Resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge taýynmyň?
1. Resmi däl ýagdaýda wagyz etmegiň gowy netije berýändigini haýsy mysal görkezýär?
1 Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek gowy netije berip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle gullugyň gowy netije berýändigi barada ençeme mysallar bar (Ýahýa 4:7—15). Eýsem, resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge nädip taýýarlanyp bileris?
2. Biziň egin-eşigimiz we daş keşbimiz wagyz etmäge nähili mümkinçilik berýär?
2 Egin-eşik we daş keşp. Egin-eşigimize we daş keşbimize hemişe ünsli bolsak, bu bize hoş habary wagyz etmäge kömek eder (1 Tim. 2:9, 10). Eger daş keşbimiz salykatly bolmasa, bu gürrüňdeşlige päsgel berip biler. Arassa, päk we ýaraşykly eşigimiz bolsa, adamlary gyzyklandyryp, olaryň ünsüni çekmegi mümkin. Meselem, bir mesihçi är-aýal gezelenje gidende, olaryň ýanynda musulman adam oturýar. Ol olaryň salykatly daş keşbine üns berip, niredendigini we haýsy dine uýýandygyny soraýar. Bu Mukaddes Ýazgylar barada üç sagat gürrüň etmäge mümkinçilik berýär.
3. Isanyň göreldesine eýerip, gürrüňe nädip başlap bileris?
3 Gürrüňe başlamak. Isa Ýakubyň guýusynyň ýanynda samariýaly aýala duşanda: «Maňa içmäge suw bersene» diýip, ýönekeý sorag bilen gürrüňe başlady. Şonuň ýaly biz hem gysgaça sorag bilen gürrüňe başlap bileris. Käte gürrüňe başlamak aňsat däl, ýöne muny Ýehowanyň kömegi bilen başararys (1 Sel. 2:2).
4. Resmi däl ýagdaýda nädip wagyz edip bileris?
4 Dürli mümkinçilikleri gözle. Wagyzçylaryň köpüsi dürli ýollar bilen resmi däl ýagdaýda wagyz edýärler. Ýagdaýyňy göz öňünde tutup, gündeki duş geljek adamlar barada oýlan. Ýanyň bilen gerekli edebiýatlary we kiçijik Mukaddes Ýazgylary al. Ünsli bolup, adamlar bilen içgin gyzyklan. Günüň dowamynda bolup biljek mümkinçilikler barada öňünden oýlansaň, gowy wagyz edip bilersiň (Flp. 1:12—14; 1 Pet. 3:15).
5. Biz näme üçin resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge öňünden taýýarlanmaly?
5 Biz resmi däl ýagdaýda wagyz edýäris, sebäbi Hudaýy we ýakynymyzy söýýäris (Mat. 22:37—39). Wagyz işi gaýragoýulmasyz, şonuň üçin resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge öňünden taýýarlanmaly. Entek wagt barka, adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanmaly (Rim. 10:13, 14; 2 Tim. 4:2).