-
«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuw geçmekHudaýa gullugymyz — 2006
-
-
«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuw geçmek
Biziň köpümiz Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilsek, uly höwes bilen geçireris. Bu işde bize «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen täze kitap kömek eder. Kitabyň 3—7-nji sahypalaryndaky sözbaşyny ulanyp, öý eýesi bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edip bileris. Hatda tejribesi az wagyzçylar hem aňsatlyk bilen okuwy başlap bilerler.
◼ Sen 3-nji sahypadaky materialy şeýle ulanyp bilersiň:
Ýaşaýan ýeriňdäki adamlara tanyş täzelikleri hem-de kynçylyklary agzap, 3-nji sahypadaky goýy harplar bilen ýazylan soraglary öý eýesine berip, pikirini aýtmaga höweslendir. Soňra 4—5-nji sahypalara seret.
◼ Ýa-da sen 4—5-nji sahypalardaky pikirleri ulanyp bilersiň:
Sen şeýle sorap bilersiň: «Ýer ýüzünde şu suratdaky ýaly ajaýyp özgerişler bolarmyka?» Ýa-da: «Hudaýyň beren wadasynyň haýsysynyň ýerine ýetişini göresiň gelýär?» diýip bilersiň. Jogabyny ünsli diňle.
Eger-de öý eýesini şu aýatlaryň biri has gyzyklandyrsa, onda şu kitap arkaly Mukaddes Ýazgylaryň şu temany düşündirýän abzaslary görkez. (Şu sahypadaky çarçuwa seret). Soňra şu materialy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçişiň ýaly geçip bilersiň. Şeýdip, gapyda bäş-on minutda okuw geçse bolýar.
◼ Adamyň pikirini bilmek üçin 6-njy sahypany ulanyp bilersiň:
Sahypanyň aşagyndaky soraglary ulanyp, öý eýesinden şeýle sorap bilersiň: «Şu soraglaryň haýsysy sizi has gyzyklandyrýar?» Eger-de soraglaryň biri has gyzyklandyrýan bolsa, onda kitabyň şu soragy düşündirýän abzaslaryna ýüzlen (Şu sahypadaky çarçuwa seret). Bu materiala bile seretseň, Mukaddes Ýazgylar okuwy hasaplasa bolýar.
◼ 7-nji sahypany ulanyp, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkez:
Şu sahypadaky ilkinji üç sözlemi oka hem-de 3-nji babyň 1—3-nji abzaslarynyň esasynda okuwyň geçirilişini görkez. Soňra 3-nji abzasdaky soraglaryň jogabyny bilmek üçin ikilenç ideg etmäge wagt belleş.
◼ Ikilenç ideg etmek üçin nädip wagt belleşmeli?
Okuw geçip bolansoň, gürrüňi indiki gezek dowam etmek üçin wagt belleş. Şonuň üçin sen şeýle diýip bilersiň: «Biz bary-ýogy birnäçe minutda Mukaddes Ýazgylardan wajyp soraglaryň jogabyny bildik. Indiki gezek bolsa, [serediljek soragy aýt] barada gürrüň ederis. Indiki hepde şeýle wagt gelsem bolýarmy?»
Ýehowanyň bellän wagty ýakynlaşýar we ol bize tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin gerekli zatlar bilen üpjün edýär (Mat. 28:19, 20; 2 Tim. 3:17). Geliň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin täze gollanmany dogry ulanalyň.
-
-
«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby hödürlemekHudaýa gullugymyz — 2006
-
-
«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby hödürlemek
Şu goşmaça sahypada «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby hödürlemek üçin birnäçe hödürler berilýär. Üstünlikli wagyz etmek üçin ýaşaýan ýeriňdäki adamlara görä öz sözleriň bilen aýt, şeýle-de kitapdan aýtjak pikirleriň bilen gowy tanyş bol. Ýaşaýan ýeriňdäki adamlara gabat gelýän başga-da hödürleri ulanyp bilersiň (2005-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 8-nji sahypasyna seret).
Armageddon
◼ «Köp adamlar Armageddon sözüni eşidende, hemme adamlar ýok ediler diýip düşünýärler. Eger-de men: «Biz Armageddona garaşýarys» diýsem, siz geň galarsyňyz, şeýle dälmi?» [Jogap bersin. Soňra, Ylham 16:14, 16-ny oka.] Jogabyny diňläp, Armageddondan soň nähili ýaşaýşyň boljakdygyny aýt. Onsoň 82—84-nji sahypalary görkezip abz. 21-i oka.
Betbagtçylyk we horluk
◼ «Betbagtçylyklar bolanda, adamlaryň köpüsinde «Hudaý adamlaryň aladasyny edýärmikä hem-de şu horluklary görýärmikä?» diýen soraglar döreýär. Belki, sizem şeýle pikir edýänsiňiz. [Jogap bersin. Soňra 1 Petrus 5:7-ni we 11 sahypadaky abz. 11-i oka.] Bu kitap Hudaýyň horluklary nädip düýbünden ýok etjekdigini düşündirýär». 106-njy sahypadaky giriş soraglary görkez.
Doga
◼ «Nähili pikir edýäňiz, Hudaý doga-dileglerimize nädip jogap berýärkä? [Jogap bersin. Soňra 1 Ýahýa 5:14, 15-i we 170—172-nji sahypadaky 16—18-nji abzaslary oka.] Şu bapda näme üçin Hudaýa doga etmelidigi hem-de dogalarymyz eşidiler ýaly näme etmelidigi düşündirilýär».
Din
◼ «Köp adamlaryň pikirine görä, dünýäniň dinleri adamzadyň kynçylygyny çözmän, eýsem şoňa sebäpkär. Siziň pikiriňizçe, din adamlara dogry ýoly salgy berip bilermikä? [Jogap bersin. Soňra Matta 7:13, 14-i we 145, 146-njy sahypadaky abz. 5-i oka.] Şu bapda Hudaýa ýaraýan seždäniň alty aýratynlygy görkezilýär». 147-nji sahypadan şol aýratynlyklary görkez.
Ýehowa Hudaý
◼ «Hudaýa iman edýän adamlaryň köpüsi oňa has ýakynlaşmak isleýärler. Siz Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýa ýakynlaşmaga çagyrýandygyny bilýäňizmi? [Jogap bersin. Soňra Ýakup 4:8-i we 16-njy sahypadaky abz. 20-ni oka.] Şu kitap Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaý barada köpräk bilmäge kömek edýär». 8-nji sahypadaky giriş soraglary görkez.
◼ «Köp adamlar Hudaýa «Adyň mukaddes bolsun» diýip dileg edýärler. Siz nähili pikir edýäňiz, Hudaýyň ady näme? [Jogap bersin. Soňra Zebur 8:1-i we 195-nji sahypadaky abz. 2, 3-i oka.] Bu kitap Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, Ýehowa Hudaý barada we onuň adamzat üçin näme niýetiniň bardygyny düşündirýär».
Isa Mesih
◼ «Isa Mesih barada eşitmedik adam gaty az. Käbirleri oňa meşhur adamdy diýýärler, käbirleri bolsa, oňa Gudraty Güýçli Hudaý hökmünde sežde edýärler. Siz nähili pikir edýäňiz, Isa Mesihe iman etmelimi?» [Jogap bersin. Soňra Ýahýa 17:3-i we 37, 38-nji sahypadaky abz. 3-i oka.] Bapdaky sözbaşynyň aşagyndaky soraglara üns ber.
Maşgala
◼ «Biziň hemmämiz maşgalamyzyň bagtly bolmagyny isleýäris. Şeýle dälmi? [Jogap bersin.] Mukaddes Ýazgylarda maşgala bagtly bolar ýaly, onuň her bir agzasynyň Hudaýyň söýgüsinden görelde almalydygy barada aýdylýar». Efesliler 5:1, 2-ni we 135-nji sahypadaky abz. 4-i oka.
Mukaddes Ýazgylar
◼ «Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary Hudaýyň Sözi hasaplaýarlar. Eger-de bu kitaby adamlar ýazan bolsa, onda nädip oňa Hudaýyň Sözi diýse bolar? [Jogap bersin. Soňra 2 Petrus 1:21-i oka we 19—21-nji sahypadaky abz. 5-i oka.] Bu kitap şu soraga Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berýär». 6-njy sahypadaky soraglary görkez.
◼ «Şu günler islendik mesele barada maglumat tapyp bolýar. Ýöne siz nähili pikir edýäňiz, bagtly we howpsuz ýaşar ýaly peýdaly maslahatlary nireden tapyp bileris? [Jogap bersin. Soňra 2 Timoteos 3:16, 17-ni we 23 sahypadaky abz. 12-ni oka.] Şu kitap bize Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny we munuň bize näme peýdasynyň bardygyny düşündirýär». 122, 123-nji sahypadaky suraty we tablisany görkez.
Uruş we parahatçylyk
◼ «Bütin dünýäde adamlar parahatçylyk isleýär. Siz nähili pikir edýäňiz, ýer ýüzünde parahatçylygyň bolmagy ýöne bir arzuwmyka? [Jogap bersin. Soňra Zebur 46:8, 9-y oka.] Bu kitapda Hudaý niýetini nädip ýerine ýetirjekdigi hem-de ýer ýüzünde nädip parahatçylyk etjekdigi barada aýdylýar». 35-nji sahypadaky suraty görkez we 33, 34-nji sahypadaky 17—21-nji abzaslar arkaly gürrüňdeş bol.
Ölüm we direliş
◼ «Köp adamlaryň adam ölenden soň, oňa näme bolýandygyny bilesi gelýär. Siziň pikiriňizçe muny bilmek mümkinmi? [Jogap bersin. Soňra Wagyzçy 9:5-i we 58, 59-njy sahypadaky abz. 5, 6-ny oka.] Şeýle hem bu kitapda Mukaddes Ýazgylara görä, ölen adamlaryň direljekdigi aýdylýar». 75-nji sahypadaky suraty görkez.
◼ «Dogan-garyndaşlarymyzdan biri ölende olary göresimiz gelýär, şeýle dälmi? [Jogap bersin.] Köp adamlara Mukaddes Ýazgylardaky direlişe bolan umyt teselli berýär. [Ýahýa 5:28, 29-y we 71, 72-nji sahypadaky abz. 16, 17-ni oka.] Şu bapda şeýle soraglaryň hem jogaby bar». 66-njy sahypadaky giriş soraglary görkez.
Ebedi ýaşaýyş
◼ «Adamlaryň köpüsi sagdyn bolmagy we ebedi ýaşamagy isleýärler. Eger-de ebedi ýaşaýyş mümkin bolsa, siziň ýaşasyňyz gelermidi? [Jogap bersin. Soňra Ylham 21:3, 4-i we 54-nji sahypadaky abz. 17-ni oka.] Bu kitapda biziň nädip ebedi ýaşap biljekdigimiz hem-de Hudaýyň wadasy ýerine ýetende, ýaşaýşyň nähili boljakdygy barada aýdylýar».
Ýaşaýyş jaýlar
◼ «Köp ýurtlarda ýaşara oňat jaý tapmak gitdigiçe kynlaşýar. Nähili pikir edýäňiz, heý bir wagt her bir adamyň ýaşara oňat jaýy bolarmyka? [Jogap bersin. Soňra Işaýa 65:21, 22-ni we 34-nji sahypadaky abz. 20-ni oka.] Şu kitap Hudaýyň wadasynyň nädip ýerine ýetjekdigini düşündirýär».
