Ýehowanyň Güwäçileriniň 2007-nji ýylda geçirjek «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongresi
1, 2. a) Musanyň tabşyrygy boýunça ysraýyllylar näme üçin ýygnanyşýardylar? b) Kongrese taýýarlanmak üçin şu wagtdan näme etmeli?
1 Ýehowa Musa pygambere ähli ysraýyllylary we gelmişekleri her ýedi ýyldan bir gezek ýygnap, Kanuny okap bermekligi tabşyrdy. Näme maksat bilen? «Olar diňläp, öwrener ýaly» (Kanun. 31:10—12). Ýehowa ähli halkynyň ýygnanyşmagyny isleýär. Tizden Hudaýyň halky «Isa Mesihe eýeriň!» atly üç günlük welaýat kongreslerine ýygnanyşar.
2 Siz kongrese taýýarlanyp başladyňyzmy? Işiňizden rugsat almalymy? Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama ýa-da iman etmedik maşgala agzalaryňyza kongrese barmaga kömek edip bilermisiňiz? Ýygnakdaky kömege mätäç doganlara kongrese barmaga ýardam edip bilermisiňiz? Siz öz ýygnagyňyza degişli bolmadyk kongrese barmagy planlaşdyrýaňyzmy? Kongres günleri ýaşamak üçin jaý gerekmi? Size aşakdaky berilýän maglumatlar kongrese taýýarlanmaga kömek eder.
3. a) Işaýa 25:6-daky welilik şu günler nädip ýerine ýetýär? b) Annagüni geçirilýän kongreslerde nämä üns berildi we biziň her birimiz näme etmeli?
3 Üç gününe-de barmaly. Ýehowa halkyny ruhy taýdan bol ýimit bilen üpjün edýär (Iş. 25:6). Her ýyl geçirilýän welaýat kongresleri biziň üçin ruhy toý. Annagüni başga iki güne garanyňda kongrese az adam barýandygyna üns berildi. Ýehowanyň guramasynyň biziň üçin taýýarlan kongresiniň hiç bir gününi-de sypdyrmajak boluň. Eger işdäki ýolbaşçyňyzdan rugsat almaly bolsaňyz, onda bu barada Hudaýa doga ediň. Soňra welaýat kongresiniň boljak günleri belli bolan badyna «gaýrat» bilen ýolbaşçyňyzdan rugsat sorap bilersiňiz (1 Sel. 2:2; Neh. 2:4, 5). Ýolbaşçyňyzdan rugsat almak üçin welaýat kongresiniň Hudaýa sežde etmekde ähmiýetlidigini düşündirseňiz gowy bolardy. Ýolbaşçyňyzdan rugsady näçe ir sorasaňyz, şonça-da haýyşyňyzy ýerine ýetirmäge oňa aňsat düşer.
4. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleri we iman etmeýän maşgala agzalarymyzy kongrese barmaga nädip höweslendirip bileris?
4 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy we maşgalaňdakylary taýýarla. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň seniň bilen kongrese baryp, «uly ýygnakda» doganlyk söýgüsini görmegi nähili şatlykly! (Zeb. 22:25). Olar kongrese barmaga wagt tapar ýaly, kongresiň geçiriljek günlerini öňünden aýtmaly. Saňa kongresiň näme üçin şatlyk berýändigini gürrüň ber. Gyzyklanýan adamy höweslendirmek üçin geçen ýyldaky kongresleriň wideo ýazgylaryny görkez. Iman etmeýän maşgala agzalaryňyza-da kongrese gitjekdigiňizi aýdyň. Mümkin, olar dramany görmäge ýa-da iň bolmanda kongresiň bir gününe siziň bilen barmak islärler.
5, 6. a) Biz 1 Timoteos 6:18-däki jomartlygy nädip görkezip bileris? b) Kongres günleri ýaşamak üçin jaý gerek ýagdaýynda nähili kömek berilýär?
