Adamlara töleg gurbany arkaly halas bolmaga kömek et
1. Hudaýyň halky töleg gurbany üçin öz minnetdarlygyny nädip bildirip bilýär?
1 «Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür!» (2 Kor. 9:15). Bu sözler Hudaýyň öz Ogly Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly adamlara berýän ýagşylygyna we merhemetine minnetdarlygymyzy oňat beýan edýär. Şu aýatda aýdylýan Hudaýa minnetdarlygymyz Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyny geçirmek üçin ýygnananymyzda has-da aýdyň görner.
2. Ýatlama agşamyna Ýehowanyň gullukçylary bilen kimler gatnaşýar hem-de olar töleg gurbany arkaly halas bolmak üçin näme etmeli?
2 Her ýyl Ýehowanyň gullukçylary bilen başga-da on milliona golaý adam Ýatlama agşamyna gatnaşýar. Şeýdip olar hem Mesihiň töleg gurbanyna öz minnetdarlygyny bildirýärler. Ýöne töleg gurban arkaly halas bolmak üçin olar oňa iman etmeli (Ýahýa 3:16, 36). Biz olara şeýle iman etmäge nädip kömek edip bileris? Ýatlama agşamy geçirilýän aý biz olary Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenmäge we her hepde geçirilýän ýygnaklara gatnaşmaga höweslendirip bileris. Käbir maslahatlara seredeliň.
3. Ýatlama agşamyna çakylyk paýlanymyzda, Mukaddes Ýazgylar okuwyna nädip başlap bileris?
3 Mukaddes Ýazgylar okuwy. Gyzyklanýan adamlary Ýatlama agşamyna çagyranyňda, olar bilen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuwa başlamaga synanyşyp gördüňmi? Kitabyň 206—208-nji sahypalaryny açyp, gyzyklanýan adama «Hudaýy şöhratlandyrýan Rebbiň Agşam nahary» diýen tema boýunça Ýatlama agşamy barada gürrüň etmegi teklip et. Bu temany pikir alyşmak üçin, belki, sen bir-iki gezek gelseň, gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilersiň. Şu materialy geçip bolansoň, ol belki, 5-nji bapdan «Töleg — Hudaýyň iň uly sowgady» diýen temany pikir alyşmaga höwes bildirmegi mümkin. Eger Mukaddes Ýazgylar okuwynyň yzygiderli geçjekdigine gözüň ýetse, onda kitabyň başdaky dört babyny geçmäge başlap bilersiň.
4. Ýatlama agşamy aýy biz kimler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bileris?
4 Ýokarda agzalan usul bilen biz kimler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bileris? Belki, käbir işdeşleriňe, klasdaşlaryňa ýa-da goňşylaryňa hödür edip bilersiň. Doganlar hem ýygnakdaky uýalaryň iman etmeýän ärleri bilen gürrüň edip biler. Şeýle hem Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk garyndaşlaryňa okuw hödür etmegi unutmagyn. Ondan başga-da, biz bir wagt ýygnaga yhlasly gatnaşanlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin has-da jan etmeli (Luka 15:3—7). Geliň, ähli adamlara töleg arkaly halas bolmaga kömek edeliň.
5. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleri we beýleki gyzyklanýan adamalary her hepde geçirilýän duşuşyklara gatnaşmaga nädip höweslendirip bileris?
5 Ýygnaklar. Köplenç Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň we gyzyklanýan adamlaryň ilkinji gelýän duşuşygy — Ýatlama agşamy bolýar. Onda biz olary beýleki duşuşyklara gatnaşmaga nädip höweslendirip bileris? 2005-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 8-nji sahypasynda şeýle maslahat berilýär: «Ýakynda boljak dokladyň temasyny aýt. «Garawul diňi» žurnaly öwrenilende we kitap öwrenilýän duşuşykda geçiljek materialy görkez. Teokratiki gulluk mekdebi hem-de Gulluk duşuşygynyň geçirilişi barada gürrüň ber. Sen Mekdepde çykyş etmeli bolsaň, sen ony şägirt bilen repetisiýa edip bilersiň. Ýygnaklarda aýdylan gyzykly pikirleri gürrüň ber. Ýygnaklaryň geçilýän ýeri hakynda gürrüň bereňde, edebiýatdaky suratlary ulan».
6. Biz ak ýürekli adamlara haýsy iki usul bilen tölegiň peýdasyny bilmäge kömek edip bileris?
6 Mukaddes Ýazgylar okuwy yzygiderli öwrenýän hem-de ýygnaklara yzygiderli gatnaşýan ak ýürekli adamlar köplenç ruhy taýdan çalt ösýärler. Şonuň üçin biz adamlary ruhy çärelerden hem-de Hudaýyň uly sowgady bolan tölegden peýdalanmaga höweslendirip bileris.