1-nji martdan Ýatlama agşamyna çakylyk kampaniýasy başlar
1. Ýatlama agşamyna haçan çagyryp başlarys we näme üçin bu kampaniýa geçen ýylkydan köpräk dowam eder?
1 1-nji martda anna güni her ýyl geçirilýän Ýatlama agşamyna çakylyk kampaniýasy başlanar. Kampaniýa 26-njy marta çenli geçirilip, geçen ýylkydan köpräk dowam eder. Bu, esasanam, ýygnagyň territoriýasy uly bolsa, köpräk adamlara çakylygy ýaýratmaga mümkinçilik berýär.
2. Territoriýamyzda çakylygy ýaýradanda nähili maslahatlara eýermeli?
2 Maslahata eýeriň. Ýaşulular territoriýada çakylygy nädip ýaýratmalydygy, hatda öýünde bolmadyk adamlara-da goýup gitmek barada maslahat bererler. Territoriýaňyzda öýden-öýe wagyz edensoň çakylyk galsa, olary köçede wagyz edeniňizde hem ýaýradyp bilersiňiz. Wagyz gözegçisi edebiýata jogapkär doganyň çakylyklary wagyzçylara paýlamagyň aladasyny eder. Ýöne çakylyklaryň hemmesi bir gezekde berilmez. Biz bir hepdede ýaýradyp biljek çakylygymyzy almaly.
3. Çakylygy ýaýradanda, nämäni unutmaly däl?
3 Biz näme diýmeli? Gysgaça gürlesek, köp adamlara çakylygy ýaýradyp bileris. 4-nji sahypadaky hödürleri territoriýamyza görä, üýtgedip bileris. Elbetde, adam mähirli garşy alsa ýa-da sorag berse derrew gitmeli däl. Dynç günleri çakylygy ýaýradanymyzda, ýerlikli bolsa žurnallary hem hödür etmeli. 2-nji martda Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürlemegiň deregine, çakylygy ýaýratsak gowy bolar.
4. Biz näme üçin kampaniýa yhlasly gatnaşmaly?
4 Biz köp adamlar Ýatlama agşamyna geler diýip umyt edýäris. Dokladda Isanyň kimdigi düşündiriler (1 Kor. 11:26). Onda Isanyň ölümi bize nähili peýda berýändigi hakynda hem aýdylar (Rim. 6:23). Şeýle-de Isany ýatlamagyň wajypdygy nygtalar (Ýahýa 17:3). Biz kampaniýa yhlasly gatnaşyp bileris!