Gulluk duşuşygynyň tertibi
Baýdak aýynyň 11-inde başlanýan hepde
28-nji aýdym.
10min. Ýerli bildiriş. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň.
15min. Siz wagyzçylaryň azlyk edýän ýerine göçüp bilermisiňiz? 2003-nji ýylyň Gorkut aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 20-nji sah. makalanyň esasynda çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 111-nji sah. 1-nji abz.— 112-nji sah. 1-nji abz. pikirleri aýdyň. Wagyzçylaryň azlyk edýän ýerine göçen dogan-uýalar bilen gysgaça söhbetdeşlik geçiriň. Olar nähili kynçylyklara duş geldiler we nädip ýeňdiler? Olar nähili bereketler aldylar?
20min. Täze wagyzçylara ökde wagyzçy bolmaga kömek ediň. Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyň hem-de 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 31-nji sahypadaky soraglary ulanyp, sorag-jogap görnüşinde diňleýjiler bilen söhbetdeşlik geçiriň. 18-nji abzasa seredip, täze wagyzçynyň tejribeli Ýehowanyň Güwäçisi bilen wagyz edişini hem-de adamyň täze wagyzçynyň aýdýan sözleri bilen ylalaşmaýandygyny sahnalaşdyryň. Diňleýji täze wagyzçynyň beren jogaby bilen kanagatlanmaýar, şol sebäpli gürrüň tamamlanýar. Gapy ýapylýar. Tejribeli wagyzçy täze wagyzçynyň eden tagallasy üçin öwýär, närazylyk bildirilende, «Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» diýen broşýurany nädip ulanyp bolýandygyny görkezýär.
7-nji aýdym.
Baýdak aýynyň 18-inde başlanýan hepde
9-njy aýdym.
10min. Ýerli bildiriş. «Hudaýa gullugymyzdan» gerekli bildirişler.
10min. Ýerli zerurlyklar.
25min. «Berk imanyň şaýady»a. Wagyz gözegçisi çykyş edýär. Çykyşyň soňunda ýygnagyň eden üstünliklerine üns berip, geçen gulluk ýylynyň jemini jemläň.
26-njy aýdym.
Baýdak aýynyň 25-inde başlanýan hepde
11-nji aýdym.
10min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara Baýdak aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatladyň. Ýatlama agşamyna gyzyklanýan adamy nädip çagyrmalydygy barada sahnalaşdyryň.
20min. «Tölegi minnetdarlyk bilen ýatlaň»b. Berlen wagtyň çäginden çykman Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlary diňleýjileriň okamagyny we düşündirmegini haýyş ediň.
15min. Wagyzda žurnallary nädip ulanmaly? Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. «Garawul diňi» hem-de «Oýanyň» žurnallarynyň ýygnakdaky iň soňky sanlaryna gysgaça seredip, meýdançada ikilenç ideg edilende adamlara haýsy makalalaryň we näme üçin gyzykly boljakdygy barada diňleýjilerden soraň. Ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, makalanyň haýsy pikirlerine olaryň üns berip biljekdigini diňleýjilerden soraň. Birinji sapar ideg edilende adam gyzyklansa, onuň höwesini güçlendirer ýaly nähili sorag berse bolar? Makaladaky haýsy aýady okasa bolar?
17-nji aýdym.
Nowruz aýynyň 3-ünde başlanýan hepde
7-nji aýdym.
10min. Ýerli bildiriş. «Ýatlama agşamy barada ýatlatma» diýen çarçuwadaky esasy pikirlere serediň.
20min. Siz Nowruz aýynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilermisiňiz? Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Biz köplenç ikilenç idegde Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak maksady bilen, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulanýarys. Bu kitabyň käbir aýratynlyklaryna serediň. Ýatlama agşamyna çagyrylan we yzygiderli edebiýatlarymyzy okaýan adamy ikilenç ideg edenimizde hem-de Nowruz aýynyň 22-sinden soň öýden-öýe wagyzda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby nädip ulanyp bolýandygyny ara alyp maslahatlaşyň (km 8/07 sah. 3; km 3/06 sah. 1, abz. 3; km 1/06 sah. 3—6 serediň). Bir-iki sany sahnany sahnalaşdyryň.
15min. Soraglara Mukaddes Ýazgylar arkaly jogap beriň. «Gulluk mekdebiniň» 143, 144-nji sah. esasynda çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Gysgaça sahnany sahnalaşdyryň: wagyzçy ýaşaýan ýeriňizde ýygy-ýygydan berilýän soraga Mukaddes Ýazgylar arkaly jogap berýär.
21-nji aýdym.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçiriň.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçiriň.