«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuw geçmek
Biziň köpümiz Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilsek, uly höwes bilen geçireris. Bu işde bize «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen täze kitap kömek eder. Kitabyň 3—7-nji sahypalaryndaky sözbaşyny ulanyp, öý eýesi bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edip bileris. Hatda tejribesi az wagyzçylar hem aňsatlyk bilen okuwy başlap bilerler.
◼ Sen 3-nji sahypadaky materialy şeýle ulanyp bilersiň:
Ýaşaýan ýeriňdäki adamlara tanyş täzelikleri hem-de kynçylyklary agzap, 3-nji sahypadaky goýy harplar bilen ýazylan soraglary öý eýesine berip, pikirini aýtmaga höweslendir. Soňra 4—5-nji sahypalara seret.
◼ Ýa-da sen 4—5-nji sahypalardaky pikirleri ulanyp bilersiň:
Sen şeýle sorap bilersiň: «Ýer ýüzünde şu suratdaky ýaly ajaýyp özgerişler bolarmyka?» Ýa-da: «Hudaýyň beren wadasynyň haýsysynyň ýerine ýetişini göresiň gelýär?» diýip bilersiň. Jogabyny ünsli diňle.
Eger-de öý eýesini şu aýatlaryň biri has gyzyklandyrsa, onda şu kitap arkaly Mukaddes Ýazgylaryň şu temany düşündirýän abzaslary görkez. (Şu sahypadaky çarçuwa seret). Soňra şu materialy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçişiň ýaly geçip bilersiň. Şeýdip, gapyda bäş-on minutda okuw geçse bolýar.
◼ Adamyň pikirini bilmek üçin 6-njy sahypany ulanyp bilersiň:
Sahypanyň aşagyndaky soraglary ulanyp, öý eýesinden şeýle sorap bilersiň: «Şu soraglaryň haýsysy sizi has gyzyklandyrýar?» Eger-de soraglaryň biri has gyzyklandyrýan bolsa, onda kitabyň şu soragy düşündirýän abzaslaryna ýüzlen (Şu sahypadaky çarçuwa seret). Bu materiala bile seretseň, Mukaddes Ýazgylar okuwy hasaplasa bolýar.
◼ 7-nji sahypany ulanyp, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkez:
Şu sahypadaky ilkinji üç sözlemi oka hem-de 3-nji babyň 1—3-nji abzaslarynyň esasynda okuwyň geçirilişini görkez. Soňra 3-nji abzasdaky soraglaryň jogabyny bilmek üçin ikilenç ideg etmäge wagt belleş.
◼ Ikilenç ideg etmek üçin nädip wagt belleşmeli?
Okuw geçip bolansoň, gürrüňi indiki gezek dowam etmek üçin wagt belleş. Şonuň üçin sen şeýle diýip bilersiň: «Biz bary-ýogy birnäçe minutda Mukaddes Ýazgylardan wajyp soraglaryň jogabyny bildik. Indiki gezek bolsa, [serediljek soragy aýt] barada gürrüň ederis. Indiki hepde şeýle wagt gelsem bolýarmy?»
Ýehowanyň bellän wagty ýakynlaşýar we ol bize tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin gerekli zatlar bilen üpjün edýär (Mat. 28:19, 20; 2 Tim. 3:17). Geliň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin täze gollanmany dogry ulanalyň.
[3-nji sahypadaky surat]
4, 5-nji sahypadaky aýatlar esasynda gürrüň et
□ Ylham 21:4 (sah. 27—28, abz. 1—3)
□ Işaýa 33:24; 35:5, 6 (sah. 34—36, abz. 22)
□ Ýahýa 5:28, 29 (sah. 72—73, abz. 17—19)
□ Zebur 72:16 (sah. 34. abz. 19)
6-njy sahypadaky soraglaryň jogaby
□ Biz näme üçin horluk çekýäris? (sah. 108—109, abz. 6—8)
□ Durmuşyň kynçylygyny nädip ýeňmeli? (sah. 184—185, abz. 1—3)
□ Maşgalany nädip bagtly etmeli? (sah. 142, 143, abz. 20)
□ Adam ölende, oňa näme bolýar? (sah. 58—59, abz. 5—6)
□ Haçanam bolsa, ölen dogan-garyndaşlarymyz bilen duşuşarysmy? (sah. 72—73. abz. 17—19)
□ Hudaýyň gelejekde ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigine näme üçin ynansa bolar? (sah. 25, abz. 17)