Wagyz üçin teklipler
«Näme üçin şu günler adamlaryň käbiri Hudaýa iman etmeýär? (Jogap bersin). Munuň bir sebäbi şu aýatlarda görkezilýär» (Zebur 73:2, 3-nji aýatlary oka). Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada aýdylýar we adamlaryň oňa näme üçin ynanmaýandygy düşündirilýär («Garawul diňi», 2009 ý. 1-nji oktýabr).
«Şu günler maşgalada ençeme kynçylyklaryň bolýandygyny bilýänsiňiz? (Jogap bersin). Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylarda peýdaly maslahatlaryň bardygyny bilmeýär. (Mukaddes Ýazgylardan maşgala degişli bir aýady oka we pikir alyş). Eger rugsat berseňiz, maşgalada dürli kynçylyklary çözmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylaryň käbir prinsiplerini görkezeýin» («Oýanyň», 2009 ý. ýörite sany).
«Häzir el telefony we kompýuter köp adamlarda bar. Siziň pikiriňizçe, olar wagty alýarmy ýa-da tygşytlaýar? (Jogap bersin). Köp adamlar şu aýatlardaky wagtyňy paýhasly sarp etmeli diýen maslahat bilen ylalaşýar (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary oka). Siz nähili pikir edýärsiňiz, el telefony we kompýuteri paýhasly ulanyp bolýarmy?» («Oýanyň», 2009 ý. noýabr).