Wagyz üçin teklipler
«Maşgalalar gitdigiçe köp kynçylyklara duş gelýärler. Siziň pikiriňizçe, maşgalada her bir adam Isa pygamberiň göreldesine eýerse, kynçylyklary ýeňmäge kömek edermi?» (Matta 20:28-i oka. Soňra jogap bersin). («Garawul diňi», 2009 ý. 1-nji noýabr).
Siziň pikiriňizçe, din söýmegi, parahat ýaşamagy ýa-da ýigrenmegi we uruşmagy öwredýärmi? (Jogap bersin). Köp adamlar Isanyň şu sözlerine görä, ýaşap bolmaýar diýýär. (Matta 5:44, 45-nji aýatlary oka). Mukaddes Ýazgylar «duşmanyňy söýüp bolýarmy?» diýen soraga jogap berýär («Oýanyň», 2009 ý. noýabr ýörite sany).
Nähili pikir edýärsiňiz, Hudaý haçanam bolsa horluklary ýok edermikä? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylar bize gelejege umyt berýär. («Garawul diňi», 2009 ý. 1-nji dekabr sah. 7 çarçuwadan bir aýady oka).
Adamlaryň käbiri älem-jahany Hudaý ýaratdy, käbiri bolsa öz-özünden döredi diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýändigine üns beriň (Ýewreýler 3:4-i oka). Şu günler biz älemiň nädip we näme maksat bilen ýaradylandygyna düşünýäris («Oýanyň», 2009 ý. dekabr ýörite sany).