Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/07 sah. 1
  • «Muny meni ýada salmak üçin ediň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Muny meni ýada salmak üçin ediň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • «Muny berjaý ediň»
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Ýatlama agşamy — Ýehowanyň ýagşylygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Adamlara töleg gurbany arkaly halas bolmaga kömek et
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Biz Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarys?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 3/07 sah. 1

«Muny meni ýada salmak üçin ediň»

1. 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 2-si näme üçin wajyp sene?

1 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň ikisinde millionlarça adamlar Isanyň gurban eden janyny ýatlamak üçin ýygnanyşarlar. Isa Mesih janyny gurban edip, gökdäki Atasynyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny subut etdi hem-de Şeýtanyň adamlar diňe öz peýdasy üçin Hudaýa gulluk edýär diýen töhmetini paş etdi (Eýýup 2:1—5). Şeýle-de Isanyň Agşam nahary bize onuň günäli adamlar üçin kämil janyny berendigini ýatladýar. Çünki Isa «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Mat. 20:28). Ol şägirtlerine: «Muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi (Luka 22:19). Siz Hudaýyň şeýle sowgadyny gymmat saýýarmysyňyz? Hudaýyň uly söýgüsine bagyş edilen waka taýýarlanyp başladyňyzmy? (Ýahýa 3:16).

2. Ýüregimizi Ýatlama agşamyna nädip taýýarlamaly?

2 Ýüregiňizi taýýarlaň. Isanyň ynsan hökmünde ýaşan soňky günleri barada oýlansak, Ýatlama agşamyny geçirmek üçin ýüregimizi taýýarlap bileris (Ezra 7:10). Bu babatda 2007-nji ýylyň «Ýazgylary her gün öwrenýäris» diýen broşýurada we «Ýyl senede» Mukaddes Ýazgylary okamagyň ýörite gün tertibi bar. Okamak üçin berlen Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky wakalar ýyl senedäki günler bilen gabat gelýär. Mukaddes Ýazgylardaky görkezilen günler we seneler ýehudylaryň ýyl senesi boýunça düşündirilýär. Ýehudylaryň ýyl senesi boýunça gün batyp, indiki gün batýança bir gün diýip hasaplanylýar. Günleriň tapawudy göz öňünde tutulyp, gün tertibi biziň günlerimiz bilen gabat geler ýaly düzülen. Mukaddes Ýazgylary okap, Hudaýyň söýgüsiniň ululygy barada oýlansak, Ýatlama agşamyna taýýarlanarys we onuň peýdasyna düşüneris.

3. Gyzyklanan adamlara we yhlasy gowşan dogan-uýalara Ýatlama agşamyna geler ýaly nädip kömek edip bileris?

3 Adamlary Ýatlama agşamyna çagyryň. Siz Ýatlama agşamyna çagyrjak adamlaryň sanawyny düzdüňizmi we olara habar edip başladyňyzmy? Çagyran adamlaryňyzy we başga gyzyklanýanlary garşy almak üçin, Ýatlama agşamyna irräk barmagy göz öňünde tutuň. Olaryň ýanynda oturyp, elinde Mukaddes Ýazgylaryň we aýdym kitabynyň bolmagynyň aladasyny etseňiz gowy bolardy. Olary ýygnakdaky dogan-uýalar bilen tanyşdyryň. Duşuşykdan soň olaryň soraglaryna jogap bermek üçin wagt sarp ediň. Olary Gurbansoltan aýynyň 15-inde okaljak ýörite nutga çagyryň. Ýaşulular ýygnagyň agzasy bolsa, yhlasy gowşan dogan-uýalary Ýatlama agşamyna we ýörite nutga çagyrmagyň aladasyny eder.

4. Ýatlama agşamyndan soň adamlar ruhy taýdan öser ýaly nädip kömek edip bolar?

4 Gyzyklanan adamlara we yhlasy gowşan dogan-uýalara ruhy taýdan ösmäge kömek ediň. Ýatlama agşamyny geçirýän dogan Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nähili geçirilýändigi barada gysgaça gürrüň berer we gyzyklanýan adamlary mundan beýläk hem Ýehowa barada bilim almaga höweslendirer. Siz çagyran adamlaryňyza ruhy taýdan kömek etmegi teklip edeniňizde, nutkçynyň sözlerine esaslanyp bilersiňiz. Eger olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeýän bolsa, onda Ýatlama agşamyndan soň, birki gün geçenden soň, olary ikilenç ideg edip, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nähili geçirilýändigini görkeziň. Olar ruhy taýdan öser ýaly ýygnak duşuşyklaryna-da gatnaşmaly (Ýew. 10:24, 25). Muny göz öňünde tutup, olary ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnap başlar ýaly höweslendiriň. Ýaşulular Ýatlama agşamyna gelen yhlasy gowşan dogan-uýalaryňka baryp, Ýatlama agşamynda okalan nutk esasynda söhbetdeşlik geçirerler. Bu olary ýene-de ýygnagyň yhlasly agzalary bolmaga höweslendirmegi mümkin.

5. Ýatlama agşamy durmuşymyza nädip täsir etmegi mümkin?

5 Ýatlama agşamy Ýehowanyň we Isanyň biziň üçin eden işi barada oýlanmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şeýle-de olara bolan söýgimiz artar we durmuşymyza täsir eder (2 Kor. 5:14, 15; 1 Ýahýa 4:11). Häzir özümiziň we gyzyklanýan adamlaryň «Rebbiň ölümini yglan edýän» wajyp waka taýýarlanmagyň edil wagty (1 Kor. 11:26).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş