Geliň, minnetdarlyk bildireliň Ýatlama agşamy 17-nji aprelde geçer
1. Näme üçin mezmurçynyň aýdan sözlerine esasanam Ýatlama agşamy döwründe üns bermeli?
1 Mezmurçy Ýehowanyň ençeme gezek rehimdarlyk bildirenine we halas edenine minnetdar bolup, şeýle sözler aýtdy: «Maňa eden bütin ýagşylyklary üçin Rebbe näme bererin?» (Zeb. 116:12). Şu günler Ýehowa minnetdar bolmaga onuň gullukçylarynda has-da uly sebäp bar. Zeburdaky ylhamlanan sözler ýazylandan ençeme asyr geçensoň, Ýehowa adamzat üçin iň uly sowgady, ýagny Töleg gurbanyny berdi. 17-nji aprelde geçjek Mesihiň ölen gününiň Ýatlama agşamyna taýýarlanyp, minnetdarlygymyzy görkezmäge gowy sebäp bar (Kol. 3:15).
2. Töleg gurbanyna minnetdar bolmaga nähili sebäpler bar?
2 Töleg gurbanynyň berýän berekedi. Töleg gurbany arkaly «günälerimiziň ötülmegine» mümkinçilik döredi (Kol. 1:13, 14). Töleg bize Ýehowa päk ynsap bilen sežde etmäge ýol açýar (Ýew. 9:13, 14). Doga edenimizde Ýehowa ýakynlaşyp bilýändigimize ynanýarys (Ýew. 4:14—16). Töleg gurbanyna iman edýänleriň ajaýyp durmuşda ebedi ýaşamaga umydy bar! (Ýahýa 3:16).
3. Töleg gurbany üçin Ýehowa minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris?
3 Minnetdarlygyňy nädip görkezmeli? Ýatlama agşamy döwründe Mukaddes Ýazgylardan okamaly aýatlary okasak, Töleg gurbany üçin çuňňur minnetdardygmyzy görkezeris. 2011-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňiniň» «Sen iň wajyp güne taýýarlandyňmy?» atly makalasy saňa minnetdar bolmaga kömek eder. Şeýle-de, biz Ýehowa ýürekden doga edip, Töleg gurbanyny gymmat saýýandygymyzy aýdyp bileris (1 Sel. 5:17, 18). Isanyň beren tabşyrygyna gulak asyp, Ýatlama agşamyna gatnaşsak, minnetdardygymyz görner (1 Kor. 11:24, 25). Şeýle-de, Ýehowanyň çuňňur söýgüsine eýerip, Ýatlama agşamyna, mümkin boldugyça, köpräk adam çagyryp bileris (Iş. 55:1—3).
4. Biz Ýatlama agşamyna nähili garaýyşda bolmaly?
4 Töleg gurbany üçin minnetdarlyk bildirýän Ýehowanyň gullukçylary Ýatlama agşamyna ýöne bir ýygnak duşuşygy ýaly garamaýar. Ol iň wajyp duşuşyk! Ýatlama agşamy güni golaýladygyça, geliň, mezmurçy ýaly: «Eý janym, Rebbe alkyş et, onuň ähli ýagşylyklaryny unutma» diýeliň! (Zeb. 103:2).