[4-nji sahypadaky çarçuwa]
Meýletin sowgatlar barada nädip aýtmaly?
«Eger siz bütindünýä wagyz işine meýletin, uly bolmadyk sowgat etmek isleseňiz, men ony minnetdarlyk bilen kabul ederin».
«Biziň edebiýatlarymyz mugtuna hödürlense-de, bütindünýä wagyz işi üçin göwnüňizden çykaranyňyzy berip bilersiňiz».
«Belki, siz bu işiň çykdaýjysyny kim ödeýär, diýip pikir edýänsiňiz? Biziň bütindünýä wagyz işimiz meýletin sowgatlar esasynda ödelýär. Eger-de siz meýletin, uly bolmadyk sowgat beresiňiz gelse, men ony kabul etmäge şat».
-
-
1) Sorag, 2) aýat hem-de 3) bapHudaýa gullugymyz — 2006
-
-
1) Sorag, 2) aýat hem-de 3) bap
«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby hödürlemegiň aňsat ýoly: 1) adamyň pikirini bilmek üçin sorag bermeli, 2) degişli aýady okamaly hem-de 3) öý eýesini gyzyklandyrýan tema barada gürrüňdeş bolmak üçin şu kitapdan şoňa degişli babyň giriş soraglaryny okamaly. Eger-de öý eýesi gyzyklansa, onda sen şu babyň ilkinji abzaslary arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçilişini görkezip bilersiň. Sen şu üç maslahaty Mukaddes Ýazgylyr okuwyny başlamak üçin wagyz edeňde-de, ikilenç idegde-de ulanyp bilersiň.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, şu aýatda aýdylyşy ýaly ýönekeý adamlaram gudratly Ýaradyja ýakynlaşyp bilermi?» Resullaryň işleri 17:26, 27-ni oka. Jogap bersin. Soňra 1-nji baba seret.
◼ «Şu günler biz her hili kynçylyklara duş gelýäris, siz nähili pikir edýäňiz, şu aýatda aýdylyşy ýaly teselli we umyt tapyp bolarmy?» Rimliler 15:4-i oka. Jogap bersin. Soňra 2-nji baba seret.
◼ «Eger-de siziň ygtyýaryňyzda bolsa, şeýle özgerişikler ederdiňizmi?» Ylham 21:4-i oka. Jogap bersin. Soňra 3-nji baba seret.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, biziň çagalarymyz şu mezmurda aýdylyşy ýaly heý bir wagt ajaýyp durmuşda ýaşarlarmyka?» Zebur 37:10, 11-i oka. Jogap bersin. Soňra 3-nji baba seret.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, şu pygamberlik heý bir wagt ýerine ýetermikä?» Işaýa 33:24-i oka. Jogap bersin. Soňra 3-nji baba seret.
◼ «Ölen adamlar diri adamlaryň näme edýänini bilýärmikä?» Jogap bersin. Soňra Wagyzçy 9:5-i oka hem-de 6-njy baba seret.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, Isa pygamberiň aýdan sözlerinden görnüşi ýaly ölen dogan-garyndaşlarymyzy heý bir wagt ýene-de görerismi?» Ýahýa 5:28, 29-y oka. Jogap bersin. Soňra 7-nji baba seret.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, nusgalyk dogada aýdylyşy ýaly Hudaýyň islegi gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşarmy?» Matta 6:9, 10-y oka. Jogap bersin. Soňra 8-nji baba seret.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, biziň ýaşaýan döwrümiz şu pygamberlikde aýdylanlara meňzeýärmi?» 2 Timoteos 3:1—4-nji aýatlary oka. Jogap bersin. Soňra 9-njy baba seret.