5 Dogan-uýalara kömek et. Pawlus resul gurply mesihçilere «ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy» maslahat berdi (1 Tim. 6:17, 18). Kongrese gitmek isleýän, ýöne ýygnakdaky kömege mätäç gartaşanlaryň, ýarawsyzlaryň, doly-wagtly gulluk edýänleriň, ýeke başyna çagalaryny terbiýeleýänleriň we şuňa meňzeş doganlaryň ýagdaýy barada oýlansak, Pawlus resulyň maslahat beren jomartlygyny görkezip bileris. Şeýle kömegi olara imandaş dogan-garyndaşlary bermeli bolsa-da, ýaşulular hem kömek edip bilerler (Gal. 6:10; 1 Tim. 5:4).
6 Saňa kongres günleri ýaşar ýaly jaý gerek bolan ýagdaýynda, kongresiň ýaşaýyş jaý bölümi arkaly «Aýratyn zerurlykly adamlar üçin jaý baradaky haýyşnamany» doldurmaly. Haýyşnamany wagyzçylardan kime berilmelidigini ýygnagyň gulluk komiteti çözýär. Haýyşnamany ýaşaýyş jaý bölümine ibermeziňizden öňürti, filialyň beren maslahatyna we görkezmesine eýerilendigine göz ýetirmeli.
7. Ýygnygymyza degişli bolmadyk kongrese gitmegi planlaşdyranymyzda nähili görkezme berilýär?
7 Başga kongrese barmagy planlaşdyrmak. Eger sen öz ýygnagyňa degişli bolmadyk kongrese gitmegi planlaşdyrsaň we saňa ýaşamak üçin jaý hem-de goşmaça maglumat gerek bolsa, şol kongresiň müdirligine hat ýazmaly. Kongresiň müdirliginden jogap almak üçin, hatyňyzyň içine marka ýelmenen, doly adresiňiz ýazylan täze konwerti salyp iber. Ýygnagyňyzyň kätibi siziň barmaga planlaşdyran kongresiň adresini we geçiriljek günlerini aýdar. Siziň bu mesele bilen filiala ýüz tutmazlygyňyzy haýyş edýäris.
8, 9. a) Kongres geçirilmezinden öň nähili taýýarlyk işleri görülýär? b) Biziň üçin edilýän işlere minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? (Ýew. 13:17-ni oka).
8 Görkezmä eýeriň. Kongrese gelenimizde, biziň üçin köp işleriň edilendigini görýäris. Doganlarymyz biziň bilen mähirli salamlaşyp, kongresiň meýilnamasyny paýlaýarlar we oturmak üçin ýer görkezýärler. Dogan-uýalar kongres geçirilýän ýeri arassalaýarlar we sahnany owadan edip bezeýärler. Şeýle-de kongresiň meýilnamasyny taýýarlaýarlar, doganlar üçin ýaşaýyş jaýyny gözleýärler we şuňa meňzeş birnäçe işleri edýärler.
9 Her bir kongres geçirilmezinden öň, doganlarymyzyň köpüsi birnäçe aýlap taýýarlyk işine gatnaşýarlar, olaryň maşgala agzalary hem şeýle wajyp işe köp wagt sarp edýändiklerini goldaýarlar. Biziň üçin edilen tagallalaryň gadyryny bilýärismi? Biz şu makaladaky we ýene-de kongres baradaky beriljek görkezmä eýersek, minnetdarlygymyzy bildireris (Ýewr. 13:17). Ähli zadyň «sypaýyçylyk hem tertip bilen bolar» ýaly berlen görkezmä eýermeli (1 Kor. 14:40).
10. a) Şu günler Ýehowanyň halkyna ýygnanyşmak näme üçin wajyp? b) Şu günden başlap her birimiz näme etmeli?
10 Biz «ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görsek», şonça-da Hudaýyň halky üçin ýygnanyşmagyň örän wajypdygyna düşünýäris (Ýew. 10:25). Kongreslerde sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän wajyp maslahatlary Ýehowanyň «kanunyndaky ähli sözlerini berjaý» etmäge kömek berýär (Kan. 31:12). «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongresiniň bir gününi-de sypdyrman barmak üçin şu günden taýýarlanyp başlaň. Şonda siz ruhy bilimden dolup, doganlyk gatnaşygyndan lezzet taparsyňyz.
[3-nji sahypadaky çarçuwa]
Kongresiň geçiriljek wagty
Annagün we Ruhgün
9:20-den 17:05-e çenli
Dynçgün
9:20-den 16:10-a çenli