Domofon arkaly wagyz edip, tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz domofon arkaly wagyz etmäge gorkmagymyz mümkin. Biz gorkmaz ýaly näme etmeli? Domofon arkaly wagyz etmek adamlara hoş habary aýtmagyň bir usulydygyny ýatdan çykarmaň (Rim. 10:14). Käbir mysallar bu usulyň gowy netije berýändigini görkezýär. Aşakdaky maslahatlara serediň.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Maşgala okuwynda bir-biriňize seretmän, domofon arkaly wagyz edýän ýaly sahna gurnaň.