◼ «Adamlaryň köpüsi durmuşyň gitdigiçe kynlaşýandygyna geň galýarlar. Siz munuň sebäbini şu aýadyň düşündirýändigini bilýäňizmi?» Ylham 12:9-y oka. Jogap bersin. Soňra 10-njy baba seret.
◼ «Sizde-de şeýle sowal döräpmidi?» Eýýup 21:7-ni oka. Jogap bersin. Soňra 11-nji baba seret.
◼ «Siz nähili pikir edýäňiz, Mukaddes Ýazgylaryň şu maslahatyna eýersek, maşgala bagtly bolarmy?» Efesliler 5:33-i oka. Jogap bersin. Soňra 14-nji baba seret.
Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezeňden soňra, okuwy iki gezek geçirseň, şol okuw mundan beýläk hem dowam eder öýtseň, onda Mukaddes Ýazgylar okuwy hakda hasabat tabşyryp bilersiň.
-
-
Sen kömek gerek ýerde gulluk etmäge taýynmyň?Hudaýa gullugymyz — 2006
-
-
Sen kömek gerek ýerde gulluk etmäge taýynmyň?
1 Sen wagyzçylaryň az ýerine göçmek barada oýlanyp gördüňmi? Eger senden kömek etmek üçin göçmegi haýyş etseler, Pawlus resul ýaly seslenermidiň? (Res. iş. 16:9, 10). Köp ýygnaklarda ruhy taýdan berk maşgalalaryň azlygy sebäpli, şol ýerde wagyz etmek üçin pionerleriň kömegi gerek, şeýle hem ýaşulular we gulluk hyzmatçylary gerek. Biziň territoriýamyzdaky uly şäherlerde-de şeýle zerurlyk bar. Käbir ýygnaklaryň territoriýasynda biri-birinden uzakda ýerleşýän kiçeňräk şäherler we obalar bar. Golaýdaky Patyşalyk zaly has daşda bolmagy ahmal. Iş tapmak hem aňsat däl. Howa-da hemişe gowy bolup duranok. Şeýle kynçylyklara garamazdan, sen göçmäge taýynmyň? Täze ýerde sen nädip bereket alyp bilersiň?
2 Ýehowa bil baglamaly we ynam etmeli. Ybraýym Hudaýyň tabşyrygyna gulak asyp, doglan Ur şäherini goýdy-da, aýaly, ýegeni we garry atasy Terah bilen 1 000 kilometr daşda ýerleşýän Harana ugrady (Bar. 11:31, 32; Neh. 9:7). Terah aradan çykansoň, Ýehowa 75 ýaşly Ybraýyma Harany we garyndaşlaryny goýup, görkezjek ýurduna gitmegi buýurdy. Ybraýym, Sarra we Lut Hudaýa gulak asyp gitdiler (Bar. 12:1, 4, 5). Elbetde, Ybraýym kimdir birine kömek etmek üçin göçmedi. Ýöne Ybraýyma şeýle janaýamaz bolmaga näme kömek etdikä?
3 Sebäbi Ybraýym Ýehowa ynam edýärdi we bil baglaýardy. Ol pikir-düşünjesini we ýaşaýşyny hem üýtgetmeli boldy. Kömek etjek garyndaşlaryny hem goýup gaýtdy. Ýöne Ybraýym Ýehowanyň özüne we maşgalasyna kömek etjekdigine ynanýardy. Şu günler hem doganlaryň we uýalaryň köpüsi Ýehowa ynam edýärler.
4 Gysga wagtlaýyn bellenmek. Sen hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýerde wagyz edip, bol bereket alyp gördüňmi? Geçen ýyl Orsýetde 600-e golaý topar hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýere gitdiler. Bir ýylyň dowamynda şeýle wagyz gullugyna 4 177 wagyzçy gatnaşdy. Wagyz etmeli ýerine barmak üçin käbir wagyzçylar uzak ýol geçdiler. Olaryň azaby ýerine düşdümikä?
