Ýatlama agşamy barada ýatlatma
Ýaşulular Ýatlama agşamyna taýýarlyk görende, şu aşakdaky maslahatlara üns bermeli:
◼ Gün ýaşmanka nyşanlary elden-ele geçirmezlige üns beriň.
◼ Baýramçylyga gerekli çöregi we gyrmyzy şeraby öňünden taýýarlamaly ýa-da satyn almaly (2003-nji ýylyň Baýdak aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 14, 15-nji sahypalaryna serediň).
◼ Ýatlama agşamy geçiriljek zala öňünden gowy stol getirip, üstüne saçak ýazmaly, tarelka we bokal goýmaly.
◼ Patyşalyk zalyny ýa-da başga geçiriljek ýeri arassalamaly.
◼ Hyzmatçy we nyşanlary geçirmäge kömek etjek doganlary bellemeli, duşuşygyň geçirilişini hem-de olaryň borjuny düşündirmeli. Şeýle-de olara dabara mynasyp eşikde gelmegi ýatlatmaly.
◼ Mesh edilen mesihçiler ýarawsyzlygy sebäpli baýramçylyga gelip bilmeseler, olara nyşanlary eltip bermegiň aladasyny etmeli.
◼ Eger-de birnäçe ýygnak bir Patyşalyk zalyny ulanýan bolsa, içişikde ýa-da girelgäniň öňünde adamlar üýşmez ýaly, maşyn duralgasynda maşynlaryň biri-birine päsgel bermezligi üçin aladasyny etmeli.