Bütin dünýäde Ýatlama agşamyna çakylyk aýdylar!
1. Ýatlama agşamyndan öň bütin dünýäde nähili ýörite çakylyk aýdylar?
1 «Muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19). Isanyň bu tabşyrygyna gulak asyp, Ýehowanyň gullukçylary gyzyklanýan adamlar bilen bile 2010-njy ýylyň 30-njy martynda Isanyň ölen gününi bellemäge ýygnanyşarlar. Bütin dünýäde Ýatlama agşamyna mart aýynyň 13-den 30-na çenli ýörite çakylyk aýdylar.
2. Çagylygy nädip hödürlemeli?
2 Çakylygy nädip hödürlemeli. Sen çakylygyň daşyndaky suraty adama görkezip, şeýle diýip bilersiň: «Bütin dünýäde millionlarça adamlar 30-njy martda agşam Isanyň ölen gününi ýatlamak üçin ýygnanyşar. Bu çakylygy size we maşgalaňyza berýärin. Siz dostlaryňyzy hem çagyryp bilersiňiz». Ýagdaýa görä, Mukaddes Ýazgylardaky tabşyrygy okap, baýramçylygyň haçan we nirede geçiriljegini görkezip bilersiň. Emma çakylygy köp adamlara ýaýradyp biler ýaly, gysgaça gürrüň bersek gowy bolar.
3. Biz çakylygy kime berip bileris?
3 Ýygnagyňyzyň territoriýasy uly bolsa, her bir öýe ilkinji gezek ideg edilende, çakylygy bermezligi ýaşulular maslahat berip biler. Ýerlikli bolsa, žurnal hödürlände-de çakylygy beriň. Çakylygy ikilenç ideg eden adamlara, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänlere, işgärlere, klasdaşlara, dogan-garyndaşlara, goňşulara we başga tanyş adamlara berip bilersiň.
4. Hudaýyň töleg gurbany arkaly bildiren söýgüsine minnetdarlygymyz bizi nämä höweslendirýär?
4 Doly gatnaşmaga taýýarlanmak. Ýatlama agşam döwri yhlasly wagyz etmäge ajaýyp mümkinçilik bar. Sen kömekçi pioner bolup gulluk edip bilermiň? Çagalaryň we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar ruhy taýdan ösýärmi? Eger ösýän bolsa, olar wagyzçy bolup, ýörite çakylyga gatnaşar ýaly ýaşululara ýüz tut. Hudaýyň töleg gurbany arkaly bildiren söýgüsine minnetdarlygymyz bizi diňe Ýatlama agşamyna gatnaşmaga däl, eýsem mümkin boldugyndan oňa köp adamlary çagyrmaga höweslendirýär (Ýahýa 3:16).