Wagyz üçin teklipler
«Men Isa pygamberiň aýdan sözleri barada siziň pikiriňizi bilesim gelýär (Matta 5:3-i oka). Dinleriň köp bolany sebäpli, ruhy zerurlyklarymyzy nädip kanagatlandyryp bileris? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda ruhy zerurlyklarymyzy nädip doly kanagatlandyryp bolýandygy aýdylýar». (Dekabr aýynyň «Oýanyň» žurnalynyň ýörite sanynyň 12-nji sahypasyna seret).
«Şu kyn günlerde adamlaryň köpüsi kän işläp ýadaýar we göwnüçökgünlige düşýär. Sizde-de şeýle bolýarmy? (Jogap bersin). Şu paýhasly maslahata üns beriň (Zebur 37:16-ny oka). Mukaddes Ýazgylarda işe, maşgala borçlaryna we dynç alşa wagtymyzy nädip paýhasly sarp etmelidigi barada aýdylýar. Şeýle-de onda iş gözleýänlere maslahat berilýär». (Ýanwar aýynyň «Oýanyň» žurnalynyň ýörite sanyna serediň).