5 Köp wagyzçylar minnetdarlyk bildirip, hat ýazdylar. Ine olaryň käbiri: «Wagyz etmek üçin bize 250-ä golaý jaý berdiler. Territoriýa uly bolmanlygy sebäpli, biz onda pugta wagyz etdik. [...] Bizi dostlary kimin ugratdylar hem-de ýene-de gelmegimizi haýyş etdiler. Hatda olaryň käbiri aglady. Biziň ýaşan köçämizdäki adamlaryň ählisi diýen ýaly bizi ugratmaga çykdylar. Biz ruhlandyk we örän şatlandyk, şeýle hem köp täze dost edindik». Bir uýa şeýle ýazdy: «Wagyz wagty adamlaryň köpüsi hat alyşmaga isleg bildirdiler. Biz 77 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladyk, indi ony hat üsti bilen dowam ederis. [...] Meniň üçin şu iki hepde has uzaga çekdi. Bu bir gymmatly wagtdy, sebäbi men Ýehowa öňküden-de köp bil baglamagy öwrendim we onuň kömek edişini hem-de dogalara jogap berşini duýdum». Wagyzçylaryň köpüsi kömek gerek ýere gysga wagtlaýyn bolsa-da göçüp, Hudaýa gulluk etmegiň gadyryny has-da köp bildiler. Hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýere gidenlerden sorap gör. Olar ruhy taýdan berkändigini, mümkinçilik bolsa, daş ýerlere ýene-de wagyz etmäge gitjekdigini aýdarlar.
6 Onsoňam, eger sen wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagtlaýynça wagyz etmek isleseň, onda saňa uzak wagtlyk göçmek üçin «harjy hasaplamak» aňsat bolar (Luka 14:28).
7 Ýehowanyň islegine görä, dünýäniň soňy gelýänçe hoş habar «dünýäniň ähli ýerinde» wagyz edilmeli (Mat. 24:14). Şonuň üçin ýagdaýyňa görä, ýaşaýan ýeriňden kömek gerek ýere göçmäge taýynmyň? Häzir köp ýerlerde kömek gerek.
8 Kömek gerek ýere göçüp biljekmi? Sen pensiýadamyň? Seniň yzygiderli girdejiň barmy? Sen hyzmat ediş işlerinde işläp biljekmi? Kompýuterde işläp biljekmi? Dellek, aýakgap ussasy, köçe süpüriji bolup işläp biljekmi? Maşgalaň bilen täze ýere göçmek barada oýlanyp gördüňmi? Eger özüň göçüp bilmeseň-de, maşgalaňdan biri daş ýerde wagyz etmek islese, kömek edip bilermiň?
9 Eger sen doga edip, göçmeli diýen karara gelen bolsaň, onda maşgalaň hem-de ýaşulylar bilen hem maslahatlaş. Soňra hat ýazyp, ýaşulylara ber, olar ony ibermezinden öň hödürnama goşarlar (od-U s. 111—112; km-U 9/00 s. 4).
10 Hatda näme görkezmeli? Ýaşyňy, suwda çokundyrylan wagtyňy, ýygnakdaky borjuňy we maşgala ýagdaýyňy. Şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik çagaň bar bolsa, şony hem ýazmaly. Öz ýagdaýyňa görä, nirede wagyz edesiň gelýän ýerleri görkez. Mysal üçin, sen howa ýagdaýy üýtgäp durýan ýerde ýaşap biljekmi? Sen gaty yssa çydap biljekmi? Başga şäherde ýaşamaga öwrenişip biljekmi? Sen türkmen dilinden başga-da dil bilýärmiň?
11 Sen yhlasly wagyzçymyň? Seniň göçmäge ýagdaýyň barmy? Onda aýgytly bol, şonda sen Ýehowanyň kim oňa ynam etse we janaýamazlyk etse, hemişe bol bereket berýändigini görersiň! (Zeb. 33:9; Mal. 3:10).
-