Tölegi minnetdarlyk bilen ýatlaň
1, 2. Näme üçin biz Isanyň töleg gurbanyny minnetdarlyk bilen ýatlamaly?
1 Isanyň tabşyryşy ýaly, bütin ýer ýüzündäki mesihçiler 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine, ruhgüni gün ýaşandan soň Isa Mesihiň ölen gününi bellemek üçin ýygnanyşarlar (Luka 22:19; 1 Kor. 11:23—26). Şol güni 1975 ýyl mundan öň görlen çärä minnetdarlyk bildirmek üçin ýygnanyşýarys. Isa pürsde jebir çekip, tä ölýänçä wepaly galyp, Atasynyň adyny şöhratlandyrdy hem-de Şeýtanyň beren gyjalatyna örän gowy jogap berdi (Eýýup 1:11; Sül. tym. 27:11).
2 Isanyň dökülen gany täze ähti güýje girizdi hem-de bikämil adamlara Hudaýyň ogullary bolmaga we gökde Isa Mesih bilen bile Hudaýyň Patyşalygynda hökümdarlyk etmäge mümkinçilik berdi (Ýerem. 31:31—34; Mar. 14:24). Galyberse-de, Isanyň Nikodimosa düşündirişi ýaly, Hudaý iň söýgüli Ogluny gurban edip, adamlara bolan çuňňur söýgüsini görkezdi (Ýahýa 3:16).
3. Ýatlama agşamyna gelen adamlar nähili peýda görer?
3 Adamlary çagyryň. Çagyrjak adamlaryň spisogyny düzmek barada «Hudaýa gullugymyzyň» Türkmenbaşy aýyndaky sanynda maslahat berilipdi. Siz spisokdaky adamlary çagyryp başladyňyzmy? Ýatlama agşamyna gelen adamlar Mukaddes Ýazgylarda ebedi ýaşaýşa eltjek tölege nädip iman etmelidigi baradaky pikirleri eşiderler (Rim. 10:17).
4. Näme üçin Ýatlama agşamyna irräk gelmeli?
4 Ýatlama agşamyna çagyrylan adamlary mähirli garşylamak üçin, irräk gelmegi göz önüňde tutuň. Bu uly dabara, adatça köp adamlaryň gelýändigi sebäpli, täze gelen we ýygnak duşuşyklaryna seýrek gatnaşýan adamlara aýratyn üns bermeli.
5. Wajyp baýramçylyga ýüregimizi nädip taýýarlap bileris?
5 Ýüregiňizi taýýarlaň. 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinden başlap, ýyllyk kalendarynda we şu ýylyň «Ýazgylary her gün öwrenýäris» atly broşýurada Ýatlama agşamyna degişli okalýan aýatlaryň meýilnamasy ýerleşdirilen. Isanyň ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň soňky günlerinde bolan wajyp wakalary barada okasak, ýüregimizi Ýatlama agşamyna taýýarlamaga kömek eder (Ezra 7:10). Mukaddes Ýazgylardaky bu wakalar hakynda doga edip oýlansaňyz, Ýehowanyň söýgüsine hem-de onuň Oglunyň töleg gurbanyna minnetdarlygyňyz artar (Zeb. 143:5).
6. Töleg gurbanyna minnetdarlygymyzyň artmagy nähili miwe berýär?
6 Ýatlama agşamy ýetip gelýär, şol sebäpli, geliň, bu wajyp baýramçylyga taýýarlanalyň we başgalara-da oňa taýýarlanmaga kömek edeliň. Biz töleg gurbanyny minnetdarlyk bilen ýatlap, Ýehowa we onuň Ogly Isa bilen gatnaşygymyzy berkideris (2 Kor. 5:14, 15). Bu bizi olaryň göreldesine eýerip, janymyzy aýaman adamlary söýmäge höweslendirýär (1 Ýahýa 4:11).