniň gözlerim açylar, öňkim ýaly ýöräp bilerin hem-de maýyplar arabasyny ýakaryn» diýip jogap berdi. Gözüniň körligi sebäpli şol şepagat uýasyndan edebiýalarmyzy okap bermegini soraýar. Doganymyzy gyzy görmäge gelende, şepagat uýasy öýüne edebiýat getirmeklerini haýyş edýär we doganymyzyň gyzyna: «Gartaşanlar öýünde «Bize Hudaýyň Patyşalygy gerek» diýen tema barada gürleşýäris» diýýär.
• Restoranda nobata garaşyp oturan uýa golaýynda birnäçe ýaşulynyň syýasy meseleler hakynda gürleşip oturanyny eşidýär. Olaryň birisi hökümetler adamlaryň kynçylyklaryny çözüp bilmeýändigini aýdýar. Uýa öz içinden: «Wagyz etmegiň amatly pursady» diýip, gysgaça doga edýär we olaryň ýany barýar. Özüni tanyş edensoň, olara Hudaýyň Patyşalygy adamzadyň kynçylyklaryny çözjekdigini aýdýar we ýanynda bolan broşýurany berýär. Uýa restoranyň iş dolandyryjysynyň gelýänini görüp, ony kowjak bolýandyr öýdýär. Emma ol adam uýamyzyň eden gürrüňini diňländigini hem-de broşýura almak isleýändigini aýdýar. Gürrüňi diňläp duran bir işgär gyz hem gözüne ýaş aýlap, olaryň ýanyna gelýär. Ol öň Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän eken we indi okuwy täzeden başlamaga isleg bildirdi.